Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi11 Iýul, 2016 (16:41)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Atly ýöriş Bereket şäherinde

Behişdi bedewlerimize atlanan gerçek ýigitlerimiziň V Aziýa oýunlarynyň dünýä ýaň salyp açyljak gününiň hormatyna milli Liderimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen başlanan taryhy ýörişi Balkan welaýatynda dowam edýär. 

Behişdi bedewlerimize atlanan gerçek ýigitlerimiziň V Aziýa oýunlarynyň dünýä ýaň salyp açyljak gününiň hormatyna milli Liderimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen başlanan taryhy ýörişi Balkan welaýatynda dowam edýär. Gamyşgulak dal bedewleriň üstünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny we Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny ynamly göterip gelýän atly topar welaýatyň her bir oba-kendinde, taryhy ýadygärlikleriniň duşunda, şäherlerinde we etrap merkezlerinde ýerli ilat tarapyndan güler ýüz, duz-çörek, mähir-muhabbet, şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar.

Tutumly türkmen toýuna ýazyp gidýän şeýle ajaýyp dabaralaryň her biri atly ýörişe gatnaşyjylara bu sebitiň taryhy ýadygärlikleri, ajaýyp tebigaty, welaýatyň ähli künjeklerinde amala aşyrylan ägirt uly ykdysady we medeni-durmuş özgertmeleri bilen tanyşmaga, barha we barha dowamat tapýan ösüşlere tüýs ýürekden buýsanmaga doly mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini atly ýörişe gatnaşyjylaryň Bereket etrabynyň merkezinde geçirilen garşylanyş dabarasy hem aýdyň görkezdi.

Serdar etrabyndan dabaraly ýagdaýda ýola salnan atlylaryň hem-de olary öz etraplarynda garşy alýan Bereket etrabynyň ilatynyň ýüz-gözlerindäki nuranalyk öz merdana halkyny baky bagtyýarlyga ýaran eden Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine hoşallygyň guwandyryjy güwäsine öwrüldi. Atly ýörişe gatnaşyjylaryň hormatyna etrap merkezindäki medeni seýilgähde guralan dabaraly çärede sportuň dürli görnüşleri we milli oýunlar boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlary ata Watanymyzyň bu nurana künjeginde ýokary ruhubelentligiň höküm sürýändiginiň subutnamasy boldy. Juda ýeňil gopýan ýaşlaryň ýaglykda towsuşlary, babyr bilek pälwanlaryň tutan göreşleri bu ýerdäki şatlyk-şowhunyň alyslara ýaň salmagyna getirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz sahawaty netijesinde dünýä nusgalyk özgertmeleri başdan geçirýän bu döwletli mekanyň ägirt uly ösüşleri bilen has içgin tanyşlyk etrap hassahanasynda dowam etdirildi. Ýurdumyzyň we şu etrabyň saglyk ulgamynda gazanylan ösüşler barada guralan sergi atly ýörişe gatnaşyjylary gyzyklandyrdy. Olar bu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitaplarynda görkezilen melhemlik otlardan taýýarlanan çaýy höwes bilen içip, teşneliklerini gandyranlaryndan soňra, hassahananyň otaglaryna aýlanyp görüp, bu ýerde halka hyzmat etmek üçin oturdylan häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen jikme-jik tanyşdylar hem-de öz merdana halkynyň saglygy barada irginsiz alada edýän milli Liderimiziň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi esasynda ýaňy-ýakynda şäher derejesi berlen etrap merkeziniň tutumly ösüşleri bilen tanyşlyk soňra Bereket çeper halyçylyk kärhanasynda dowam etdi. Haly we haly-palas önümlerinden guralan sergä uly gyzyklanma bilen tomaşa eden myhmanlara kärhananyň taryhy, bu ýerde dokalýan halylaryň aýratynlyklary barada täsirli gürrüň berildi. Atly ýörişe gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermegi bilen açylan bu kärhanada ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlaryň çäksiz yhlasy bilen şu günlere gelip ýeten milli senedimiziň bu ulgamyny has kämilleşdirmek, döwrebap öwüşginlere beslemek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine ýene bir öwra göz ýetirdiler.

Etrap merkezindäki Medeniýet öýünde amaly-haşam sungatynyň we el işleriniň önümlerinden guralan täsin sergi hem milli mirasymyzyň öz köklerini juda gadymyýetden alyp gaýdýandygyny görkezdi. Etrabyň çeper höwesjeňler toparlarynyň, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren hüwdüleridir läleleri, joşgunly küştdepdileri merdana hem agzybir halkymyzyň şahandazlygyndan, myhmansöýerliginden habar berdi.

Etrap merkezindäki häzirki zaman hil ülňülerine laýyk derejede gurlan 6-njy çagalar bagynda döwrebap terbiýelenilýän eýjejik körpeleriň yzly-yzyna ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edip, okap beren ajaýyp goşgulary berkarar döwletimiziň hakykatdan hem bagtyýar çagalygyň ýurdudygyna doly güwä geçdi.

Hawa, etrap merkezi juda gysga wagtyň dowamynda gülläp ösüşleriň mesgenine öwrülýär. Bu ýerdäki Bereket ýod kärhanasy hem munuň jedelsiz subutnamalarynyň biridir. Lukmançylyk ulgamynda juda zerur bolan gymmatly önümi öndürmeklige niýetlenilip gurlan kärhanada taýýarlanýan önümlerden görkezilen sergi hem bu künjegiň nazarlaýan ösüşleriniň uludygyndan habar berýär. Hut şu ýerde melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlardan ýene bir gezek içip gören myhmanlaryň etrap merkezi bilen tanyşlygy soňra Bereket tikin fabriginde dowam etdirildi. Öndürýän önümleri içerki we daşarky bazarlarda örän islegli bolan kärhanada häzirki zamanyň iň kämil enjamlary oturdylypdyr. 

Her bir gelen myhmany güler ýüzli garşy alyp, ýagşy doga-dilegler bilen ak ýola salmak — bize pederlerimizden miras galan asylly däplerimiziň biri. Bereket şäheri bilen tanyşlygyň ahyrynda etrabyň kaşaň Medeniýet öýüniň öňünde guralan jemleýji konsertde hem şu asylly däp öz beýanyny tapdy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden-belent ýaňlanan aýdym-sazlar bu nurana künjegiň bagtyýarlaryň mesgenidigini ýene bir gezek subut etdi. Ata Watanymyzy, merdana hem agzybir halkymyzy bagtly ertirlere ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşyň beýanyna öwrülen bu aýdym-sazlar Balkan welaýatynda 100 günläp dowam etjek atly ýörişe gatnaşyjylaryň güýjüne güýç, gaýratyna egsilmez gaýrat goşdy. Il sylagly ýaşulularyň ak patasy bilen ýola düşen atly ýörişe gatnaşyjylar ýüzugra Bereket demir ýol menziliniň ajaýyp binalary, onuň ýolagçylara göreldeli hyzmaty ýola goýmakda ýokary derejedäki giň mümkinçilikleri bilenem içgin tanyşdylar. Gazagystan —Türkmenistan — Eýran halkara ulag geçelgesiniň ugrunda möhüm çatrykda ýerleşýän bu menzilgäh özüniň binagärlik zynaty, amatlyklary bilen myhmanlary haýran galdyrdy.

Polat ýoluň üstünde seteran duran täze wagonlaryň hem-de elleri Döwlet baýdakly bereketlileriň arasyndan buýsançly başlaryny belent tutup ugran atlylaryň gadamy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna tarap gönükdi. Olara bu jenneti künjekde täze duşuşyklar, tebigatyň ajaýyplyklary, taryhy ýadygärliklere tomaşa etmek bagty garaşýar.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: