Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi04 Iýul, 2016 (16:36)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Balkanly atlylar ýörişi kabul etdiler

Düýn Ahal welaýatynyň atlylarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny Balkan welaýatynyň atly toparyna gowşurmak dabarasy boldy. 

Şu mynasybetli Ahal welaýatynyň ýurdumyzyň günbatar welaýaty bilen araçäkleşýän ýerinde uly toý tutuldy. Arkadag Prezidentimiziň ak ýol arzuwlamagynda şu ýylyň 5-nji maýynda Gadymy Nusaý galasyndan bagalga alan atlylaryň Köpetdagyň etegi, Garagumuň jümmüşi bilen ençeme obalaryň, şäherdir şäherçeleriň üstünden geçip, bu ýere gelmekleri hemmeleriň şatlygyna şatlyk goşdy.

Baharly etrabynyň çägindäki beýik daglaryň etegi bilen gelen Ahal welaýatynyň atly topary günbatar welaýat bilen araçäkleşýän ýeriniň golaýynda saklandy. Bu ýerde olar welaýatyň ýaşululary tarapyndan garşylandy. Atdan düşen ýörişe gatnaşyjy ýigitler asylly däbe eýerip, ýaşuly nesliň wekilleri bilen salamlaşdylar, duz-çörek datdylar, hal-ýagdaý soraşdylar. Şol pursatdan soňra ýaşulularyň baş bolmagynda ýörişe gatnaşyjylar ak öýlerden düzülen özboluşly türkmen obasynyň töwereginde ýaýbaňlanan tomaşalary synladylar.

Ahal welaýatynyň birleşen dutarçylar toparynyň hoş owazly, şirin mukamly çykyşlary bilen başlanan tomaşalar köpöwüşginli şüweleňe utgaşdy. Bu ýerde toý gazanlary atarylyp, milli tagamlar taýýarlandy, sergiler guraldy. Gelin-gyzlaryň üme däbini ýerine ýetirýän, pişme we çörek bişirýän, el işlerini, şol sanda haly önümlerini dokap oturan pursatlary bu görnüşe özboluşly sazlaşyk goşdy. Bagtyýarlyga beslenen döwrümize mahsus ruhubelentlik bu ýerdäki dabaranyň bütin dowamynda duýuldy.

Soňra ahally aksakgal ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de ýörişe gatnaşyjy ýigitler iki welaýatyň araçägini alamatlandyrýan bezemen derwezäniň ýanyna geldiler. Bu ýerde olary Balkan welaýatynyň ýaşuly nesliniň wekilleri duz-çörekli garşyladylar. Hödür-keremden soňra günbatar welaýatyň ýaşululary we mährem eneleri Ahal welaýatynyň atlylarynyň ýanyna baryp, ýyndam ahalteke bedewlerine halat-serpaý ýapdylar, ýörişe gatnaşyjy ýigitlere bolsa nepislik bilen keşdelenen tahýa geýdirdiler. Bu pursat uzak ýollary külterläp gelen atly ýigitlere hoşallygyň alamatyna öwrüldi.

Hut şol ýerde ahally ýigitler Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny Balkan welaýatynyň atly toparyna dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Şondan soň ol ýerdäki şowhun al-asmana göterildi. Balkan welaýatynyň medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren gazallarydyr küştdepdileri, aýdymlary uzaklara ýaň saldy. Bu çykyşlar çäre üçin niýetlenen esasy meýdançada dowam etdi.

Welaýatyň atly topary dabaraly ýöriş bilen baýramçylyk çäresiniň geçirilýän ýerine tarap ýola düşdi. Atlylaryň öňüni bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat ussatlary çekdiler. Şol pursatlarda ýoluň iki tarapyny dolduryp duran, elleri ýaşyl Baýdakly welaýatyň köp sanly bagtyýar ýaşaýjylarynyň ýüzündäki şatlygy duýmagyň özboluşly lezzeti bardy.

Meýdança, sözüň doly manysynda, türkmeniň milli toýuny ýada saldy. Ak öýleriň hatary, onuň töweregindäki şowhun, şatlyk-şagalaň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ruhuna beslendi. Ýörişe gatnaşyjylar bu ýerdäki çykyşlary çäksiz höwes bilen synladylar. Galpak, urba, mysaýyp (myhman garşylamak), gelin, ak aş (ak goýun toýy), bukja toýlary, awa ugradyş däbi, gyza halat geçirmek dessury, saçak açmak dessury ýaly ajaýyp toý däp-dessurlaryny açyp görkezýän çykyşlarda özboluşly many öwüşgini duýuldy. Hemmeleriň ünsüni çeken şol çykyşlar welaýatyň ilatynyň toý däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny görkezdi. Welaýatyň teatr artistleriniň daýhan durmuşyndan söz açýan çykyşy, zenanlaryň haly dokaýan, keçe basyp oturan pursatlary, el hünärine degişli beýleki nepis işleri ýerine ýetirýän pursatlary hem ünsi çekiji boldy.

Şüweleňli çäräniň dowamynda ol ýerde ýaýbaňlanan sergilere gyzyklanma uly boldy. Çärä gatnaşyjylar — atlylar we ýaşulular dürli gök-bakja önümleriniň, miweleriň, çörek we çörek önümleriniň sergisini höwes bilen synladylar. Kitap we ýaşajyk suratkeşleriň surat sergisi baý many-mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Kitap sergisinde Arkadag Prezidentimiziň gymmatly eserlerine aýratyn uly ornuň berlendigi bellärliklidir. Myhmanlara döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işinde beýan edilýän ot-çöplerden taýýarlanan çaýlar hem-de beýleki melhem içgiler hödür edildi.

Gözel dag eteginde bolan bu çärede sport çykyşlaryna aýratyn ähmiýet berildi. Sportuň boks, erkin göreş, taekwondo, karate ýaly görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, milli göreş boýunça ýaryş hemmeleriň gyzyklanmasyny artdyrdy. Welaýatyň güýçli pälwanlaryň gatnaşmagynda geçirilen milli göreş ýaryşynyň ýeňijilerine toý serpaýlary ýapyldy. Çäreleriň geçýän ýerinde welaýatyň türgenleriniň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi hem guraldy.

Bu ajaýyp waka mynasybetli toý keşbindäki esasy sahnada Ahal we Balkan welaýatlarynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konsertiniň hem bolandygyny bellemek gerek. Ak bugdaý etrabynyň “Ahal owazlary”, Balkan welaýatynyň “Dehistan”, “Misserian”, “Sumbar”, “Merjen”, “Durmuş ýollary”, “Perwana”, “Etrek nagmalary” ýaly tans-folklor toparlarynyň çykyşlary hemmeleriň göwnüne ganat berdi. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlarda bagtyýar döwrümiz, eziz Diýarymyz, Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri, gamyşgulak bedewlerimiz, türkmen sporty öz buýsançly waspyny tapdy.

Ajaýyp dabaradan soňra ýaşuly nesliň ýagşy niýet-arzuwlary bilen Balkan welaýatynyň atly topary degişli ugur boýunça ýola rowana boldy. Ýeri gelende, atlylaryň 100 günüň dowamynda welaýatyň çäginiň gözel we täsin ýerleri boýunça ýöriş edenlerinden soňra, “Aziada — 2017-ä” bagyşlanan taryhy ýörişiň yzygiderlilikde Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň her birinde şonça günläp dowam etjekdigini, 2017-nji ýylyň 30-njy iýulynda bolsa ahally atlylaryň Sarahs etrabynyň çäginde — Bathyz döwlet goraghanasynda Mary welaýatynyň atly toparyndan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny kabul edip, welaýatyň çägi boýunça ýene-de 50 günläp ýörişi dowam etjekdigini belläsimiz gelýär. Bu taryhy ýöriş bagtyýar halkymyza uly ruhubelentlik eçilýär.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: