Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi07 Iýun, 2016 (23:38)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKikboks

Türkmen kikboksçylary Italiýada geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşdan dokuz medal getirdiler

Şu gün kikboksing boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşdan dolanyp geldi. Bu ýaryşda olar medallaryň dokusyzyny – altyn, kuümüş we bürünç medallaryň hersinden üçüsini gazanyp, örän oňat netijä eýe boldular.

Hormatly baýrak ugrunda 30-dan gowrak 1800-e golaý türgen bäsleşdi.

Şu ýyl Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri Italiýada geçen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşdan başga-da, ýene-de ýaryşlaryň ikisinde – Latwiýanyň paýtagty Rigada hem-de Türkiýäniň Antaliýa şäherinde tapawutlandy. Olarda jemi 13 medal – 8 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. 

Habarlar #Kikboks

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: