Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi16 Sentýabr, 2015 (19:09)

BölümResmi habarlar

BelliklerOCA

FotogalereýaAziýa Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasy

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasy tamamlandy

2015-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda paýtagtymyzda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasy öz işini tamamlady. Onuň barşynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giň möçberli çärä dünýäniň 80-ne golaý ýurdundan 600-den gowrak wekil gatnaşdy. Onuň barşynda Aziýa yklymynyň esasy sport guramasynyň Utgaşdyryjy, Maliýe we Ýerine ýetiriji komitetleriniň mejlisleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda plenar mejlisi geçirildi.

Baş Assambleýanyň mejlisi Aşgabadyň ýapyk binalarda we söweş sungaty  boýunça paýtagtymyzda ýene iki ýyldan geçiriljek V Aziýa oýunlary üçin gurulýan Olimpiýa şäherinde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 15-nji sentýabrda Baş Assambleýasynyň resmi taýdan açylyşynyň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar Olimpiýa şäherjiginiň çäginde gurlan “Sport” we “Olimpiýa” myhmanhanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Bu binalaryň toý bagyny kesmek hormaty Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha ynanyldy.

Şol günüň ikinji ýarymynda Olimpiýa şäherjigindäki söweş sungaty boýunça sport toplumynyň türgenleşik zallarynyň birinde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň plenar mejlisi öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow açdy.

Dabaranyň barşynda şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah halkara sport hereketiniň ösdürilmegine we ulgamdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşant goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiasiýasy tarapyndan esaslandyrylan ýörite sylagy gowşurdy.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň işiniň jemleýji güni – 16-njy sentýabrda Halkara olimpiýa komitetiniň wekilleriniň, halkara federasiýalaryň, geçen we indi boljak Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetleriniň prezidentleriniň, şol sanda ýapyk binalarda we söweş sungaty bounça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň başlygynyň hasabatlary diňlenildi.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: