Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi30 Mart, 2016 (18:30)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTaekwondo

Türkmen taekwondoçylary - Aziýanyň iň gowy toparlarynyň üçlüginde

Almaty şäherinde taekwondo boýunça ýetginjekleriň we ulularyň arasynda gepçirilen Aziýanyň VIII çempionaty tamamlandy. Onda biziň türgenlerimiz 20 medal eýeläp, ýokary ussatlygyny nobatdaky gezek äşgär etdiler. Gazanylan medallaryň 4-si altyn, 6-sy kümüş we 10-sy bürünç medallardyr. Bu üstünlik Türkmenistanyň ýygyndysyna umumy komandalyk bäsleşikde üçünji ýere düşmäge mümkinçilik berdi.

Bäsleşiklere 17 ýurtdan türgenleriň 1500-e golaýy gatnaşdy. Ýetginjekleriň arasynda taekwondo ýaryşlaryny wagyz etmek we ony ösdürmek maksady bilen, Aziýanyň bu gezekki çempionatynyň guramaçylary onuň maksatnamasyna 11-13ýaşdaky toparlary girizdiler. Ozallar bu ýaryşlara 14 ýaşly ýetginjekler girizilýärdi. Bu bolsa bäsleşiklere gatnaşýanlaryň dürli agram derejelerine we sanawyna oňyn täsinini ýetirdi. Indi toparlaryň hersinden iki türgen bäsleşige göýberilýär.

Türkmen taekwondoçylarynyň ýetginjekler toparynyň düzüminde Marydan Orazmyrat Çaryýewiň bardygyny bellemeli. Ol bäsleşigiň bäş görnüşi boýunça medallar ugrunda güýç synanyşdy. Olaryň her birinde üstünlikli çykyş edip, ol final ýaryşlaryna çykdy. Netijede O.Çaryýew 3 altyn, 2 kümüş baýraklara mynasyp bolldy. Munuň özi Aziýa çempionatyna gatnaşyjylaryň arasynda iň gowy netijedir.

Türkmenistanyň toparynda ýene-de bir altyn medala R.Atanyýazow mynasyp boldy (45 kilograma çenli agaram derejede).  

Aziýa çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndysynyň baýraklara mynasyp bolmagynda Mähri Agaýewanyň hem goşandy bar. Ol geçirilen bäsleşiklerde iki kümüş we iki bürünç medallary eýemelegi başardy.  

Milli taekwondo federasiýasynyň başlygy M.Rozyýewiň pikirine görä, Gazagystanda geçirilen bäsleşikler biziň türgenlerimiziň ussatlyk derejesiniň ýokarlanandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Aziýanyň Nepalda geçirilen bäsleşiginde türkmen türgenleri 15 medala, bu gezekki ýaryşdarda bolsa 20 medala mynasyp boldular.

Türkmen türgenleri ýaryşyň bu görnüşi boýunça ýetginjekleriň we weteranlaryň arasynda şu ýylyň awgustaýynda Italiýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler. Milli ýygyndy toparyň düzümi şu ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Balkan welaýatynyň merkezinde geçiriljek ýurdumyzyň çempionatynyň netijeleri boýunça kesgitlener. 

 

Habarlar #Taekwondo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: