Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi11 Mart, 2016 (10:44)

BölümSoňky habarlar

Belliklerwelosport

Olimpiýa şäherçesi ilkinji ýaryşlary –welosiped ýaryşy boýunça Türkmenistanyň birinjiligini kabul etdi

Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk welotreginde ilkinji ýaryşlar -  Türkmenistanyň welosiped boýunça birinjiligi (trek maksatnamasy) geçirildi. 

Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýardam bermeginde Sport baradaky döwlet komiteti, Welosport federasiýasy we Milli tehniki merkezi tarapyndan guralan ýaryşlara Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň toparlary, jemi 50-ä golaý türgen gatnaşdy. Olar ýaş aýratynlyklary boýunça üçe—16 ýaşa çenli ýetginjekler, 1998-1999-njy ýylda doglan ýaşlar we erkekler düzümi toparlaryna bölündiler. Medallar ugrunda welosiped ýaryşlarynyň trek görnüşleriniňi ikisi – “Git” duran ýeriňden /şahsy ýaryş/ hem-de yzyna düşme görnüşdäki aýratynlykdaky ýaryş boýunça bäsleşildi.

Birinji görnüşde iň oňat sport taýýarlygyny aşgabatlylar görkezdiler. Olar ýaş aýratynlyklarynyň hemme toparynda hormat münberiniň ählisini eýelediler. Iň ýaşlaryň toparynda S.Gylyjow, K.Rejepow we S.Saparow tapawutlandylar. 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda medallary K.Ataýew, B.Seýitnazarow we  O.Gaýipow, erkekleriň düzüminde bolsa A.Hojagulyýew, R.Amangeldiýew hem-de Y.Öwezmyradow paýlaşdylar. 

Trek weloýaryşlarynyň ikinji görnüşinde birinjilik ugrundaky bäsleşige Lebap we Mary welaýatlarynyň toparlarynyň wekilleri goşuldylar. 2000-nji ýylda doglan we ondan ýaşyrak ýetginjekleriň toparynda Türkmenabatdan bolan türgenler U.Huseýnow hem-de G.Jepbarow degişlilikde altyn we kümüş baýragy eýelediler. Maryly welosipedçi A.Hojagulyýewe bolsa erkekler toparyna gatnaşyjylaryň arasynda taý tapylmady. Yzyna düşme görnüşdäki aýratynlykdaky ýaryşda  aşgabatlylar ýeke-täk altyn medaly  18 ýaşa çenli bolan ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda gazandylar. Oňa K.Ataýew mynasyp boldy.

Häzirki ýaryşlary geçirmekde talyp-meýletinçiler işjeň kömek berdiler. Olar geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda işlärler.

13-14-nji martda Aşgabatda giň ulag ýollarynda ýaryşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Ýaryşlaryň birinji gününde oňa gatnaşyjylar Içeri işler ministrliginiň awtosport merkezine ýygnanarlar, ikinji güni bolsa Çandybil we Arçabil şaýollarynyň ugry boýunça ýaryşarlar.  

 

Habarlar #welosport

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: