Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi28 Mart, 2016 (16:25)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTaekwondo

Aziýanyň çempionatynda türkmen taekwondoçylary iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldular: iki günde 10 medal

Gazagystanyň Almaty şäherinde geçýän taekwondo boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen taekwondoçylary üstünlikli çykyşlaryny dowam edýärler. Şu gün, ýaryşyň ikinji gününde, ildeşlerimiz erkekleriň we zenanlaryň arasynda şahsy tutluşyklarda ýene üç medal—iki kümüş we bir bürünç medal gazandylar.

On ýedi ýurtdan ýüzlerçe türgeni özüne ýygnan Aziýa çempionatynyň birinji gününde türkmenistanly türgenleriň şahsy we toparlaýyn tuli (toplumlaýyn maşklar) görnüşlerinde baýraklaryň 7-sine (altyn, iki kümüş we dört bürünç medallara) mynasyp bolandyklary ozal habar berlipdi. Şeýlelikde, iki günde ýygyndy toparymyzyň gazanan medallarynyň sany ona ýetdi. Bu görkeziji boýunça ildeşlerimiz iň güýçli toparlaryň öňdäki bäşligine girýär.

Ilkinji nobatda, 57 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolan Goşanyýaz Durdyýewiň üstünligini bellemek gerek. Marynyň 24-nji aýratyn zehinli çagalar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy  Aziýanyň bu çempionatynda has tejribeli türgenler bilen bäsleşige çykdy. Ol ussatlyk we güýç babatynda özünden uly hem-de tejribeli türgenlerden birjik-de pes oturmady. Ildeşimiziň çempionatyň finalyna çykmagy muňa güwä geçýär.

Ýarym finalda Goşanyýaz Hytaýyň ýygyndy toparyndan güýçli garşydaşyny nokaut bilen ýeňdi. Finalda türkmen türgeniniň garşysyna taekwondo söweş sungatynyň watany hasaplanýan Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň türgeni çykdy. Tutluşygyň esasy wagty deň tamamlandy. Goşmaça raunddan soň eminler biragyzdan bolmasa-da ýeňşi G.Durdyýewiň garşydaşyna berdiler. Netijede ildeşimiz kümüş medala mynasyp bolldy. Ýöne köpsanly hünärmenler geljegi uly bolan türkmen taekwondoçysynyň gazanjak esasy üstünlikleriniň heniz öňdedigine ynanýarlar.

Mähri Agaýewa hem bu gün ikinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň taekwondo (ITF) federasiýasynyň tälimçisi hem 51 kilograma çenli agram derejesindäki final tutluşygynda KHDR-yň wekili bilen duşuşdy we iki raundyň netijesi boýunça çekeleşikli göreşde garşydaşyndan ýeňildi.

50 kilograma çenli agram derejesinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Wepa Öwezow bürünç medala mynasyp boldy. 

 

Habarlar #Taekwondo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: