Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi16 Fewral, 2016 (12:51)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTaekwondo

Türkmen taekwondoçylary Almatyda Aziýanyň çempionatynyň hem-de Italiýada dünýä çempionatynyň medallary ugrunda göreşerler

Marynyň dzýudo we sambo boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebinde taekwondo boýunça (ITF görnüşi) ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi.

Koreý söweş sungaty boýunça bäsleşiklere ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynda çykyş edýän 18 ýaşa çenli türgenleriň 200-e golaýy gatnaşdy. Olar taekwondonyň (ITF) dört görnüşi – şahsy hem-de toparlaýyn maşklar, öz-özüňi goramak boýunça görkezme çykyşlary  we başa-baş tutluşyk ugurlarynda güýç synanyşdylar.

Maryly türgenler altyn medallaryň 16-syna mynasyp bolup, oňat taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Ikinji orny öňdebaryjydan uly tapawut bilen yza galan -- 5 ýeňiş gazanan aşgabatly türgenler eýelediler. Balkan welaýatynyň türgenleri birinji orunlaryň 3-sini eýeläp, üçünji orna mynasyp boldular.

Şu gezekki ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýurdumyzyň milli topary düzüler, ol 25-30-njy mart aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek ýetginjekleriň hem-de ulularyň arasyndaky Aziýa çempionatyna gatnaşar.

Biziň türgenlerimiziň ozal geçirilen şunuň ýaly ýaryşlarda gazanan ýeňişleri olarda üstünlige bolan ynam döredýär. Şol ýeňişleriň hatarynda 2014-nji ýylda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Aziýa çemptonaty bar, şonda türkmen taekwondo ussatlary dürli derejeli medallaryň 15-sini eýelediler. Şol çempionatda maryly türgen Orazmyrat Çaryýew jemi 5 medal (1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç) gazanyp, toparymyzyň ýeňşine uly goşant goşdy. Ýetginjekler toparynda çykyş eden bu türgen Aziýa-2014-iň çempiony diýen ada hem mynasyp boldy.

Geçen ýyl türkmen türgenleri Aziýa we dünýä derejesindäki dürli ýaryşlarda köpsanly medallara eýe bolup, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterdiler. Şunuň  bilen baglylykda, ýurdumyzyň şu gezekki birinjiliginiň guramaçylary halkara sport ýaryşlarynda has tapawutlanan türkmen taekwondoçylary üçin ýörite baýraklary döretdiler. Iň güýçli türgenleriň hatarynda Orazmyrat Çaryýewi (gara guşak, III dan), Goşanýaz Durdyýewi (III dan), Annamyrat Goşanýazowy (II dan) we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gaýgysyz Atabaýewi (II dan) görkezmek bolar, olaryň hemmesi sportuň bu görnüşi boýunça Mary mekdebine wekilçilik etdiler.  

Ýaryşlar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Taekwondo federasiýasynyň (ITF) hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň tälimçileri we belli türgenleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda bu sport guramasynyň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, oňa ýene-de gara guşagyň eýesi (I dan) Meret Rozyýew ýolbaşçylyk eder.

Gazagystanda geçirilen Aziýa çempionatyndan başga-da, türkmen taekwondoçylary sportuň bu görnüşi boýunça Italiýanyň Andria şäherinde sentýabr aýynda  ýetginjekleriň hem-de weteranlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Habarlar #Taekwondo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: