Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi08 Iýun, 2016 (13:52)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

FotogalereýaAtly ýöriş: Babarap

Atly ýöriş: Gadymy Babarap obasy atlylary garşylady

Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny we Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny uly buýsanç bilen göterýän 17 atlydan ybarat topar Gökdepe etrabynyň Babarap obasyna geldi. Bu waka şatlyk-şowhuna beslendi. Gadymy Babarap obasynyň ýaşaýjylary, şeýle-de welaýatyň dürli ýerlerinden gelen dili senaly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, ýaş nesliň wekilleri we beýleki bagtyýar raýatlar olary garşylamak üçin ir-säherden oba barýan köpugurly köprüli ýoluň ugrundaky ak mermerli derwezäniň ýanyna ýygnandylar. Baýramçylyk lybasynda owadan görnüşde bezelen bu ýere ýygnananlaryň ýüzlerinde şatlyk we begenç duýgularynyň uçganaklaýandygyna aýdyň göz ýetirmek kyn däldi. Munuň esasy sebäbini bagtyýarlyk döwrümizde Aziada—2017-niň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewlerine bimöçber sarpa goýulýandygyna, gamyşgulak bedewlerimiziň geçmiş taryhymyzda, bu gadymy obanyň ýaşaýjylarynyň durmuşynda aýratyn orun eýeländigine, milli sportumyzyň abraýynyň belende göterilýändigine bolan buýsanç duýgusy hökmünde düşündirmek bolar. Bilşimiz ýaly, Paryzdepäniň töwereginiň gurşap alan obalaryň biri bolan gadymy Babarap obasynyň örän baý taryhy bar. Geçmişde bu ýerde atçylyga aýratyn ähmiýet berlipdir.

Obada meşhur atşynaslaryň, seýisleriň nesilleri ýaşapdyr. Arkadag Prezidentimiz şu ýylyň 19-njy martynda Paryzdepede bolanda, hut şu ýerde örän owadan, güýçli we çydamly, ýelden ýüwrük, eýesine wepaly ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilendigi hakda aýratyn nygtapdy. Bu hakykaty taryhy maglumatlar, dürli çeşmeler hem subut edýär. 1964-nji ýylda çap edilen “Atçylyk we seýisçilik” atly okuw kitabynda Babarap obasynda ýetişdirilen Meleke atly altynsow-mele bedew barada aýratyn gürrüň edilmegi bellärliklidir. Onda bu atyň ölçegleri dünýä atşynaslyk ylmynda soňky döwürde geçirilen deňeşdirmelerde ahalteke bedewiniň çelgisi hökmünde ulanylmagy köp zatlardan habar berýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde gadymy Gökdepe ýadygärliginde ýüze çykarylan, miladydan öňki VI—V asyrlara degişli altyn heýkeljik bolsa ahalteke bedewiniň gözelligini inçelik bilen beýan edýär. Galyberse-de, Paryzdepäni etekläp oturan Babarap obasynda zähmetsöýer daýhanlaryň, bagbanlaryň, kärizgenleriň nesilleriniň ýaşandygyny bellemek gerek. Dürli maglumatlara görä, köne Babarap obasynyň ýüzlerçe gektara ýaýylyp gidýan çemenzarlykly baglyklary, gök ekerançylyk ýerleri bolupdyr... Ekinzarlyklarda bugdaý, arpa ekilipdir, alma, üzüm, garaly, ülje, armyt ýaly miwe baglary ýetişdirilipdir. Alma, üzüm ýaly miwe baglardan ybarat çarbaglyklar aýratyn agdyklyk edipdir. Üzümiň dagtokga we halyly almanyň birnäçe örän datly görnüşleri has alys ülkelerde hem uly meşhurlyk gazanypdyr, olara isleg diýseň ýokary bolupdyr. “Babarap almasy”, “Babarabyň üzümçiligi” ýaly jümleler ildeşlerimiziň arasynda häli-häzirem köp eşidilýär.

Häzirki döwürde Arkadag Prezidentimiziň paýhasyndan barha özgerýän Babarap obasynyň ýaşaýjylarynyň ruhlary belent. Olar obanyň geçmiş taryhyna buýsanmak bilen, eziz Diýarymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler, beýik özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar. Bu hakykat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan atly ýörişe gatnaşyjylaryň Babarap obasynda garşylanyş dabarasynda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy.

Atly ýigitler Babarap obasynyň derwezesiniň öňünde duz-çörekli garşylandy. Olar atdan düşüp, asylly däbe eýerip, ýaşuly nesliň wekilleri bilen salamlaşdylar, duz-çörekden datdylar, hal-ahwal soraşdylar. Bu ýerde myhmanlar edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler, millilige ýugrulan joşgunly çykyşlary synladylar. Soňra olar oba tarapa ugradylar. Obadaky dürli maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň başlanýan ýerinde myhmanlary welaýatyň tanymal türgenleri garşyladylar. Atly ýörişe gatnaşyjylar Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny, Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri bolan türgenlere gowşurdylar. Ahally türgenler bolsa olary uly buýsanç bilen eline göterip, ýörişiň başyny çekdiler. Bu görnüş kalplary heýjana getirdi. Gadymy obanyň täze taryhy döwürdäki nurana keşbini synlamak hemmeler üçin juda ýakymly boldy. Bilşimiz ýaly, Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki obalary ýaly, Babarap obasy-da barha gözelleşýär. Bu gün obadaky Toý mekany, söwda merkezi, saglyk merkezi, medeniýet öýi, sport toplumy, sport mekdep-internaty, çagalar bagy, orta mekdep, oba Geňeşiniň edara ediş jaýy hem-de beýleki desgalar ajaýyp binagärlik keşbi bilen hemmeleriň gyzyklanmasyny artdyryp, obanyň görküne görk goşýar.

Atlylar 1500 orunlyk sport toplumynyň öňünde hem saklandylar. Bu ýerde dabaranyň esasy çäreleri ýaýbaňlandy. Meýdançada ýaş türgenleriň sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary ünsi has-da özüne çekdi. Sport zallary bilen tanyşlykdan soňra, hemmeler toplumyň ýaşyl meýdançasyna bardylar. Ol ýerde myhmanlaryň Babarap obasyna gelmeginiň şanyna şowhunly konsert boldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly, tans çykyşlary ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary bilen özara sazlaşygy döretdi. Welaýatyň tanymal türgenleri dabaraly ýöriş etmek bilen, sportda gazanan üstünliklerini görkezdiler. Ýaşyl meýdançanyň merkezinde ak geýimdäki ýaşlaryň emele getiren “Aziada — 2017” diýen ýazgy özünde ajaýyp many öwüşginini jemledi.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: