Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi01 Iýun, 2016 (13:42)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

FotogalereýaAtly ýöriş: Ýerbent

Atly ýöriş: Atly ýigitler Ýerbentde

Merkezi Garagumuň jümmüşindäki obalaryň ýene birinde — Ak bugdaý etrabynyň Ýerbent obasynda Aziada — 2017 mynasybetli geçirilýän atly ýörişe gatnaşyjylary dabaraly garşylamak çäresi boldy. Giň çöl sährasyndaky dabaranyň Türkmen halysynyň baýramyna gabat gelmegi bu çärä ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Çarwa ilatdan başga-da, dabara gatnaşmaga welaýatyň ýakyn-u-daş etraplaryndan dili senaly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, ýaşlar, çeper elli halyçy gelin-gyzlar, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri ýygnandylar. Aýdym-sazyň joşgunly owazlary, şirin mukamlar ir säherden baýramçylyk lybasyna geýnen giň sährany alaýaza besledi.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny, Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny göterip, atly ýörişiň öňüni çekip gelýän atly ýigitler bellenen ýerde, türkmeniň myhmansöýerlik däbine eýerilip, duz-çörekli garşylandy. Salamlaşylyp, hal-ahwal soraşylandan soňra ýaşuly nesliň baş bolmagynda atly ýörişe gatnaşyjylar esasy sahnada ýaýbaňlanan aýdym-sazly çykyşlary diňlediler, gadymy türkmen obasyny alamatlandyrýan ýerdäki tomaşalary synladylar. Biri-biri bilen ýanaşykda hatara guralan ak öýleriň daş-töweregindäki tomaşalar çöl sährasynyň tebigy şertlerini, şeýle-de çarwa durmuşyny alamatlandyrýan görnüşler bilen sazlaşyp, täze taryhy döwürde milli däp-dessurlara, urp-adatlara gyşarnyksyz eýerilýändigi, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, mirasymyza çäksiz sarpa goýulýandygy bilen baglanyşykly hakykaty aýdyň ýüze çykardy.

Atly ýörişe gatnaşyjylar ol ýerdäki tomaşalara çäksiz gyzyklanma bilen syn etdiler. Dutarçy we gyjakçy bagşylaryň, läle kakýan, milli öwüşginli aýdymlary aýdýan gyzlaryň, üme däbini ýerine ýetirýän gelin-gyzlaryň çykyşlary, tara, haly dokaýan, keçe gülleýän zenanlaryň el hünäri hemmeleriň ünsüni çekdi.

Arkadag Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işinde beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriniň sergisiniň guralyp, dermanlyk ot-çöplerden taýýarlanylan melhemli içgilerden hödür-kerem edilmeginiň oňa gatnaşyjylara has-da özboluşly duýgulary peşgeş berendigini aýratyn bellemek gerek. Atly ýigitler Merkezi Garagumuň jümmüşinde ösýän dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetli aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. Bu ýerde olara awçylyk sungatynyň aýratynlyklary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredi. Olar welaýatyň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň giňden ýaýbaňlanan sergisiniň çäginde aw guşuny we tazyny synlap, olar bilen aw etmegiň aýratyn taraplary hakyndaky gürrüňleri diňlediler.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli gadymy Nusaý galasyndan badalga alan atly toparyň agzalary —ruhubelent ýigitler çagalaryň dürli oýunlary oýnap duran pursatlaryny synlamaga, körpeler bilen söhbetdeş bolmaga hem mümkinçilik aldylar. Şondan soňra ajaýyp tomaşalardan, hezzet-hormatdan göwünleri galkynan ýörişe gatnaşyjylar ol ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, ýoluny çöl jümmüşi bilen dowam etdiler.

 Atly ýörişe gatnaşyjy ýigitleriň biri Toýly Çaryýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Paýtagtymyzdaky iri ýaryşlara 500 günüň galmagy mynasybetli badalga alnan atly ýörişe gatnaşýandygym üçin özümi örän bagtly saýýaryn. Bu ýöriş Aziada—2017-niň nyşanyna öwrülen ahalteke atlarymyzyň ýyndamlygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Howa şertlerine garamazdan, gamyşgulak bedewler Garagumuň jümmüşiniň beýikli-pesli gum depelerinde, giň sähralykda öz ýyndamlygyny görkezýärler. Çöl jümmüşi bilen Ýerbende gelýärkäk, ýolugra çopan goşuna, çarwa maşgalalaryna duşmak, olarda myhmançylykda bolup, söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Şonda çarwa durmuşyna mahsus özboluşly däp-dessurlar bilen tanyşmak, gum tebigatyna belet ýerli ýaşaýjylaryň deri eýlemek, ýüp işmek, içmek tikmek, mal alyklamak, düýe howutlamak ýaly däpleriň aýratynlyklary, ojar otda gaýnadylan gök çaýyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňlerini diňlemek gyzykly boldy. Atly topar ýörişi dowam etdirýärler. Biz hem olara ak ýol arzuw edýäris.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: