Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Mart, 2016 (18:38)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKüşt

Küşt bilen meşgullanyp başlaýanlar üçin kitap neşir edildi: taryhdan käbir maglumatlar we 300 küşt meselesi

“Sadranç - jadyly oýun”  atly kitap çapdan çykdy. Onuň awtory Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emin we Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň ýolbaşçysy Şöhrat Myratgulyýewdir.

Täze neşir, ilkinji nobatda, bu gadymy oýun bilen indi meşgullanyp başlanlar üçin niýetlenendir. Kitap IX-X asyrlardan, türkmenleriň beýik küştçüsi hökmünde bütin dünýäde şan-şöhrata eýe bolan Abu-Bekir Ibn Ýahýa Muhammet As-Suliniň ýaşap gesen döwründen başlap sportuň bu görnüşiniň ýurdumyzdaky ösüşiniň taryhyny öz içine alýar.

Ýaş okyjylara 64 öýjükli tagtada çylşyrymly meseleleri çözmek teklip edilýär: kitapda dürli küşt meseleleriniň 300-si getirilýär. 

 

Habarlar #Küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: