Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi09 Awgust, 2016 (10:30)

BölümSoňky habarlar

Belliklerkikboks

Türkmenistanyň ýygyndysy kikboksingiň K-1 ugry boýunça Aziýanyň açyk çemponatynda ýeňiş gazandy

Ildeşlerimiz kikboksing boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda (K-1 ugry boýunça) üstünlikli çykyş edip, 10 medala, şol sanda 6 altyn we 4 kümüş medala mynasyp boldular. Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen halkara ýaryşyna ýurdumyzyň, gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegstanyň, owganystanyň iň güýçli kikboksçylary gatnaşdylar. Toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň ýygyndysy öňdeligi eýeledi

Altyn medallara Hudaýguly Kömekow (54 kilograma çenli agramlyk derejede), Nariman aýdogdyýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede), Merdan Mämmedw (67 kilograma çenli agramlyk derejede), berdi Bekmyradow (75 kilograma çenli agramlyk derejede), Azamat Jumakulyýew (86 kilogramaçenli agramlyk derejede) mynasyp boldular. 71 kilograma çenli agramlyk derejede türgenlerimiz Goçmyrat Jumanyýazow we Şöhrat Ýagmyrow degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Şeýle hem kümüş medallara Gadam Abdyýew (63,5 kilograma çenli agramlyk derejede), Serdar Mämmedow (81 kilograma çenli agramlyk derejede), Şöhrat Pirimanow (91 kilograma çenli agramlk derejede) mynasyp boldular.

Geçirilen ýaryşlar sentýabr aýynyň başynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek gündogar başa-baş söweşi boýunça dünýä oýunlarynyň öňüsyrasynda kikboksçylar üçin uly synag boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Habarlar #kikboks

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: