Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi10 Awgust, 2016 (10:59)

BölümSoňky habarlar

BelliklerRio2016, Agyr atletika

Braziliýada ýene-de Türkmenistanyň milli rekordy goýuldy

Braziliýada dowam edýän Olimpiadada agyr atletika boýunça türkmen pälwanlary dünýäniň güýçli türgenleri bilen birlikde ýaryşa girişdiler. Dünýäniň esasy ýaryşlarynyň meýdançasyna Gülnabat Kadyrowa (69 kilograma çenli agramlyk derejede) çykdy.

Biziň ildeşimiz “B” toparda çykyş etdi. Birden götermek görnüşinde birinji we ikinji synanyşyklar netijeli boldy: ol 85 hem-de 90 kilogram agramlygy ynamly götermegi başardy. G.Kadyrowanyň 94 kilogram agramy buýran üçünji synanyşygy şowsuz boldy.

Indiki görnüşi bolan itip galdyrmakda türgen gyzymyz ilkinji iki synanyşygyny tehniki taýdan nädogry ýerine ýetirdi, ýöne üçünji synanyşygynda 105 kilogram agramlykdaky ştangany galdyrmaga doly hötde geldi. Şeýlelik bilen Gülnabat iki görnüşiň jemi boýunça 195 kilogram netije bilen öz çykyşyny tamamlady. Bu bolsa diňe bir onuň şahsy üstünligi bolman, eýsem ýurdumyzyň täze milli rekordy boldy. Ozalky rekord hem (192 kilogram) onuň özi tarapyndan ýazky Aziýa çempionatynyň barşynda goýlupdy.

Ýene-de bir türkmen agyr atletikaçy - ýokary agram – 105 kilogramdan ýokary agram derejesinde yklym ýaryşlarynyň kümüş medalynyň eýesi bolan Hojamuhammet Toýçyýew öz çykyşyna 16-njy awgustda başlar.

15 we 17-nji awgustda Rio-de-Žaneýronyň Olimpiýa stadionyna ýeňil atletikanyň türkmen ussatlary çykar. 200 metr aralyga ylgajak Ýelena Rýabowa ýaryşyny çärýek finaldan başlar, Amanmyrat Hommadow bolsa ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşda çykyş eder.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Habarlar #Rio2016

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: