Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi19 Iýul, 2016 (10:41)

BölümSoňky habarlar

Belliklerküşt

Türkmen küştçüleri Aziýanyň çempionatynda hem-de Moskwada geçirilen ýaryşda tapawutlandylar

Tähran şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda  geçirilen Aziýanyň çempionatynda ildeşlerimiz alty medala (3 altyn we şonça-da kümüş medala), Moskwada erkekleriň arasynda geçirilen  halkara ýaryşynda bolsa ýene-de 3 altyn we 2 kümüş medala mynasyp boldular. 

Türkmenistanlylar Aziýa çempionatynyň başynda “rapid” görnüşinde tapawutlandylar. Şol ýaryşda ildeşlerimiz 1 altyn we 2 kümüş medaly eýelemegi başardylar. Klassyki ýaryşlaryň hem-de blis-bäsleşigiň netijeleri boýunça türgenlerimiz ýene-de 3 medala—2 altyn we 1 kümüş medala mynasyp boldular.

Ýeňişleriň birini  biziň toparymyza Azat Nurmämmedow ýetirdi (13 ýaşa çenli toparda). “Rapid”  görnüşinde onuň ikinji ýere mynasyp bolandygyny bellemelidiris, ine, indi bolsa ol “klassyki” görnüşde ýeňiş gazanmagy başardy. Tiz oýnalýan küştde ikinji ýeri eýelän Läle Şöhradowa  11 ýaşa çenli türgenleriň arasynda blis-ýaryşda altyn medala mynasyp boldy. Onuň uýasy Leýla Şöhradowa bolsa kümüş baýragy eýeledi.

Moskwada geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň toparynyň düzüminde halkara derejeli ussat Ýusup Atabaýew iki gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna galdy. Ol “blis” görnüşinde grossmeýsterleriň toparynda hem-de klassyki ýaryşda  tapawutlanmagy başardy. Bäsleşikleriň ikisinde hem ildeşimiz ýekeje döwde hem utulmady. Şeýlelikde, ol 12 gezek ýeňiş gazandy we 9 duşuşykda deňme-deň oýnady.

Moskwada geçirilen ýaryşlarda altyn medallaryň ýene-de birine Mergen Kakabaýew mynasyp boldy.

Grossmeýster  Maksat Atabaýew kümüş medala mynasyp boldy. Ol “blis” görnüşinde wise-çempion boldy. Maksat diňe koeffisiýentiň gatnaşygy boýunça dogany Ýusup Atabaýewden asgyn geldi.

Kümüş medallaryň ýene-de birini ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň iň ýaş wekili—17 ýaşly Saparmyrat Atabaýew gazanmagy başardy. Ol klassyki ýaryşlarda çykyş etdi.

Häzirki wagtda türgenlerimiz sentýabr aýynda Azerbaýjanda geçiriljek  Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmaga işjeň taýýarlyk görýärler.

Habarlar #küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: