Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi28 Mart, 2016 (17:04)

BölümResmi habarlar

BelliklerKikboks

Rigada geçirilen kikboksing boýunça ýaryşda umumy toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň ýygyndysy birinji orny eýeledi

Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde kikboksing boýunça halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Biziň ildeşlerimiz  alty altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular. Bu bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny almagyny üpjün etdi.

Ýaryşlara 12 ýurtdan – Russiýadan, Şweýsiýadan, Finlýadiýadan, Wengriýadan, Polşadan, Rumyniýadan, Belarusdan we beýleki döwletlerden türgenleriň 150-ä golaý gatnaşdy. Bäsleşikler birnäçe ugurlar  boýunça guraldy. Türkmenistanlylar üç ugur—lou-kik, ful-kontakt we K-1 boýunça tapawutlandylar.

Şameret Hallyýew, Muhammet Altybaýew, Merdan Mämmedow, Şöhrat Ýagmyrow ( Milli sport we syýahatçylyk institutlaryň talyplary), Ramil Kasymow we Ylham Geldimämmedow dürli agram derejelerinde hormatly münberiň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. Ismaýil Ataýew kümüş medaly eýeledi. Ýeňiş gazanan türgenler Aşgabadyň toplumlaýyn sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aleksandr Snagowskiniň, Rejep Hojamämmedowyň, Salyh Mamekowyň, şeýle hem Şöhrat Annamedowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň kikboksçylar ýygyndy topary iri halkara ýaryşlaryna – 8-11-nji aprel aralygynda Antaliýada (Türkiýe) geçiriljek ýaryşa we Dünýäniň kubogy ugrundaky bäsleşiklere taýýarlyk görýärler. Ol Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriler. 

 

Habarlar #Kikboks

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: