Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Iýul, 2016 (16:30)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Paraw-Bibide myhmançylykda

Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan atly ýöriş şu günler Balkan welaýatynda buýsançly dowam edýär. Behişdi bedewlerimiziň on ýedisine atlanyp, buýsançly başlaryny belent tutup ýol geçýän merdana ýigitlerimiziň Serdar şäherindäki 500 orunlyk sport toplumyndan başlanan ýörişi Köpetdagyň haýbatly gerişleriniň guzaý tarapyny ýassanyp oturan ajaýyp baýyrlyklaryň arasynda — Paraw obasynyň duşunda birkemsiz baýramçylyk lybasyna beslenen sonarly ýaýlada şatlyk-şowhun, ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanyldy. 

Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemala gelen “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplarynda mynasyp waspy ýetirilip, şöhraty äleme ýaýylan ýelden ýüwrük atlylary giň ýaýlada juda uludan tutulan dabarada Serdar etrabynyň gelin-gyzlary, il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneler, bu ýere ýygnanan ýüzlerçe adamlar güler ýüz, duz-çörek, ter gül desseleri bilen buýsançly mübäreklediler.

Tapbiler pederlerimiziň geçmişinden dury gözbaş alan däplerimize laýyklykda, gamyşgulak bedewlerimizden salyhatly düşüp, duz-çörek dadyp, ýaşulular bilen edep-ekramly salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşan ýigitler gaýtadan atlaryna atlanyp, Paraw obasynyň ilersindäki belent dag gerişleriniň orta bilinde ençe asyr mundan öň gurlan ajaýyp “Parawbibi” mawzoleýiniň dergähindäki meýdança baryp, bu taryhy ymaraty buýsanç bilen synladylar.

Şondan soň giň ýaýlada tutulan ak öýleriň ýanyndaky atly ýörişe gatnaşyjylaryň şanyna medeni-sport çärelerine giň orun berildi. Serdar etraby tutuş günbatar sebitde oba hojalyk pudagynyň ýokary depginlerde ösýän mekan hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem bu ýerde öndürilýän oba hojalyk önümlerinden rejelenip guralan sergi diňe bir atly ýörişe gatnaşyjylaryň däl, eýsem, dabara ýygnananlaryň hem bada-bat ünsüni özüne çekdi. Gökdür bakjadan, miwelerdir ir-iýmişlerden, guşgursak ak bugdaýyň unundan taýýarlanan sergini synlanyňda, bu mukaddes mesgeniň berekedine ýene bir ýola göz ýetirýärsiň.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik eserinde öz mynasyp ornuny tapan dermanlyk otlaryň sergisi hem aýratyn mana eýe boldy. Rysgal-bereketli türkmen topragynda bitýän ýüzlerçe dermanlyk ösümliklere çärä gatnaşyjylar diňe bir höwes bilen tomaşa etmän, eýsem, olardan taýýarlanan melhemli çaýlardan hem hezil edip içdiler. Bu ajaýyp serginiň gapdalynda hatar bolup surat çekip oturan ýaşajyk zehinlerden hem ünsüňi sowup geçmek mümkin däl. Olaryň bedew atlarymyzyň, eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigatynyň, oba durmuşynyň, nurana Awazanyň suratlaryny ussatlyk bilen çekişleri göwnüňi göterýär.

Aslynda, türkmeniň uludan tutulan toýuny ýada salýan bu ýaýlada dürli sergilere giň orun berlipdir. Muňa bu ýerde Serdar şäheriniň we Serdar etrabynyň tanymal türgenleriniň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde halkara derejede sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara gatnaşyp, eýe bolan kuboklaryndan, Hormat hatlaryndan, ýaýbaňlandyrylan medallaryndan döredilen ajaýyp sergi hem açykdan aýdyň subutnama bolup dur.

Ýeri gelende aýtsak, dabarada guralan sergileriň, görkezilen işleriň her biri aýratyn öwüşgine baý boldy. Gelin-gyzlaryň üme edişlerine, mährem eneleriň, nurana zenanlaryň dürli el işleriniň taýýarlanyşyny iş ýüzünde ussatlyk bilen görkezişlerine, şonuň ýaly-da, amaly-haşam sungatyna degişli sergilere höwes bilen tomaşa etmezlik mümkin däl. Folklor we halk döredijilik toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän yhhymmyldyr gazal aýdyşlary, läleleri, hüwdüleri juda göçgünli küştdepdisini ýerine ýetirişlerini kalplara üýtgeşik bir lezzet paýlady. Seteran atarylan gazanlarda taýýarlanýan dürli görnüşli milli tagamlar, ak unuň hamyryndan ýaýylyp taýýarlanan toý pişmeleridir çelpekleri bu dabaranyň bezegine görk goşdy.

Serdar etrabynyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olaryň ýerine ýetiren döwrebap aýdymlarynda, belent owazlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň deňsiz-taýsyz ösüşleri, eziz Arkadagymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň bütindünýä ykrarnamasyna öwrülen belentlikleri öz mynasyp beýanyny tapyp, köňüllere röwşenlik nuruny çaýdy. Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bolsa sungatyň bu ajaýyp ugrunyň täze belentliklere göterilýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Ýokary derejede guralan dabarada şatlyk-şowhun, buýsanç höküm sürdi. Milli tagamlar bilen hezzetlenip, kalplary aýdym-sazlardan püre-pürlenen atly ýörişe gatnaşyjylara etrabyň il sylagly aksakgal ýaşululary ak ýol dileg edip, dabaraly ýagdaýda Bereket etrabyna tarap ugratdylar.

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: