Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Mart, 2016 (18:41)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKüşt

Ýazky ýaryşlar güýzde Bakuda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmak üçin milli ýygyndyny kesgitlär

Ýokary liga girýän erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatlarynyň netijeleri boýunça 42-nji Bütindünýä küşt olimpiadasyna (Baku,  1-14-nji sentýabr) gatnaşjak milli ýygyndymyz dörediler. Zenanlaryň düzümi mart aýynyň ahyrynda, erkekleriň düzümi bolsa aprelde kesgitleniler.

Şu günler bolsa 8 ýaşa çenli çagalaryň hem-de 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda birinjilikler geçirildi. Çagalaryň bäsleşiginde gyzlar toparynda altyn medallar ugrundaky ýaryşlar has çekeleşikli boldy. Şol ýaryşlaryň netijesi boýunça Aşgabadyň toparyndan Merjen Ilamanowa ýeňiji boldy.

Oglanlaryň arasynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna lebaply küştçi Şageldi Gurbandurdyýew çykdy. 

14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda aşgabatly Azat Nurmämmedowa taý tapylmady. Gyzlaryň arasynda lebaply türgen Jennet Durdyýewa ynamly ýeňiş gazandy.

7-nji martda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýene-de ikisine – 12 ýaşa çenli hem-de 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlara badalga berler.

Aprel aýynda Aşgabatda 6 ýaşa çenli çagalaryň gatnaşmagynda ilkinji milli ýaryşy guramak meýilleşdirilýär. 

 

Habarlar #Küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: