Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi23 Iýul, 2016 (17:26)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

FotogalereýaAtly ýöriş: Atly ýigitler Arçmanda we Nohur obasynda

Atly ýöriş: Atly ýigitler Nohur obasynda

Ahal welaýatynyň atly toparynyň taryhy ýörişi şu günler dag eteginiň gözel ýerleri boýunça menzil aşýar. Düýn atlylaryň ýoly Baharly etrabynyň Nohur obasynyň üstünden geçdi. Şu mynasybetli Nohur obasyna barýan ýoluň 8-nji kilometrliginde, çäre üçin niýetlenen ýerde günüò birinji ýarymynda uly şatlyk-şagalaň höküm sürdi. Saba-säherden ýaýbaòlanan dabara gatnaşmak üçin ol ýere il sylagly ýaşulular, mährem eneler, oba zähmetkeşleridir ýaşaýjylary, şeýle-de beýleki köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Gadymy türkmen obasyny alamatlandyrýan görnüş dag gözelligi bilen özara sazlaşygy emele getirýärdi. Hatara guralan milli ak öýleriň töweregindäki şowhun hemmeleriň ünsüni çekýärdi. Şol pursatda behişdi ahalteke atlaryna atlanan ýigitleriň uzakdan görünmegi bilen toý meýdançasyndaky ruhubelentlik al­asmana göterildi. Bu ýerde atly ýigitler dabaraly garşylandy. Olar atdan düşüp, asylly däbe eýerip, ýaşuly nesliň wekilleri bilen salamlaşdylar, duz­çörekden datdylar, hal­ahwal soraşdylar. Ondan soň­ra hemmeler ak öýleriň töweregindäki tomaşalary synladylar. Bu ýerdäki tomaşalar, sözüň doly manysynda, kö­pöwüşginliligi bilen ünsi özüne çekdi. 

Milli toý däpleri bilen utgaşan çykyşlar, dutarçy we gyjakçy bagşylaryň çykyş­lary sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna, milli sport ýaryşlaryna sazlaşyk goşdy. Welaýatyň dürli ýerlerinden gelen pälwanlaryň göreş tutmakda, ýaş türgenleriň bolsa ýaglyga towusmak ýaryşynda ezberliklerini görkezip, toý serpaýlaryna mynasyp bolan pursatlaryny synlamak örän ýakymly boldy. Gelin­gyzlaryň üme däbini ýerine ýetirýän, pişme we çörek bişirýän, el işlerini, şol sanda haly önümlerini dokap oturan pursatlary hem ýörişe gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Çäräniň geçirilýän ýerinde dagda ösýän dermanlyk ösümlikleriň sergisi, dag şertlerinde ýetişdirilýän miwe, gök we bakja önümleriniň sergisi, ýaşajyk suratkeşleriň işleriniň sergisi, şeýle­de amaly­haşam sungatyna degişli işleriň sergisi guraldy. Şeýle giň göwrümli tomaşalary uly gyzyklanma bilen synlan ýörişe gatnaşyjylara toý gazanlarynda taýýarlanylan milli tagamlardan hem hödür­kerem edildi. Şondan soňra aksakgal ýaşulular myhmanlary esasy sahnada ýaýbaňlanan konserte tomaşa etmäge çagyrdylar. Şowhunly konsertiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym­sazlary, şowhunly tanslary kalplary alaýaza besledi. Joş­ gunly çykyşlarda eziz Diýarymyzyň, täze taryhy döwrümiziň, Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, türkmen sportunyň waspy öz beýanyny tapdy. Bu ýerdäki gyzykly çäreler uzak wagtlap dowam etdi. 

Atly ýigitler dabaraly garşylanyş mynasybetli guralan çäreden göwnü­ hoş bolup, ýörişini dag belentliklerine tarap uzaýan ýol bilen oba sary dowam etdiler. Mälim bolşy ýaly, Nohur obasy Köpetdagyň juda täsin we gö­zel künjeginde ýerleşýän, asyrlarboýy milli däp­dessurlary saklap gelen we dowam etdirýän, özboluşly binagärlik keşbi bolan obadyr. Bu oba dünýäniň iň gözel we täsin ýerleriň ýüzlüginiň sanawynda mynasyp orun alandyr. Dag üstündäki üzümçiligiň, badam we beýleki miweli agaçlaryň arasynda dag daşlaryndan gurlan jaýlaryň binagärlik keşbi görenleriň ünsüni çekýär. Deňiz derejesinden 1000 — 1100 metr belentlikde ýerleşýän bu oba barýan ýol egrem­bugram bolsa­da, gowy asfaltlanandyr Onda ulagly ýöremek asla ýadatmaýar. Onda ençeme be­ýiklikli­pesli ýerler, öwrümler bar. Dört tarapdaky beýik dag gerişleri bolsa bu gözelliklere sazlaşyk goşýar. Nohur obasy başga­da ençeme täsinlikleri özünde jemleýär. 

Dag çeşmelerinden gözbaş alyp, 53 metr beýiklikden gaýd­ýan Hür­hüri şaglawugy, ilat arasynda “jennetiň derwezesi” diýlip hasaplan­ýan “Gyz bibi” diýen keramatly ýer, “döwüň öýi” diýlip atlandyrýan gowak, äpet çynar Nohuryň täsinlikleridir. Kö­petdagyň iň beýik nokatlarynyň biri bolan — “Üç guýy” hem şu ajaýyp künjekde ýerleşýär. Ine, Türkmenistanyň Döwlet baý­dagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem­de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny uly buýsanç bilen ellerinde göterýän atly ýörişe gatnaşyjy ýigitlere Nohur obasynyň şeýle özboluşly täsinlikleri bilen tanyşmak juda ýakymly boldy. Olar obanyň birnäçe gözel ýerlerine aýlanyp gördüler. Äpet çynar bolsa olaryň gyzyklanmasyny artdyrdy. Bu ýerde ýaşuly nesliň wekilleri olara oba, onuň taryhy hakynda gyzykly gürrüň berdiler. 

Äpet çynar baradaky gürrüňler myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Birnäçe ýüzýyllyklary başyndan geçiren äpet çynaryň köwegine birbada on adam töweregi sygýar. Oba ýaşaýjylarynyň durmuşy hem atly ýigitleri gyzyklandyrdy. Ýerli ýaşaýjylar ýyllaryň dowamynda dagyň gerişlerinde we jülgelerde, deňiz derejesinden 1600—1800 metr beýiklikdäki özleşdirilen ýerlerde ekeran­çylygy, bagçylygy alyp barýarlar. Oba bilen tanşanyňda, alma, nar, ülje, hoz, üzüm ýaly miweli baglaryň agdyklyk edýändigine göz ýetirýärsiň. Böwürslen bolsa bu ýerde ösýän gymmatly dermanlyk ösümlikleriň bir görnüşidir.
Ol özboluşly tokaýlyklary emele getir­ýär. Dag obasynyň bagy­bossanlygy, şeýle­de dag arçasynyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňler myhmanlaryň bilesigelijiligini artdyrdy. Olar ýerli ilatyň geçi süýdünden taýýarlaýan peýnir, motol ýaly dürli önümlerini hem dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.

Mahlasy, täsin tebigy gözellikleri bilen göreni haýrana goýýan Nohur obasy atlylarda ýatdan çykmajak tä­sirleri galdyrdy. Olar oba bilen tanyş­lykdan soňra ýoluny degişli ugur bo­ýunça dowam etdiler.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: