Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi15 Mart, 2016 (12:09)

BölümSoňky habarlar

Belliklerwelosport

Paýtagtymyzda şosse welosporty boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Köpetdagyň eteginden uzalyp gidýän Çandybil  şaýoly 21 kilometr aralykda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Welosiped sporty boýunça ýaryşa Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän tigir sürüjileriň 50-den gowragy gatnaşdy. Türgenleriň arasynda bellenen  aralygy 31 minut 09 sekuntda geçen Marydan Akmyrat Hojagulyýew iň ýokary tizligi görkezdi.

Murgap jülgesinden bolan türgen geçen dynç günleri trek welosiped ýaryşlary boýunça  Türkmenistanyň birinjiliginde iki ýeňiş -- 4 müň metr aralykda geçirilen şahsy bäsleşikde hem-de “Git” görnüşde (1000 metr) ýeňiş gazandy. Bu ýaryşlar Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde geçirilen ilkinji bäsleşiklerdir. Geljek ýyl bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Şosse welosiped ýaryşlarynda ikinji orny aşgabatly mekdep okuwçysy,  17 ýaşly Kakabaý Ataýew,  üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Yhlas Myradow eýeledi.

Öňümizdäki dynç günleri paýtagtymyzyň  şaýoly ýurdumyzyň güýçli türgenleriniň gatnaşmagynda ýene-de welosiped sporty boýunça  ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüler. Çandybil  we Arçabil şaýollarynda   Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça  milli tehniki merkeziniň bäsleşigi geçiriler. Medallar ugrunda iki görnüşde—şahsy  (10 km) we toparlaýyn  (35 km we 51 km) görnüşlerde bäsleşiler.

Habarlar #welosport

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: