Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi03 Maý, 2016 (16:46)

BölümSoňky habarlar

Belliklerküşt

Türkmenistanyň güýçli küştçüleri Budapeştde geçirilýän “First Saturday” halkara ýaryşyna gatnaşar

Aşgabatda küşt boýunça erkekler ýokary ligasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Medallaryň ählisine Atabaýewleriň belli küştçüler maşgalasynyň wekilleri mynasyp boldular. Halkara ussat Ýusup Atabaýew mümkin bolan 15 utukdan 12 utuk toplap, birinji orny eýeledi. Bäsleşikleriň barşynda ol bir gezek hem utulmady, dokuz döwde ýeňiş gazandy we alty duşuşykda deňme-deň oýnady.

Atabaýewleriň iň meşhury, ýokary küşt derejesine – halkara grossmeýsteri adyna eýe bolan Maksat üçünji orun bilen oňmaly boldy. Türkmenistanyň üç gezek çempiony, Milli sport we syýahatçylyk ýokary okuw mekdebiniň talyby ýeňijiden bary-ýogy 0,5 utuk yza galdy. Altyn medalyň ykbaly doganlaryň  ýüzbe-ýüz duşuşygynda çözüldi, şonda Ýusup deňme-deň oýnanda hem birinjiligi eýeleýärdi, duşuşyk şeýle netije bilen hem tamamlandy we ol ýokary liganyň wekilleriniň arasynda ilkinji gezek ýurdumyzyň iň güýçli küştçüsi diýlip yglan edildi.

Doganlaryň iň kiçisi, sport ussady Saparmyrat Atabaýew 10 utuk bilen bürünç medala eýe boldy.

Şeýle hem küştçüler milli ýygyndy toparyň düzümine girmäge we şu ýylyň sentýabr aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk berýän dördünji we bäşinji orunlar ugrunda güýç synanyşdylar. Atabaýewlerden başga-da, Türkmenistanyň toparyna halkara grossmeýsteri Hanjar Ödäýew we Mergen Kakabaýew girýärler.

Şu aýda (7-17-nji maý) ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň bäşisi Wengriýanyň paýtagty Budapeştde her ýyl geçirilýän “First Saturday” halkara ýaryşyna gatnaşar.

 

Habarlar #küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: