Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Aziada-2017-ä tarap göni ýolda: Türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherjigi synag düzgüninde işleýär

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew bilen söhbetdeşlik

HABARÇY: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bir ýyldan sähelçe gowrak wagt galdy. Aşgabat şäheri eýýäm häzir şol wakany başdan geçirmek duýgusy bilen ýaşaýar, munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmagyň gurluşyk depginlerinde, sport we taýýarlyk çärelerinde aýdyň duýulýar.Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň gatnaşmagynda uly işler amala aşyryldy, çünki “Aziada-2017” – bu iri abraýly taslama bolup, ol dünýä bileleşiginde Türkmenistan hakynda täze garaýyşlary kemala getirmäge gönükdirilendir.

Bu forumyň esasy işçi düzümi bolup durýan V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň işleri has-da agdyk bolup durýar. Şu gün Komitetiň ýolbaşçysy Daýanç Gulgeldiýew biziň sowallarymyza jogap berdi. Olaryň ilkinjisi “Aziada-2017-ni geçirmäge görülýän taýýarlygyň derejesine nähili baha berersiňiz?” diýen sowaldan ybarat boldy.

D.GULGELDIÝEW:  Biz Aziýa oýunlaryna tarap göni ýola düşdük. Özi-de, örän oňat görkezijiler bilen ýola düşdük. Bu bolsa, ilkinji nobatda, milli Liderimiz – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty bolup, Gahryman Arkadagymyz biziň öňümizde baş maksady – sport we myhmansöýerlik arkaly Türkmenistany dünýä açmak wezipesini goýdy. 

Döwlet Baştutanymyz ähli guramaçylyk işleriniň hiline we möhletlerine ýokary talaplary bildirmek bilen, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ähli meseleleri çözmekde hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Aşgabatda geçiriljek Aziada Aziýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-niň, şeýle hem Okeaniýa ýurtlarynyň Olimpiýa komitetleriniň 17-niň wekiliýetlerini bir ýere ýygnap, öz tapgyrynda iri forumlaryň biri bolar. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda taryhy Ähtnama gol çekildi. Biziň çaklamalarymyza görä, 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Orta Aziýanyň iri sport toplumynyň zallarynda dünýäniň 62 ýurdundan türgenleriň 5 müňden gowragy sportuň 21 görnüşinde iň güýçlüleri ýüze çykarmak ugrunda bäsleşerler.

Olaryň ikisi – guşakly göreş we konkur – Milli Olimpiýa komitetiň Prezidenti bolup durýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen şol sanawa girizildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjynyň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek hakynda çözgüdi kabul etmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny bellemek gerek.

Milli Liderimiziň sport ulgamynda ýöredýän syýasaty öz miwelerini berýär, türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykýar, ýurdumyz iri sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülýär.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketine ähli ýaşdaky adamlaryň – 7 ýaşdan başlap 70 ýaşla çenli adamlaryň müňlerçesi çekildi. Ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýokary görkezijiler sporty bilen meşgullanýarlar. Häzir olar  2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmäge  taýýarlyk görýärler.

Aşgabadyň kabul etmäge taýýarlanýan Oýunlary şeýle gerimdäki ilkinji halkara ýaryşlary bolar. Şonuň üçin bu çäre biz üçin hem gyzykly hem-de örän jogapkärli bolup durýar. V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen türkmen wekiliýetleri halkara sport ýaryşlaryny guramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek üçin daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradylýar.

Oýunlaryň mynasyp derejede geçirilip, Aşgabat, Türkmenistan we tutuş yklym üçin ýatdan çykmajak waka öwrülmegi üçin biz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, beýleki halkara guramalary we esasy daşary ýurt hünärmenleri, bilermenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýäris.

HABARÇY: Aziýa oýunlaryny kabul etmegiň ýolunda nähili esasy tapgyrlaryň geçendigi barada gürrüň beräýseňiz ?

D.GULGELDIÝEW: 2010-njy ýylda  Türkmenistanyň Milli  Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama baglaşylan dessine iri möçberli çärä işjeň taýýarlyk başlandy.

2013-nji ýylda Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň döredilmegi onuň nobatdaky tapgyry boldy. Ýagny, işler konseptual meýilnamadan aýry-aýry ugurlar boýunça anyk iş tekizligine geçdi.

Munuň üçin Ýerine ýetiriji komitetiň düzüminde 15 sany bölüm döredildi. Oýunlary dünýä ýaýmak maksadynda 2014-nji ýylda Aşgabatda daşary ýurtly žurnalistleriň we habar beriş serişdeleriniň hünärmenleriniň, Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Halkara media-forumlary geçirildi.

2015-nji ýylda “Aziada-2017 – ösüşiň we parahatçylygyň bahbidine Türkmenistanyň sportdaky orny” diýen halkara maslahat geçirildi. 2016-njy ýylda Aşgabat Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň geçirilen ýerine öwrüldi.

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Oýunlaryň başlamagyna çenli 500 günüň galmagynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin atly ýörişe badalga berdi. Bu atly ýöriş  ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap alyp, Aziada-2017-niň açylýan güni paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda jemlener.

Atly ýigitleriň 17-si Parfiýa patyşalygynyň paýtagty bolan “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghananyň ýanyndan ajaýyp bedewlerde ýurdumyzyň welaýatlary boýunça ýola düşdiler. 

HABARÇY: Hut ahalteke bedewi hem Aziada-2017-niň baş nyşanyna öwrüldi...

D.GULGELDIÝEW: Hawa, Oýunlaryň resmi logotipinde pellehana bagyny üzýän atyň kellesi öz keşbini tapdy. Bedew-Aşgabat Aziadasynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, ol tutuş ýurdumyzyň, häzirki döwrüň nyşany, ol biziň bagt tumarymyz diýip aýtsam hem artykmaç bolmaz. Şonuň üçin  döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atly ýörişi geçirmek hakynda pikirini ähli türkmenistanlylar ruhubelentlik bilen goldadylar. Şol atly topar iri «Galkynyş» gaz käninde ýakylan alawy Olimpiýa stadionyna alyp geler.

Häzir, telegepleşikler we metbugat habarlary arkaly hemmeler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň gözel ýerlerini gurşap alan şol atly ýörişiň barşyna gözegçilik edýärler. Şeýlelikde, biz tutuş dünýä öz ýurdumyzy, onuň belli taryhy we medeni, tebigy ýadygärliklerini açyp görkezýäris, dürli öwüşginli däp-dessurlarymyz bilen tanyşdyrýarys. Elbetde, buýsanjymyz we şan-şöhradymyz bolan ahalteke bedewlerimizi hem dünýä tanadýarys.

HABARÇY: Şol çäreleriň geçiriljek döwrebap sport desgalaryny üpjünlemek iri sport ýaryşlaryny guramagyň çylşyrymly meseleleriniň biri bolup durýar. Bu babatda hem ýurdumyzyň görkezjek zatlary bar bolsa gerek?

D.GULGELDIÝEW: 2010-njy ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üpjünçiligi we gerimi boýunça Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk täsin Olimpiýa şäherjiginiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Häzirki wagtda bu toplumda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. 2015-nji ýylyň sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Ahmad Al-Fahad Al-Sabah “Sport” we “Olimpiýa” myhmanhanalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Olimpiýa şäherjiginiň käbir desgalary eýýäm synag ýaryşlaryny kabul etdi. Şu ýylyň martynda ýapyk welotrekde welosiped ýaryşlary boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.

Sport desgalarynyň taýýarlyk derejesini barlamak maksadynda halkara sport assosiasiýalary bilen bilelikde daşary ýurt toparlarynyň gatnaşmagynda synag sport ýaryşlarynyň sanawy ylalaşyldy.

Olaryň birinjisi – Sambo boýunça Aziýa çempionatydyr. Ol söweş sungatlary toplumynda geçirildi. Ýaryşlaryň öňýanynda bu ýere halkara sport guramalarynyň tehniki bilermenleri gelip gördüler, olar toplumyň şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini ykrar etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň köpugurlylygyny bellediler, munuň özi bu ýerde sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sambo boýunça Aziýa çempionatyna 17 ýurtdan wekilleriň 400-e golaýy gatnaşdylar. Biziň watandaşlarymyzyň umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýelemegi we medallaryň umumy sany boýunça – 66 medal we altyn medallaryň 21-ini gazanmagy diýseň buýsandyrýar.

Iýun aýynda şol ýerde türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşlara 16 ýurtdan 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen pälwanlary jemi 98 medal gazandylar, olaryň 44-si altyn, 28-si kümüş we 26-sy bürünç medallardyr. Munuň özi biziň türgenlerimize ýeňiş  Kubogyny eýelemäge mümkinçilik beren ajaýyp netijedir.

Mundan başga-da, çempionatyň barşynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň guşakly göreş federasiýasynyň Kongresi geçirildi. Onda türkmen göreşini bu guramanyň düzümine girizmek hakynda çözgüt kabul edildi. Mundan beýläk ol Aziýanyň göreş we guşakly göreş federasiýasy diýlip atlandyrylar.    

450 meýletinçiniň gatnaşmagynda ilkinji synag ýaryşlarynyň geçirilen wagty myhmanlary garşylamak we ugratmak, ulag üpjünçiligi, akkreditasiýa, metbugat we telewideniýe bilen işlemek, ýaryşlary guramak, logistika, sport desgasyny dolandyrmak ýaly ugurlar hem özleşdirildi. Şeýle hem olaryň hatarynda wekiliýetleriň ýanynda bolmak, lukmançylyk üpjünçiligi, iýmitlenme, howpsuzlyk, doping-gözegçilik, sylaglamak dabarasy we beýlekiler boldy.

Sambo, göreş we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty işgärleriň we meýletinçileriň taýýarlyk derejesini we endiklerini barlamaga mümkinçilik berdi, sport hünärmenlerimiziň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetiň mejlisinde haýran galdyryjy ýeňişlere eýe bolan ýurdumyzyň türgenlerini gutlamagy bizde aýratyn buýsanç duýgusyny döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz türgenlerimizden indiki ýyl Aziýa oýunlarynyň barşynda hem şeýle ýokary netijelere garaşýar.

Çempionatlary beýan etmäge ýurdumyzyň metbugatynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Olar Aziadanyň öňýanynda sport wakalarynyň dessin reportaž işini we on-laýn düzgüninde habar bermek endiklerini özleşdirdiler. Türkmenistanyň Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň žurnalistika bölüminiň talyplary hem ýaryşlar wagtynda teswirlemek işinde öz mümkinçiliklerini iş ýüzünde barlap gördüler.

Şonuň üçin Olimpiýa şäherjigini diňe biz däl-de, eýsem ol hem bizi – dürli ugurlaryň işgärleriniň ägirt uly toparyny, meýletinçileri we türgenleri, dolandyryjylary we guramaçylary synagdan geçirdi diýip aýtmak bolar.

HABARÇY:....nähili baha berildi?

D.GULGELDIÝEW:  Halkara sport guramalarynyň wekilleriniň çempionatlary geçirmegiň derejesi, olimpiýa desgalary we beýlekiler barada seslenmeleri bizi diýseň guwandyrdy. Biziň myhmanlarymyz 2017-nji ýylda Aziadanyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigi barada bir pikire geldiler. Biz bu babatda ähli tagallalary edýäris.  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Aziada-2014 Guramaçylyk komitetiniň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Olaryň barşynda möhüm meseleler çözülýär, desgalaryň, adamlaryň, tehnikalaryň taýýarlyk ýagdaýyna baha berilýar we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem alynan bilimlere, endiklere we toplanan tejribä seljerme berilýär.

Häzir biz halkara derejesindäki nobatdaky synag ýaryşlaryna taýýarlyk görýäris. Türgenlerden başga-da, biz sport ulgamynyň hünärmenlerine garaşýarys. Olar Oýunlara taýýarlygyň barşyna gözegçilik edip bilerler, biz bolsa, täze gyzykly pikirleri we peýdaly tejribäni toplap bileris. Häzir, Türkmenistanyň Aziada-2017 ýaly uly sport forumyny kabul etmäge taýýarlyk görýän mahaly uly sportuň ussatlarynyň pikirleri we maslahatlary biz üçin aýratyn möhüm we gymmatly bolup durýar.

HABARÇY: Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň we geljek ýyl geçiriljek Aziýa oýunlaryny guramak bilen meşgullanýan adamlaryň hemmesine uly üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň. Oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine bolsa, hiç-hili şübhelenme ýok, sebäbi onuň taýýarlyk işlerine ýurduň baştutany – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan örän uly üns berilýär. 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: