Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi18 Iýun, 2016 (14:43)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

FotogalereýaAtly ýöriş: Baharly

Atly ýöriş: Baharly etraby ruhubelentlige beslenýär

17 atlydan ybarat bolan topar öňňin Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň merkezine geldi. Şu mynasybetli etrap merkezinde uly toý tutulyp, ýörişe gatnaşyjylar dabaraly garşylandy.

Ýurdumyzyň bu künjegi — Baharly etraby dag eteginde ýerleşmek bilen, geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan keramatly ýerleriň ençemesini özünde jemleýär. Bu töwereklerde ir döwürlerden keramatly hasap edilýän mineral suwly çeşmeler az däldir. Olar belli şahslaryň adyny göterip, il arasynda uly meşhurlyga eýedir. Arçman çeşmesi hem muňa aýdyň mysaldyr. “Köwata” ýerasty köli hem ýörite agzalmaga mynasypdyr. Etrabyň çägindäki “Arçman”, “Ýyly suw” ýaly şypahanalary bu günki gün bütin dünýä bellidir hem-de olarda döwrebap hyzmatlar ýola goýlandyr. Etrabyň çäginde ekerançylyk ösüpdir. Dag etegindäki ýapgyt düzlüklerde gazylan kärizler arkaly ýerasty suwlar ýygnalypdyr hem-de ençeme kilometre uzalyp gidýän akabalar arkaly ekerançylyk ýerlerine akdyrylypdyr. Etrapda gadymdan galan daýhançylyk kesp-käri häzirki wagtda-da üstünlikli dowam etdirilýär. Daglyk ýerlerdäki hek daşlary we çäge gurluşyk senagatynda gymmatly çig mal hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, bu ýerde Baharly sement kärhanasy guruldy hem-de onuň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanan gurluşyklarda işjeň peýdalanylyp gelinýär.

Baharly etraby geçmişde dünýä belli owadan we ýyndam ahalteke atlarynyň, şeýle-de nepis halylaryň mekany hökmünde meşhur bolupdyr. Bu ýerde belli atşynaslardyr halyçylaryň nesilleri ýaşapdyr. Baharly atçylyk toplumynyň döredilmegi, Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň gurulmagy hem-de indi ençeme ýyllardan bäri hereket etmegi hem bu hakykaty aýdyň subut edýär.

Ine, Aziada—2017-ä bagyşlanyp geçirilýän atly ýörişe gatnaşyjylar Baharly etrabynda aýratyn ruhubelentlikde garşylandy.

Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny, Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny uly buýsanç bilen göterip gelen atlylary dabaraly garşylamak çäresi etrap merkeziniň görküne görk goşup oturan ak mermerli medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Etrabyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly mährem eneler, ýaşlar atly ýigitleri duz-çörekli garşyladylar. Olar ýaşulular bilen salamlaşyp, duz-çörekden dadanlaryndan soňra, ak öýleriň daş-töwereginde ýaýbaňlanan tomaşalary synladylar. Körpeleriň milli oýunlary oýnap duran pursatlary, etrabyň çeper elli halyçy gyz-gelinleriniň haly dokap oturyşlary, üme däbini ýerine ýetirişleri, läle kakyp aýdym aýdyşlary, eneleriň keçe salyp duruşlary myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ol ýerde milli “Ak bugdaý” muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi  guraldy. Bu ýerdäki tomaşalar esasy sahnadaky aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, döwrebap äheňli tanslary ýürekleri heýjana getirdi. Şeýle göwüngöteriji ruhubelentlikden soňra ýörişe gatnaşyjylar ýene atlaryna atlanyp, ýoluny meşhur “Ýyly suw” şypahanasyna tarap dowam etdiler. Olar ýolugra döwrebap sport mekdebiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan çykyşlary synladylar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, türkmen sportunyň waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar bu ýerdäki şüweleňe özboluşly many goşdy. Welaýatyň tanymal sportçulary ýörişe gatnaşyjylary döwrebap sport mekdebiniň işi bilen tanyşmaga çagyrdylar. Olar mekdebiň giň eýwanynda welaýatyň türgenleriniň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergini, dürli sport zallarynda ýaşlaryň türgenleşik geçip duran pursatlaryny höwes bilen synladylar hem-de sportçular bilen gürrüňdeş boldular. Mekdepde türgenleşik geçmäge, dürli ýaryşlary guramaga hem-de sportda taplanmaga döredilen şertlerdir mümkinçilikler myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Sport mekdebi bilen tanyşlykdan soňra, ýörişe gatnaşyjylar “Ýyly suw” şypahanasyna tarap ýoluny dowam etdiler. Şypahana barýan ýoluň iki tarapyny dolduryp duran, elleri ýaşyl baýdakly ak ýektaýly saglygy goraýyş işgärleri myhmanlary uly şowhun bilen garşyladylar. Atly ýigitler şypahananyň ak mermerli binasynyň öňündäki aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenlerinden soňra, desganyň içine aýlanyp gördüler. Bu ýerde olara hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işinde beýan edilýän dermanlyk ot-çöplerden taýýarlanan melhem içgiler hödür edildi, bejeriş otaglarynyň mümkinçilikleri görkezildi.

Atly ýörişe gatnaşyjylar ýoluny degişli ugur boýunça dowam etdirýärler.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: