Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi17 Ýanwar, 2016 (23:41)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBoks, Hokkeý

Boks we hokkeý boýunça bäsleşikler

Boks we hokkeý boýunça milli derejedäki geçirilen ýaryşlar geçen hepdäniň esasy sport wakalary boldy. Boks boýunça bäsleşikler 1998-1999-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň çäklerinde guraldy, hokkeý boýunça ýaryşlarda bolsa 2015-2016-njy ýyllaryň möwsüminde ýurdumyzyň çempionatynyň birinji aýlawynyň oýunlaryndan soňra öňdebaryjy topar kesgitlenildi. 

Sport baradaky döwlet komiteti we Boks boýunça milli federasiýanyň guramagynda boksçylaryň arasyndaky bäsleşikler paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda geçirildi. Ýetginjek boksçylaryň arasynda iň güýçlileri kesgitlemek ugrunda ýürdumyzyň bäş welaýatyndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Jemi sylaglaryň 10 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirildi. 

Paýtagtymyzyň boksçylary gowy netijeleri görkezip, öňdäki 6 ilkinji orunlary eýelediler. Muhammet Muhammedow, Aýmyrat Hojanepesow, Muhammet Berdibaýew, Serdar Amangeldiýew, Nurýagdy Nurýagdyýew we Mustapa Çaryýew ýeňijiler boldular. Olar Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri A.Başyrowdan, Ý.Pazzyýewden, A.Sähedowdan we beýlekilerden tälim alýarlar. Lebap welaýatyndan Serdar Ereşow, Balkan welaýatyndan Taganmyrat Gurbanow, Mary welaýatyndan Baky Toýçyýew we Daşoguz welaýatyndan Begenç Alymow hem birinji orunlara mynasyp boldular. 

Bu ýaryşlarda ýeňiji bolanlar milli ýygyndy toparyň düzümine girip, halkara ýaryşlaryna taýýarlygy dowam etdirdiler. 20-28-nji fewral aralygynda Taýilandda Aziýa çempionaty we güýzde Russiýa Federasiýasynda ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndy topary has jogapkärli halkara ýaryşlarynda çykyş eder we Braziliýanyň Rio-de-Janeýro şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiada – 2016-a ýollanma almak ugrunda bäsleşer. 23-nji martdan 3-nji aprele çenli Hytaýda Aziýa yklymynyň synag ýaryşlary geçiriler. Şonda baýrakly orunlary eýelän boksçylar Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. 4-6-njy orunlary eýelän türgenler bolsa iýun aýynda Bakuwda (Azerbaýjan) Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin ýene-de bir gezek güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar. 

Hokkeý boýunça ýaryşlar paýtagtymyzyň iki buzly meýdançasynda – Gyşky görnüşler sport toplumynda we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň  sport toplumynda geçirilýär. Baýrakly orunlar ugrunda 6 topar – ýurdumyzyň häzirki çempiony “Galkan”, şeýle hem “Şir”, “Oguzhan”, “Nesil”, “Watançy” we “Alp Arslan” toparlary bäsleşýärler. 

Deslapky oýunlar iki aýlawda geçiriler. Olaryň netijeleri boýunça güýçli toparlaryň dördüsi kesgitleniler. Olar çempionatyň baş baýrag ugrundaky ýaryşlary dowam ederler, toparlaryň her biri 5 duşuşyk geçirer. Olaryň ikisi finalda altyn medal ugrunda güýç synanyşar. Şunda toparlaryň biri ýeňiş gazanmak üçin öz bäsdeşini üç gezek utmalydyr. 

Ilkinji aýlawyň oýunlaryndan soň “Galkan” topary öňde barýar, toparyň hokkeýçileri öz esasy bäsdeşi – “Şir” toparyny utdular. Toparlaryň ikisi hem çempionatyň dört tapgyrynyň dowamynda bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolman, her biri 12 utuk toplady. Birnäçe ýagdaýlara görä “Şir” toparynyň hokkeýçileriniň üçüsi oýna gatnaşmady, munuň özi duşuşygyň netijesine gönüden-göni täsir etdi, şonda Türkmenistanyň iki gezek çempiony ynamly ýeňiş gazandy. 

Häzirki wagtda “Galkan” 15 utuk bilen birinji orunda barýar. Ikinji orny “Şir”, üçünji we dördünji orunlary degişlilikde “Nesil” (9 utuk) we “Oguzhan” (6 utuk) eýeleýärler. Diňe bir gezek ýeňiş gazanmagy başaran “Watançy” we häzire çenli utuk alyp bilmedik “Alp Arslan” toparlary soňky orunlary eýeleýärler. 

Türkmen hokkeýçileriniň tomaşaçylary diňe bir owadan oýun bilen däl-de, eýsem netijeler bilen hem begendirýändigini bellemek gerek – birinji aýlawyň oýunlarynda (15 duşuşyk) 219 hokkeý topy geçirildi. Häzirlikçe “Nesil” toparynyň hüjümçisi Pirmämmet Gylyçmämmedow 17 gezek derwezä dürs urup, öňde barýar. Ikinji orunda Baýmyrat Baýmyradow (“Oguzhan”, 15 hokkeý topy), her biri 9 hokkeý topuny geçiren Anatoliý Lýurtaýew (“Şir”) we Pawel Barkowskiý (“Galkan”) üçünji we dördünji orunlary paýlaşýarlar. 

Hokkeý boýunça 2015-2016-nj ýyllaryň möwsüminde geçirilýän Türkmenistaynyň üçünji çempionatynyň ikinji aýlawy 19-njy ýanwarda başlanýar. IIM-niň sport toplumynda “Oguzhan” we “Galkan” toparlary duşuşarlar. Ýurdumyzyň birinjliginiň ýedinji tapgyryndan soň arakesme bolar, sebäbi hokkeýçiler Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan ýaryşlara taýýarlyk görerler. Sekiz toparyň gatnaşjak bäsleşikleri 11-19-njy fewral aralygynda geçiriler. 

 

Habarlar #Boks

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: