Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi16 Maý, 2016 (14:55)

BölümSoňky habarlar

Belliklerkikboks

Türkmen kikboksçylary dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görýärler

Paýtagtymyzyň «Galkynyş» sport toplumynda kikboksingiň «lou kik» bölümi (aýak urgularynyň tilsimleri ulanylýan tutluşyklar) boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň final tutluşyklary geçirildi. Ýaryşyň netijeleri başa-baş göreşiň bu görnüşi boýunça paýtagtymyzyň türgenleriniň ýurdumyzda öňdäki orunlary eýeleýändiklerini ýene bir gezek görkezdi. Olar on iki agram derejeleriniň dokuzysynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Türkmenistanyň Milli kikboksing federasiýasy we Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan çempionatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Aşgabatdan bolan 100-e golaý ezber türgenler ýaryşyň baýraklary ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň baş maksady, 3-nji iýundan 5-nji iýuna çenli Italiýanyň Rimini şäherinde geçiriljek dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşa milli ýygyndymyzyň wekilleriniň taýýarlyk derejesini barlap görmekden ybarat boldy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hem-de milli ýygyndymyzyň baş  tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri, aşgabatly türgenler Hudaýguly Kömekow, Şameret Hallyýew, Pygy Sylabow, Şöhrat Hallyýew, Merdan Mämmedow, Şöhrat Ýagmyrow we Ylham Geldimämmedow dagy dürli agram derejelerinde altyn medallaryň ýedisine mynasyp boldular. Şeýle hem paýtagtymyzyň toparyndan Roman Umirowyň şägirdi Goçmyrat Jumanyýazow hem-de Gurban Çaryýewden tälim alýan Serdar Mämmedow ýeňiş gazandylar.

Çempionatyň beýleki üç medalyny Lebap welaýatynyň toparynyň wekilleri eýelemegi başardylar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýusup Haýydow bilen Kuwwat Gurbanowyň şägirtleri Farhat Döwletnazarow, Şöhrat Pirimanow hem-de Azamat Jumagulyýew hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Türkmenistanyň Milli kikboksing federasiýasynyň başlygy Halmyrat Izmaýlowyň aýtmagyna görä, başa-baş söweş sungatlarynyň bu görnüşiniň türkmen mekdebiniň çempionatdan çempionata gitdigiçe kämilleşip barýandygy äşgär görünýär. Halkara derejesindäki iri ýaryşlarda yzygiderli ýokary netijeleriň gazanylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Diňe şu ýylda kikboksçylarymyz Rigada (Latwiýa) we Antaliýada (Türkiýe) bolan ýaryşlarda jemi 13 medal—sekiz altyn, iki kümüş we üç bürünç medal gazandylar.

Şeýle ýokary netijeler Italiýada geçjek Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşda hem türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. Dünýä derejesindäki şeýle uly ýaryşlara gatnaşmak biziň kikboksçylarymyza ussatlyklaryny ýokarlandyrmak babatynda hem zerur bolup durýar. Çünki geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça    V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna kikboksing boýunça ýarryşlar hem girýär.

Şeýle hem sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ussatlarymyz sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek «K-1» ugry boýunça Aziýanyň çempionatynda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler. Geljek ýylyň ýanwar aýynda bolsa paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde kikboksing boýunça halkara synag ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýaryşa diňe bir Aziýadan däl-de Okeaniýadan hem iň gowy türgenler gatnaşarlar.

Habarlar #kikboks

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: