Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Göreş we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde türkmen pälwanlary 25 medal gazandylar

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Aziýanyň çempionaty badalga aldy. Halkara ýaryşyna 16 ýurtdan - Hytaýdan, Malaýziýadan, Singapurdan, Bahreýnden, Yrakdan, Eýrandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan 300 türgen gatnaşýar.

Ýaryşyň ilkinji güni pälwanlar erkin usulda çykyş etdiler. Bu görnüş boýunça türkmenistanly türgenler jemi 25 medal—12 altyn, 10 kümüş we 3 bürünç  medala eýe bolup, garaşylyşy ýaly örän ýokary netije görkezdiler. Bu görkeziji Türkmenistanyň ýygyndy toparyny umumy toparlaýyn hasapda birinji orna çykarýar.

Ähli agram derejelerinde diýen ýaly pälwanlarymyzyň doly artykmaçlygy ýüze çykdy. Final tutluşyklarynda diňe türkmenistanly türgenler bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda agramlary 52 kilograma çenli pälwanlaryň arasynda aýgytly tutluşykda, göreş boýunça 2015-nji ýylda geçen dünýä çempionatynda bürünç medaly eýelän halkara derejeli sport ussady Laçyn Badaglyýewa bilen Gülfiýa Jumaýewa duşuşdylar. Arassa ýeňiş hasap edilýän emel bilen garşydaşyny ýagyrnysynyň üstüne zyňyp, Aziýa çempionatynyň altyn medalyna Laçyn Badaglyýewa mynasyp boldy. G. Jumaýewa bolsa kümüş medal gazandy.

100 kilogramdan ýokary, agyr agramda türkmen pälwanlaryň arasynda final tutluşygy tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu agramda ýaryşyň baş baýragy ugrunda dünýäniň iki gezek çempiony, halkara derejeli sport ussady Rejepaly Orazalyýew bilen Annamyrat Myradow bäsleşdiler.

Çekeleşikli geçen tutluşykda R. Orazalyýew kynlyk bilen, ýöne owadan ýeňiş gazandy.

Şeýle hem hormat münberiniň degişlilikde birinji we ikinji basgançaklaryna —Ýakupnazar Ýakubow we Allanur Goçow (57 kg çenli), Arslan Hojamberdiýew we Ysmaýyl Orazow (62 kg çenli), Hangeldi Allakow we Döwletgeldi Berdiýew (68 kg çenli), Jangeldi Medow we Bekmyrat Baýdurdyýew (75 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew we Kerim Rejebow (100 kg çenli), Zöhre Mädreýimowa we Zarina Abdyrahmanowa (58 kg çenli), 2012-nji ýylda Londonda geçen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy Gülnar Haýytbaýewa we Dinara Hallyýewa (63 kg çenli) galdylar.

Bulardan başga-da ýygyndy toparymyzyň düzüminde Toýlymyrat Aýazow (82 kg çenli), Rano Uzakowa (70 kg çenli) hem-de Maksuda Egenberdiýewa (70 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. 18-ýaşly Hanmuhammet Patdyýew (90 kg çenli) kümüş medala mynasyp boldy. Bäşim Aýazow (90 kg çenli), Nasiba Surkiýewa (70 kg çenli) we Jahan Muhammedowa (70 kg-dan ýokary) bolsa bürünç medaly eýelediler. Daşary ýurtly türgenlerden diňe  gyrgyzstanly türgen  N. Kožobekow (90 kg. çenli) ýeňiş gazandy.   

Şeýlelikde, Aziýanyň çempionatynyň birinji güni tamamlandy. 27-nji iýunda türkmen göreşi boýunça ýaryşlar nusgawy görnüş boýunça dowam eder.

Habarlar #Guşakly göreş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: