Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi15 Iýul, 2016 (11:05)

BölümSoňky habarlar

Belliklerküşt

Küşt: halkara ýaryşlaryndaky üstünlikler

Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda badalga alan küşt boýunça  Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri “rapid” düzgüni boýunça  medallaryň eýýäm üçüsini (bir altyn we iki kümüş) gazandylar. Bu ýaryşyň öň ýanynda bolsa küşt boýunça  iri halkara  ýaryşy Izmir şäherinde  (Türkiýe Respublikasy) geçirilip, onda  ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti bürünç medal bilen ýetirildi.

Aziýanyň çempionatynda biziň ýygyndy toparymyzyň düzüminde 15 ýaşa çenli toparda çykyş eden Soltan Myradow birinji orny eýeledi. Bu toparda onuň bilen bilelikde “altyn medal” ugrunda türgenleriň 36-sy bäsleşdi. Oýunlaryň barşynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi  Serdar Annaberdiýewiň şägirdi bir oýunda hem utulman, mümkin bolan ýedi utukdan 6,5 utuk toplady.  

13 ýaşa çenli türgenleriň toparynda  altyn medal ugrunda 3 türgen bäsleşip, olaryň her biri 6 utuk topladylar. Türgenleriň arasynda watandaşymyz Azat Nurmämmedow koeffisiýentleriň gatnaşygynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýaş toparda hormat münberine çykmak ugunda çekeleşikli göreşe türgenleriň 49-synyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Kümüş medallaryň ýene-de biri 11 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda gazanyldy. Bu ýerde 5,5 utuk toplan  Läle Şöhradowa tapawutlandy. Biziň  ýaş küştçi gyzymyz ýaryşyň ýeňijisi--Eýranyň toparyndan Zöhre Heýdariden bary-ýogy 0,5 utuk yza galdy.

Türkiýede geçirilýän halkara ýaryşda biziň toparymyzyň düzüminde bürünç medaly FIDE-niň ussady Bahar Hallaýewa gazandy. Türkmenistanyň ýokary ligadaky çempionatynyň üç gezek ýeňijisi 5,5 utuk toplap,  belli türgenlerden—halkara ussatlaryndan we grossmeýsterlerden öňe geçmegi başardy.

Habarlar #küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: