Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi04 Awgust, 2016 (12:24)

BölümSoňky habarlar

Belliklerju-jitsu

Dünýä we Aziýa çempionatlarynda ju-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň üstünligi

Şu günler Horwatiýada we Şri-Lankada geçirilen dünýä we yklym derejesindäki ýaryşlarda ju-jitsu boýunça türkmen ussatlary uly üstünlikleri gazandylar.

Horwatiýanyň Split şäherinde söweş ju-jitsu boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi. Türgenlerimiz jemi alty medal eýelediler. Ýaryşlar 20-ä golaý ýurtdan, şol sanda Ýaponiýadan, Koreý Respublikasyndan, Kongodan, Senegaldan, Kamerundan, Alžirden, Eýrandan, Türkiýeden we beýlekilerden dünýäniň iň güýçli türgenlerini bir ýere jemledi.

Biziň türgenlerimiz üçin söweş ju-jitsuda göreşmegiň örän ýowuz görnüşleriniň biri bolan “doly galtaşma” görnüşdäki çykyşlar netijeli boldy. 76 kilogram agram derejesinde Rustam Rozmetow milli ýygyndymyza altyn medal getirdi. Ol bu ýeňşi topardaşy Annageldi Annasähedowdan gazandy. Netijede, onuň kärdeşi “kümüşe” eýe  boldy. Rejepnur Agaýewiň hem (72 kilogram derejesi) ýeňiş gazanmaga oňat mümkinçilikleri boldy, ýöne alan şikesi ýaryşy tamamlamaga mümkinçilik bermedi, şoňa görä-de türgen kümüş medala mynasyp boldy. Kümüş medallary şeýle hem  söweş ju-jitsu boýunça ussatlarymyz Çarymyrat Annagurbanow (92 kilogramdan ýokary dereje) we Dörtguly Jumaýew (84 kilogram) gazandylar.

Biziň watandaşymyz—halkara derejeli emin Rustam Ymamgulyýew  ýaryşlara  emin hökmünde-de gatnaşdy. Ol şeýle hem söweş sungatynyň tehnikasyna ýokary derejede erk edip bilşini görkezip, ju-jitsunyň hemme emellerini aňrybaş bilmegi talap edýän “özüňi goraýyş” görnüşinde ikinji orny eýeledi.

Şri-Lankada, Negombo şäherinde geçirilen kenar jiu-jitsu boýunça  Aziýa çempionatyndaky çykyşlar hem türkmen türgenleri üçin üstünlikli boldy. Şonda biziň türgenlerimiz 22 medala mynasyp boldular. Çempionata 15 ýurtdan, şol sanda Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Saud Arabystanyndan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Yrakdan, Eýrandan, Şri-Lankadan, Hindistandan türgenler gatnaşdylar.

“Newaza (dyzyň bilen eliň ýere direlendäki göreş)” görnüşinde zenanlaryň arasynda biziň ýygyndymyz umumy toparlaýyn birinji orny eýeledi. Türgenlerimizden Nilufar Muhiddinowa (55 kilogram agram derejesi), Mähri Akmuradowa (62 kilogram) altyn medal gazandylar, şeýle hem 70 kilogram derejesinde altyn medala mynasyp bolan Göwher Atdaýewa absolýut agram derejesinde bürünç medala eýe boldy. 45 kilogram agramda Gülbahar  Matremowa ýurdumyzyň ýygyndysyna kümüş medal gazandy. Dinara Jumadurdyýewa (45 kilogram), Ulýana Kudinowa (49 kilogram), “bürünç” gazandylar. Watandaşymyz Leýla Kulyýewa oňat tehnikasy üçin Kuboga mynasyp boldy, ol şeýle hem 70 kilogramdan ýokary agramda bürünç medal gazandy.

Erkekleriň arasynda “Newaza” görnüşinde ju-jitsu boýunça türkmen ussady Adaýew Muhammet (94 kilogramdan ýokary)  bürünç medala eýe boldy.

Biziň türgenlerimiz “No GI Ne-Waza (dyzyň bilen eliň ýere direlendäki ýagdaýda gursakçasyz) görnüşinde hem medallara mynasyp boldular. Bürünç medaly Kerimberdi  Döwletow (62 kilogram), Ýusup Taňryberdiýew (69 kilogram), Abdylla Babaýew we Nurjikow Mekan (77 kilogram), Rahat Kurbanow (85 kilogram), Muradow Döwran (94 kilogram) gazandylar. Zenanlaryň arasynda Akmyradowa Mähri (70 kilogram), Göwher Atdaýewa 70 kilogramdan ýokary agramda kümüş medala eýe boldular.

“Duo show (Özüňi goraýyş)” görnüşinde hem türgenlerimiz erkekleriň arasynda Muhammet Adaýew we Döwlet Kasymow, zenanlaryň arasynda Göwher Atdaýewa we Dinara Jumadurdyýewa bürünç medal gazandylar.

Ildeşimiz Ata Adaýewiň söweş ju-jitsunyň Aziýa Federasiýasynyň prezidenti we Bütindünýä federasiýasynyň wise-prezidenti, şeýle hem Aziýanyň ju-jitsu birleşiginiň wise-prezidenti hem-de Newaza ju-jitsunyň Orta Aziýa federasiýasynyň prezidenti bolup durýandygy hem sportuň bu görnüşini ösdürmekde Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyndan habar berýär. Ju-jitsunyň “Newaza”  görnüşiniň 2018-nji ýylda Jakartada geçiriljek Aziýa oýunlarynyň sport görnüşleriniň sanawyna goşulandygy nazara alnanda, türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki üstünlikleri aýratyn ähmiýetlidir.  Bu babatda hem biziň pälwanlarymyzyň oňat mümkinçiligi bar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Habarlar #ju-jitsu

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: