Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi21 Maý, 2016 (00:54)

BölümSoňky habarlar

Belliklerküşt

Küşt: geljekki çempionlaryň mekdebi

Şu günler Nýu-Deli /Hindistan/ şäherinde geçen Aziýa çempionatynda Aşgabatdan sport ussady Jemal Öwezdurdyýewa tiz oýnalýan ýaryşda dördünji orny eýeledi. Ýurdumyzyň häzirki çempiony medala ýetmekden bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. Abraýly sport forumynyň baýraklary ugrunda ýigrimä golaý ýurtdan 40-dan gowrak türgen güýç synanyşdy. 

Häzirki wagtda türkmen küştçileri şu ýylyň esasy wakasyna—güýzde Azerbaýjanda geçiriljek Bütindünýä Olimpiada taýýarlyk görýärler. 

Şunuň bilen birlikde Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde 6 ýaşa çenli çagalaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi. Ýedi tapgyrda şweýsar ulgamy boýunça geçirilen ýaryşlara ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň toparlaryna wekilçilik edýän ýaş türgenleriň 30-sy gatnaşdy.

 

Habarlar #küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: