Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi21 Ýanwar, 2016 (15:48)

BölümSoňky habarlar

Belliklerküşt

Täze ýylda halkara ýaryşlaryndaky ilkinji ýeňişler

Türkmen küştçüleri täze ýylda ýurdumyzyň türgenleriniň arasynda ilkinjiler bolup dünýä derejesindäki ýaryşlarda özleriniň ýeňişlerini gazandylar. Olar Hindistanyň paýtagty Deli şäherinde geçen halkara grossmeýsterleriniň 14-nji açyk ýaryşynda bir altyn we bir kümüş medal gazandylar. Milli ýygyndymyzyň düzüminde Aşgabat küşt sport mekdebiniň wekilleri tapawutlandylar. 16 ýaşa çenli toparda Allaýar Şirliýew ýeňiş gazanan bolsa, zenan küştçileriniň arasyndaky ýaryşda Annagül Abdyllaýewa ikinji baýrakly orna mynasyp boldy.

Ýaryşa 20-ä golaý ýurddan - Russiýadan, Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki ýurtlardan 1800-den gowrak türgen gatnaşdy. Olar 3 topara bölündiler. Ildeşlerimiz “S” toparda üstünlik gazandylar. Bu toparda türgenleriň 1053-si çykyş etdi.  Şeýle ýaryşlar üçin bu rekord netijedir. Ol küştçüler şweýsar ýaryş usulynda 10 tapgyrda güýç synanyşdylar. 

Açyk ýaryşlarda türgenler ýaş we gender toparlaryna bölünmeýärler. Duşuşyklar diňe garyşyk toparda geçirilýär. Hut şu sebäpli hem, bu gadymy paýhas oýnunyň ýaşajyk ussatlary bolan ildeşlerimiziň, dünýäniň küşt boýunça öňdebaryjy ýurtlaryna wekilçilik eden örän tejrbeli küştçüler bilen bolan duşuşyklarda özlerini iň oňat tarapyndan görkezendikleri hasam begendirýär.

Ýaryşda Allaýar Şirliýew 8 döwde ynamly ýeňiş gazandy we diňe iki duşuşygynda ýeňildi. Ýeri gelende aýtsak, onuň garşydaşlary ýaryşy guraýan ýer eýeleriniň toparynyň wekilleri boldy. Mälim bolşy ýaly, küşt oýnunda hindi usuly häzirki döwürde dünýä ýüzünde iň bir netijeli usul diýlip hasaplanylýar. Muny dünýäniň birnäçe gezek çempiony, watanynda özüniň ýörite işläp düzen usuly boýunça yzygiderli sapaklar geçirilýän müňe golaý küşt mekdeplerini esaslandyran Wişwanatan Anand aýdyň subut etdi.

Ýöne, ýaş küştçi A.Şirliýew hem ýeňşe getirýän islendik oýnuň garşysyna, 64 öýjükli küşt tagtasynda, has netijeli garşylyklaýyn hüjümleri geçirip, ýeňiş gazanmagyň mümkindigini subut etdi. Allaýar oýunda aýlawly alyş-çalşykly usul bilen meýdan artykmaçlygyny gazanmak usulyny üstünlikli utgaşdyrýar. 

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewden tälim alýan, mundan üç aý ozal 12 ýaşyny dolduran aşgabatly ýaş küştçüniň 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýeňiş gazanmagy hem örän bellärliklidir. Hindistanda geçen bu ýaryş Allaýaryň gatnaşan ilkinji halkara ýaryşydyr. Munuň özi bolsa ýetginjek küştçümize täze sepgitlere ýetmek üçin oňat tejribe bolup hyzmat eder. 

Annagul Abdyllaýewa alty döwde ýeňiş gazanyp, iki duşuşykda deň oýnady we iki oýunda utuldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Baýramsähedowyň 16 ýaşly şägirdine, dünýä belli küştçüleriň garşysyna oýnamak ýeňil düşmedi.

Ýöne bu biziň ildeşimiziň howuny basmady. Ol ýaryşlaryň aglabasynda ýeňiş gazanmagy başardy. Aşgabatly bu küştçiniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmak boýunça tejribesi bar. Ol 2014-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň mekdepleriň arasynda medeni-sport gözdengeçirilişinde, milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş edip, toparlaýyn ýaryşlarda altyn medala, şahsy bäsleşiklerde bolsa bürünç medala mynasyp bolupdy. 

Ýöne ol ýaryşda ildeşimiziň garşydaşlary öz deň-duşlary bolan bolsa, Hindistanda geçen grossmeýsterlik ýaryşynda Annagül ýokary halkara derejeli has tejribeli ussatlaryň garşysyna göreşdi. Ol özüniň şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýändigine garamazdan, medallara dalaşgärleriň müňlerçesinden ozup, öňdäki orunlara çykmagy başardy. Zenanlaryň arasynda birinji orny eýelän hindistanly küştçi ildeşimizden bary-ýogy ýarym utuk ozdy.

Birinji derejeli küştçüler Allaýar Şirliýewiň we Annagül Abdyllaýewanyň bu gazanan üstünlikleri, olara “sport ussatlygyna dalaşgär” derejesiniň talaplaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Indi, bu küştçülerimiziň öňünde, fewralda geçiriljek ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşa taýýarlyk döwri başlanýar. Bu ýaryşlaryň netijesinde, küşt boýunça 8-den 18  ýaşa çenli ýaş  toparlarynda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etmek üçin milli ýygyndy toparymyzyň düzümi kesgitleniler. Dünýä çempionaty aprel aýynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçer.

Şeýlelikde, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlary ildeşlerimiz täze ýylda üstünlik bilen başladylar. Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýylda türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 162-sine, şol sanda dünýä we Aziýa çempionatlaryna  gatnaşyp, medallaryň jemi 411-sine mynasyp boldular. Olaryň 143-si altyn, 98-si kümüş we 170-si bürünç medallardyr. Bu görkeziji öňki ýyllara garanyňda rekord netije boldy. 

Bu ýyl türkmen türgenleri üçin öňde duran ilkinji nobatdaky wezipe 2017-nji ýylyň sentýabrynda, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bolup durýar. Bu toplumlaýyn ýaryşyň maksatnamasyna küşt oýny hem girýär. Gadymy paýhas oýny bilen meşgullanýan ussat ildeşlerimiziň iri halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerini hasaba alsak, olaryň Aziýa yklymynda iň ökde türgenleriň hatarynda öňdäki orunlary eýelemegine doly mümkinçilik bar. 

Habarlar #küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: