Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi27 Mart, 2016 (05:01)

BölümSoňky habarlar

BelliklerHokkeý

Ýurdumyzyň çempionatynda “Şir” toparynyň hokkeýçileri öňde barýarlar

Hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasyndaky ýurdumyzyň çempionatyna 5 topar - "Galkan", "Şir", "Nesil", "Bürgüt" we "Alp Arslan" gatnaşýar.

"Galkan" bilen "Bürgüdiň" arasyndaky duşuşyk gyzykly hem dartgynly ýagdaýda geçdi. Ýurdumyzyň häzirki çempiony "Galkanyň" ýetginjekler düzümi bu ýaryşda ýeňiş gazanmaga baş dalaşgär hasap edilýär. "Galkanyň" ýaryşyň başynda iki gezek ynamly ýeňiş gazanmagy hem muňa güwä geçýär. Ýöne "Bürgüt" öňdebryjynyň ýeňişli ýoluny bökdemegiň hötdesinden geldi. Rustam Kerimowdan tälim alýan "Bürgüdiň" ýaşajyk hokkeýçileri bu ýeňil bolmadyk duşuşykda 5:4 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Oýun deňeçer ýagdaýda gitdi. Duşuşygyň esasy wagtynyň ahyrynda oýnuň gidişi düýpgöter üýtgedi. Şonda "Bürgüt" hasaby deňlemegi başardy. Duşuşygyň esasy wagty 4:4 hasabynda tamamlandy. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňiji oýundan soňky bullitler (oýunçynyň derwezeçi bilen başa-baş bäsleşigi) arkaly kesgitlenildi. Bu garşy durmakda Ilnar Dowletşin aýgytly goly derwezä geçirmegi başardy.

Netijede, P.Barkowskiý bilen A.Wahowskiden tälim alýan "Galkanyň" hokkeýçileri bu şowsuzlykdan soňra, 7 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Birinji orunda bolsa 9 utuk toplan "Şir", üçünji orunda 3 utuk bilen "Oguzhan", dördünji ýerde 2 utugyň eýesi "Bürgüt" barýar. "Alp Arslan" topary häzirlikçe ahyrky orunda.

29-njy martda Sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň buzly meýdançasynda 5-nji tapgyryň oýunlary oýnalyp, çempionatyň birinji aýlawy tamamlanar. Bu tapgyrda "Şir" bilen "Galkanyň" duşuşygy sport muşdaklarynyň üns merkezinde bolar. Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar ýaryş tertipnamasynyň başyny çekip, altyn medala baş dalaşgär bolar.

Habarlar #Hokkeý

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: