Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi05 Maý, 2016 (23:38)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Çeşme"Türkmenistan".

FotogalereýaAtly ýöriş: Nusaý

500 günlük atly ýörişe badalga berilmegi bilen, Aziada-2017-niň açylmagyna çenli sagadyň wagty yzlygyna hasaplanyp başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli tutuş ýurdumyzy gurşap aljak we paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Aziada-2017-niň açylan gününde tamamlanjak atly ýörişe badalga berdi.

Dabaralar “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda geçirildi.

Şol gün bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, köpsanly türgenler ýygnandylar. Şu ýerde guralan çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza daşary ýurtlardan köp  myhmanlar, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de oňa agza ýurtlaryň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler. 

Şol günki dabara gatnaşýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, belli şahyrlar, alymlar, žurnalistler, talyp ýaşlar bar.

Baýramçylyk geçirilýän ýerde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlarynda, şol sanda sportda Türkmenistanyň ýeten derejesi we üstünlikleri barada gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Esasan-da, Aziada-2017-niň naşyna şekillendirlen önümler. Dürli sowgatlyklar, dokma önümleri, milli nagşy bolan keteniden edilen sowgatlyklar we beýleki harytlar bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan lybaslar, meýletin ýardamçylara niýetlenen ýörite eşikler, ýaryşa girmek üçin niýetlenen petekleriň nusgalary, neşir önümleri möhüm orun eýeledi.

Milli Liderimizi baýramçylyk  meýdançasynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar.

Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnanyň ýanynda atly ýigitleriň 17-si hatara düzüldi. Olar ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça guralýan atly ýörişiň başyny başlarlar. Olaryň arka tarapynda galanyň diwarlarynyň üstünde ýörite gurnalan çanaklarda Olimpiýa ody alawlaýar. Olaryň hersiniň ýanynda bir deprekçi we eli naýzaly sakçy dur. Olar ody goraglaýarlar. Gadymy döwre mahsus lybas geýnen artistleriň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. 

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä  mirasynyň sanawyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen Gadymy Nusaýda Ak pata berilýän atly ýöriş V Aziýa oýunlarynyň ajaýyp badalgasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu atly ýörişiň baý medeniýetimiziň, taryhy-medeni mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, häzirki döwürde gazanýan üstünliklerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň ajaýyp beýanyna öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabaha söz berilýär. Ol bu günki wakanyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli guralýan atly ýörişiň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Türkmenistanda 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanylmagy Aşgabadyň dünýä möçberindäki sport merkezine öwrülmegine kuwwatly itergi berer. Aziýanyň we Okeaniýanyň iň güýçli türgenleriň arasynda geçiriljek ýaryşlara biziň ählimiz—guramaçylar, türgenler, tomaşaçylar bu wakanyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle hem 500 günüň dowamynda bu oýunlaryň başlanmagyna sabyrsyzlygyň has-da artjakdygyny bellemek isleýärin diýip, myhman belledi.

Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş Aziýanyň hem buýsanjydyr diýip, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah nygtady. Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň türgenleri ilkinji bolup bu sport desgalarynda çykyş ederler. 2017-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň wekilleri Aşgabatda bolup, häzirkizaman Türkmenistanda gazanylýan ägirt uly özgertmeleriň şaýady bolarlar.

Şu günki dabara gatnaşyjylaryň ählisini gutlamak bilen, AOG-nyň baştutany milli Liderimiziň tutuş Aziýa sebiti üçin alyp barýan işine ýokary baha berdi we hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň medeniýet, saglyk we sport ulgamyny diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Aziýada we tutuş yklymda ösdürmäge ägirt uly goşantdygyny nygtady.

... Gadymy galanyň basgançaklaryndan deprekçiler düşüp gelýärler. Olaryň yzy bilen ellerinde Nusaý ritonlaryny göterip, şa zenany Tomirisiň döwrüne mahsus zenan lybaslaryndaky beýik börükli gyzlar gelýärler. Olar atlylaryň ýanyna gelip, bu dabaranyň çeper-taryhy keşbini janlandyrýarlar.

Saz  ýaňlanýar. Deprekçileriň sazlaşykly kakuwlary dabara özboluşly depgin berýär. Gadymy döwürde deprekçiler dabaraly çäreleriň, köpçülikleýin guralýan baýramçylyklaryň başyny başlapdyrlar. Olar adamlaryň bitewüligini emele getirip, olaryň belent ruha beslenmegini şertlendirýärler.

Ýetginjek taýçanagy milli Liderimiziň ýanyna getirýär. Döwlet Baştutanymyz taýçanagy mähir bilen sypalap, oňa geljekde sport ýeňişlerini gazanmaga ak pata berýär.

Şol pursatda meýdança Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklary, Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşany çykarylýar, onuň bilen Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakylar. 

Alypbaryjy  joşgunly goşgy setirlerinden soň milli Liderimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan Aziada-2017-niň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli guralýan atly ýörişe gatnaşyjylara Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny gowşurmagy haýyş edýär.

Topardan atly ýigit saýlanyp, döwlet Baştutanymyzyň ýanyna gelýär. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda mähriban Watanymyzyň ýaşyl tuguny gowşurýar.

Soňra alypbaryjy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa komitetleri assosiasiýasynyň  Prezidenti şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan atly ýigide Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny gowşurmagyny haýyş edýär.

Şeýle hem şeýh baýdak bilen bir hatarda,  atly ýigide özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň nyşanyny gowşurýar.

Atlylar elleri baýdakly hormat aýlawyny amala aşyryp, sahnanyň öňünde duran atlylar bilen hatara düzülýärler.

Soňra alypbaryjy ýene-de döwlet Baştutanymyzdan, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentinden atly ýörişe gatnaşyjylara Olimpiýa oýunlarynyň alawyny gowşurmagy haýyş edýär.

Milli Liderimiz atly ýigide Aziadanyň alawyny gowşurdy. Atly beýleki iki atlylara goşuldy. Soňra olaryň yzyna atly ýörişe gatnaşyjylaryň hemmesi düzüldiler.

Atlylar “nusaý” bedewleriniň çeýeligini, owadanlygyny görkezip, dabaraly ýörişe taýýardyklaryny äşgär etdiler.

Milli Liderimizden Aziada -2017-niň oýunlaryna başlamagyna çenli galan wagtyň başlanýandygyny alamatlandyrýan atly ýörişe ak pata bermek haýyş edilýär.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, atly ýigitlere hem-de olaryň ýanynda boljak döredijilik işgärlerine, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine uly üstünlik  arzuw etdi.

Sazyň owazy ýaňlanýar. Şol pursatda bu ýerde oturdylan ägirt uly monitorda sagadyň wagty yzlygyna hasaplap başlaýandygy görünýär. Ol ýerde sagadyň dilleriniň aýlanmagy bilen “500” belgi “499” belgi bilen çalşylýar.

Türkmenistanyň we Aziýanyň  Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny hem-de Aziadanyň alawyny göterip barýan atly ýigitleriň yzyna dabaraly aýdym-sazyň astynda beýleki atlylar düşüp ugradylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek  V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede guraljakdygyna, Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki halkara abraýynyň belende galjakdygyna we tutuş dünýäde sportuň ösdürilmegini şertlendirjekdigine pugta ynamyň nyşany hökmünde doganlarça elleşdiler.

Dabaraly çäräniň baýramçylyk maksatnamasyny ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert dowam etdi. Oňa döwlet Baştutanymyz we Aziýanyň  Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlarynyň 5 hem-de 7 belgileri bilen baglanyşykly nyşanlary pederlerimiziň ähli asylly başlangyçlar üçin oňaýly ýörelgeleri özünde jemleýän dünýä garaýyşlaryndan gelip çykýandygyny belleýär. 

Bäş belgi baryp zoraastriýa dessurlarynda hem möhüm orun eýeläpdir. Şeýle hem ol musulmançylygyň däplerinde has-da ähmiýetlidir. Yslamyň 5 sütüni, musulmançylygyň 5 parz işi, bir günde 5 gezek namaz okamak ýaly ýörelgeler hut şundan ybaratdyr. Gündogarda 5 belgisi dünýäniň döremeginiň we ynsanyň kemala gelmeginiň nyşany hasaplanýar. Şunlukda dünýäniň 5 bölege bölünmegi, 5 hadysa, 5 duýgy we beýlekiler. 7-lik belgi has-da meşhurdyr. Älemgoşaryň 7 reňki, 7 nota, dünýäniň 7 gudraty, 7 günlük hepde ýaly düşünjeler hut gadymy Gündogardan çykypdyr we wagtyň ölçegi hökmünde dünýä ýaýrapdyr.

Şeýlelikde, 17 atlynyň gatnaşmagynda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 500 gün galanda atly ýörişe badalga berilmegi ol ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegine ak pata bolup durýar.

Baýramçylyk dabaralaryny türkmen bedewleriniň we çapyksuwarlarynyň, golaýlaşyp gelýän Aziadanyň we tutuş ýurdumyzyň şanyna feýerwerk bilen jemlendi.

 

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: