Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Türkmenistanyň ýygyndy topary göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda birinji orny eýelediler

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçýän Aziýanyň çempionatynda milli göreş boýunça türkmen pälwanlary erkekleriň we zenanlaryň arasynda umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Şu gün nusgawy usul boýunça tutluşyklarda ildeşlerimiz 23 medal gazandylar. Olaryň 10-sy altyn, dördüsi kümüş we dokuzysy bürünç medallardyr.

Ýaryşyň ikinji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazanan medallarynyň sany 48-e ýetdi. Munuň özi ildeşlerimiziň doly artykmaçlygyna şaýatlyk edýär. Ikinji orny eýelän gyrgyz pälwanlary 10 medala (iki altyn, bir kümüş we ýedi bürünç) mynasyp boldular. Täjigistanyň ýygyndysy hormatly üçünji orna mynasyp boldy. Bu toparyň pälwanlary bir altyn, üç kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.

Bu gün hem final tutluşyklarynyň aglabasy diňe türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçdi. Erkekleriň arasynda 62 kilograma çenli agram derejesinde geçen final tutluşygy aýratyn ýatda galyjy boldy. Bu tutluşykda dünýäniň iki gezek çempiony, halkara derejeli sport ussady Tirkişgeldi Aýazow bilen Isgender Aşyrow güýç synanyşdylar. Dünýä çempionatlarynyň altyn medallarynyň eýesi iki gezek örän owadan hem birkemsiz emel bilen garşydaşyny ýykyp, tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Indi onuň halkara sport äleminde gazanan köp sanly ýeňişleriniň üstüne göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda gazanylan ilkinji altyn medal hem goşuldy. Ildeşimiz I.Aşyrow bolsa bu agram derejesinde ikinji orna mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agramda altyn medal ugrunda tutluşyga iki türkmen türgeni çykdy. Bu tutluşyk pälwanlaryň ahmyrly bolmazlyklary üçin özboluşly häsiýete eýe boldy.  Tutluşykda «erkin usul»  görnüşinde ýeňiş gazanan Gülnar Haýytbaýewa, şol usulda kümüş medala eýe bolan Dinara Hallyýewa bilen duşuşdy. Bu duşuşykda D.Hallyýewa ýeňiş gazandy. Iki görnüş boýunça ýaryşyň netijesinde pälwan gyzlaryň hersi bir altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular.

Bulardan başga-da, Şatlyk Myradow (57 kg çenli), Guwanç Ýagmyrow (82 kg çenli), Murgapgeldi Ataýew (90 kg çenli), Şyhmyrat Durdyýew (100 kg çenli), Jepbar Atamämmedow (100 kg-dan ýokary), Zöhre Mädreýimowa (58 kg çenli), Nasiba Surkiýewa (70 kg çenli) hem-de Jahan Muhammedowa (70 kg çenli) ýene altyn medallaryň sekizisini gazanyp, ýurdumyzyň sport üstünliklerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular.

Şükür Annaesenow (68 kg çenli) we Aýşirin Haýdarowa (52 kg çenli) kümüş medala mynasyp boldular. Agageldi Tagandurdyýew (57 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Bäşim Orazow (75 kg çenli), Toýlymyrat Durdymyradow (88 kg çenli), Altynmuhammet Ýegenow (100 kg çenli), Laçyn Badaglyýewa (52 kg çenli), Rano Uzakowa (70 kg çenli) we Maksuda Egemberdiýewa (70 kg-dan ýokary) baýrakly üçünji orny eýelediler.

Aziýanyň häzirki çempionatynyň müdiri, Guşakly göreş boýunça Halkara federasiýasynyň wekili Wener Gaýnulliniň belleýşi ýaly,  ýaryşyň geçýän olimpiýa şäherjigi Merkezi Aziýanyň sport merjenidir, çünki sebitde başga şunuň ýaly  ägirt uly binýad  ýokdur.

Göreş boýunça Aziýa çempionaty umumy toparlaýyn hasapda biziň pälwanlarymyzyň ýeňiş gazanmaklary bilen tamamlandy. 28-nji iýunda yklym derejesindäki ýaryşlar guşakly göreş boýunça dowam etdiriler. Bu görnüşde «erkin usulda» erkekleriň arasynda sekiz, zenanlaryň arasynda bäş agram derejelerinde medallar ugrunda bäşleşik geçiriler.

Habarlar #Guşakly göreş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: