Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi26 Iýun, 2016 (19:47)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Aziada-2017-niň hormatyna geçirilýän atly ýörişi Balkan welaýaty kabul edýär

Aziada-2017 mynasybetli guralýan 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar Balkan welýatynyň çägine baryp ýetdiler. Serdar etrabynda, köpsanly rowaçtlar bilen baglanyşykly Parawbibi taryhy-medeni ýadygärligiň golaýynda atly ýigitleri dabaraly garşylamak çäresi guraldy.  

5-nji maýda gadymy Nusaý galasynyň diwarlarynyň ýanyndan badalga alan atly ýörişe gatnaşyjylary garşylamak dabarasynyň ilkinjisi 15-nji maýda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň esasy derwezesiniň öňünde boldy. Hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar ýigitleri duz-çörek bilen garşyladylar. Olary türkmenleriň beýik ata-babalary Oguzhan, Görogly, Çagryl beg, Togrul beg, Magtymguly mübäreklediler. Olaryň keşplerini Kaka etrabynyň teatr studiýasynyň artistleri ýerine ýetirdiler. Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky  Medeniýet köşgünde uly konsert guraldy. Obanyň sport toplumynda dürli ýaryşlar hem-de milli oýunlar geçirildi.

20-nji maýda irden 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylaryň 17-si Türkmenistanyň  we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklary hem-de oýunlaryň alawy bilen Gökdepe etrabynyň Derweze obasyna geldiler.

Guramaçylar atly ýörişe gatnaşyjylary gumda garşylamak üçin Ahal welaýatynyň iň gowy döredijilik toparlaryny çagyrdylar. Artistler, tansçylar we aýdymçylar gyzykly aýdym-saz – etnografiki çykyşy hödürlediler. Oňa folklor aýdym-saz sahnalary, halk senetçiliginiň sergisi, dürli milli oýunlar hem-de milli tagamlary hödürlemek çäresi girdi. Özboluşly tansly çykyş maldarlara bagyşlandy.  Çopan we onuň bedewi tansyň esasy gahrymanlarydyr, olarsyz oba durmuşyny göz öňüne getirmek kyn.

25-nji maýda irden Merkezi Garagumyň jümmüşinde behişdi bedewlere atlanan çapykçuwarlaryň 17-si göründi. Olar Içoguz demir ýol menziliniň ak mermerli binasyna tarap dabaraly hereket edip gelýärdiler. Şol ýerde olary töwerekdäki obalaryň ýaşaýjylary garşyladylar. Bu ýerdäki desga birsalym şatlykly baýramçylyk üçin ägirt uly sahna öwrüldi, myhmansöýerlik, dostlar üçin açyk bolan türkmen obasy bolsa  onuň bezegine öwrüldi.

Myhmanlary köpöwüşginli gündogar bazary garşylady, bu ýerde senetçileriň ussahanalary hem-de olaryň önümleri, ajaýyp halylar, şaý-sepler, milli nagyşlar peýda boldy.  Bagşylaryň aýdymlarybelentden ýaňlandy, pälwanlaryň tutluşygy hem-de şadyýan milli oýunlar ýaýbaňlandyryldy,  ussat zenanlar kürte, tahýa, köýneklere salynýan nagyşlary döredýärler, kimdip biri bolsa ýüpek mata ýa-da haly dokaýar, beýlekiler keçe döredýärler. Bularyň ählisi şadyýan aýdymlar, degişmeler bilen utgaşyp gidýär.

Atly ýöriş Ahal welaýaty boýunça ýoluny dowam etdi. 30-njy maýda Ýörişe gatnaşyjylary Ýerbent obasynyň ýaşaýjylary garşyladylar. Olaryň hormatyna guralan sungat ussatlarynyň uly konserti baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi. Açyk asmanyň astyndaky sahnada Ahal welaýatynyň ussat artistleri, folklor we tans toparlary, estrada aýdymçylary çykyş etdiler.

Merkezi Garagumda ýöriş tamamlanandan soň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna guralan atly ýörişe gatnaşyjylary Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň ýaşaýjylary garşyladylar. Soňky ýyllarda obanyň keşbi özgerdi. Bu ýerde geňeşligiň, Medeniýet öýüniň, söwda merkeziniň we saglyk merkeziniň ak mermerli döwrebap binalary, mekdepler we çagalar bagy, şeýle hem “Toý mekany”,sport toplumy, Aşgabat ýolunda estakada köprüsi we beýleki desgalar guruldy. Ýigitler estakada köprüsiniň üsti bilen Oguzhan Türkmeniň we onuň ogullarynyň ägirt uly heýkel kompozisiýasy ýerleşdirilen giriş derwezesine bardylar.

Häzirkizaman türkmen obasynyň dolandyryş merkezi kemala gelýän Babarabyň meýdançasynda ýigitleri döredijilik hem-de çagalar toparlary köp öwüşginli teatrlaşdyrylan çykyşlary bilen garşyladylar. Aýratyn hem kyrk dutarçynyň çykyşy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar diňleýjileri türkmen halk sazynyň özboluşlylygy, dutaryň ýakymly we gaýtalanmajak owazy bilen haýran galdyrdylar.

12-nji iýunda atly ýörişe gatnaşyjylary Baharly etrabynyň ýaşaýjylary dabaraly ýagdaýda garşyladylar. Duşuşyk meşhur Köwata ýerasty kölüniň ýanynda bolup geçdi. Şol ýerde türkmen halkynyň gadymy durmuşyny beýan edýän ak öýlerden etnografiki türkmen obasy döredildi. Ýerli ýaşaýjylar gadymdan bäri bu kölüň melhemlik häsiýetlerini bilýärler. Rowaýatlara görä, Köwatada adamlar dürli kesellerden saplanypdyr. Ussat we höwesjeň artistler, meşhur folklor toparlary özleriniň sungaty bilen ýigitleri garşylamak dabarasyny baýramçylyga öwürdiler. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, halk senetçiliginiň önümleriniň sergisi guraldy. Şol wagt Köwatada gezelençde bolan daşary ýurtly syýahatçylar hem bu dabaralara gatnaşdylar.

16-njy iýunda irden atly ýörişe gatnaşyjylary Baharly şäheriniň ýaşaýjylary garşyladylar. Ýigitler “Ýyly suw” şypahanasyna hem-de täze soirt mekdebine baryp gördüler. Döwrebap şypahana täsin melhemlik häsiýetine eýe bolan çeşmäniň golaýynda guruldy. Halk arasyndabu çeşme “Ýyly suw” diýlip atlandyrylýar.

Atly ýörişe gatnaşyjylar 350 orunlyk täze sport mekdebinde döredilen şertlere ýokary baha berdiler. Onda gandbol, woleýbol, basketbol üçin giň zal esasy orny eýeleýär, göreş üçin meýdançalar, boks we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin niýetlenen zal, uly we oňat enjamlaşdyrylan trenažýor zaly aýratyn ýerleşýär.

Ýigitler ýaş türgenleriň mekdebiň öňündäki meýdançadaky görkezme çykyşlaryna, köp öwüşginli aýdym-saz kompozisiýasyny taýýarlan artistleriň hem-de tans toparlarynyň ussatlygyna mynasyp baha berdiler. Şol çykyşlarda türkmen halkynyň taryhy geçmişi hem-de häzirki eýýamyň täze alamatlary öz beýanyny tapdy.

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: