Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi25 Iýul, 2016 (11:15)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Aý daglarynyň eteginde

Halal hem gaýratly zähmetleri bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagyna mynasyp goşant goşýan Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şu günler Aziada — 2017-niň şanyna hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýola düşen atlylar toparyny ata-babalarymyzdan bize miras galan däp-dessurlarymyza laýyklykda güler ýüz, duz-çörek, şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar. Gamyşgulak bedewlere atlanan balkanly ýigitleriň on ýedisinden ybarat topar ýakynda Serdar, Bereket etraplaryny yzda galdyryp, eziz Diýarymyzyň jenneti künjegi hökmünde tanalýan Magtymguly etrabyna gelip ýetdi.

Täsin baýyrlyklaryň, belentli-pesli dag gerişleriniň, gözel jülgeleriň arasy bilen uzap gidýän ýoly külterläp barýan atlylar bu ajaýyp gözelliklerden çäksiz lezzet aldylar. “Aý daglary” diýen at bilen Diýarymyzyň çäklerinden daşarda-da giňden tanalýan täsin künjek atly ýörişe gatnaşyjylary has-da haýran galdyrdy. Hakykatdan hem birwagtlar Aýyň üstünden düşürilen suratlara örän meňzeş bu belentliklere geň galmazlyk mümkin däl. Dürli dag jynslaryndan emele gelip, beýikligi onlarça metre çenli ýetýän bu depeler islendik jahankeşdäniň ünsüni özüne çekýär. Şu ýerde türkmen nusgawy edebiýatynyň dünýä belli ägirtleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Garajaoglanyň, Gurbandurdy Zeliliniň keşplerini janlandyran Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň «Aý daglarynyň» depelerine çykyp joşgunly goşgy okamagy ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.

Gorgunyna gelýän ajaýyp bedewleriň üstünde Döwlet baýdagymyzy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny buýsançly göterip, ykjam oturan atlylary etrabyň merkezi Magtymguly şäheriniň girelgesinde ýerli ilat güler ýüz, duz-çörek, şatlyk-şowhuna beslenen ýokary ruhubelentlik bilen garşyladylar. Asylly däplerimize laýyklykda münüp gelýän bedewlerinden salyhatlylyk bilen düşen atly ýörişe gatnaşyjy ýigitler ýaşuly nesliň wekilleri bilen mähir-muhabbetli salamlaşyp, hal-ýagdaý soraşdylar. Soňra köp sanly ýaşlaryň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, etrabyň ýaşaýjylarynyň yzlaryna eýeren atlylar dabaraly ýöriş bilen şäherdäki häzirki zaman sport mekdebine geldiler. Mekdebiň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen meýdançada welaýatyň we etrabyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary, milli oýunlar boýunça ýaýbaňlandyrylan bäsleşikler bu ýere ýygnanan adamlaryň kalplaryna röwşen nuruny çaýýar. Özlerini garşy alan ýaşulular, welaýatyň we etrabyň sport baradaky komitetleriniň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen sport mekdebiniň içine giren atly ýörişe gatnaşyjylar behişdi künjegiň türgenleriniň dürli derejedäki sport bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän sergide ýerleşdirilen kuboklary, medallary, Hormat hatlaryny höwes bilen synlaýarlar. Şu pursatda desganyň zallarynda woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilen ýaryşlar, trenažýor zalyndaky türgenleşikler, eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Magtymguly etrabynda hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyk tapýandygyny alamatlandyrdy.

Soňra atly ýörişe gatnaşyjylaryň ýoly türkmeniň beýik söz ussady, ruhy seždegähi Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany bolan Gerkez obasyna tarap gönügýär. Ýolugra gözel Sumbar derýasyny kesip geçen atlylar jülgäniň ugrundaky ýaňy bitginli hasyla durup ugran nar plantasiýalaryny synlap, tebigatyň ajaýyp sazlaşygyndan ruhy lezzet alýarlar.

At-owazasy dumly-duşa ýaýylsyn, Gün düşmez gür baglyga bürenip oturan Gerkez obasynyň ýaşaýjylary hem myhmanlary ýokary derejede garşylaýarlar. Duz-çörek dadan atly ýörişe gatnaşyjylar beýik şahyrymyzyň bu ajaýyp obadaky nurana heýkeline ter gül desselerini goýup, tagzym edýärler. Etrabyň medeniýet müdirliginiň ussat gelin-gyzlarynyň joşgunly ýerine ýetiren «Yhhymmyly», folklor toparlarynyň halk döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça görkezen sahnalary, hoş owazly estrada aýdymçylarynyň çykyşlary Gerkez obasynyň daş-töwereginde howalanyp oturan beýik daglaryň gaýalaryna ýaň salyp, alyslara ýaýrap gidýär. Äpet çynarlaryň saýasynda ýörite gurnalan meýdançada ümä üýşen gelin-gyzlaryň şatlyk-şowhuny barha artýar. Bagşylaryň dutardyr gyjagyň owazyna goşulyşyp gidýän halk aýdymlary göwnüňi göterip, süňňüňe ýeňillik paýlaýar.

Gerkez obasynyň myhmansöýer, şahandaz hem agzybir il-ulusy bilen mähirli hoşlaşan atly ýörişe gatnaşyjylar ençeme menzilleri yzda galdyryp, Magtymguly Pyragynyň etrap merkezine aýratyn ýaraşyk berip oturan, ýokary binagärlik talaplaryna kybap gurlan iki gatly muzeýiniň öňündäki meýdança gelip ýetýärler. Muzeýiň öňündäki ýadygärlikler toplumy, ajaýyp meýdançada möwç urýan baýramçylyk joşguny özboluşly sazlaşyp, göwünleri göterýär. Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren kompozisiýasy bu ýere ýygnanan adamlaryň joşgunly el çarpyşmalary bilen garşylanýar. Ýaraşykly ak sport eşiklerini geýnen ýaşlaryň «Aziada — 2017» diýen ýazgyny emele getirişlerine buýsanmazlyk mümkin däl. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda bolsa öz merdana halkyny baky bagtyýarlyga ýar eden Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ägirt uly işleri, halkymyzyň erkana we bolelin durmuşa, türkmen sportunyň rowaçlyklary öz mynasyp beýanyny tapdy. Soňra geçen ýylyň güýzünde açylyp, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen bu muzeýiň içindäki bölümlerinde ýerleşdirilen täsin eksponatlar bilen tanyşlyk atly ýörişe gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Muzeýiň ylmy işgärleriniň hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän ajaýyp, çuň-many mazmunly kitaplary, bu gymmat bahaly eserleriň ähmiýeti, muzeýdäki gadymyýetiň dürli döwürlerinden habar berýän eksponatlar barada beletlik bilen berýän gürrüňleri hormatly myhmanlaryň kalbynda ata Watanymyza, mähriban döwlet Baştutanymyza, mukaddes topragymyza bolan söýgi-buýsanjy has-da arşa göterdi.

Aziada—2017-niň şanyna ýola düşen atly ýörişe gatnaşyjy balkanly ýigitler tebigat gözelliklerine, taryhy ýadygärliklere, täsinden täsin haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan, bagtyýar raýatlarymyzyň müňlerçesiniň ýaşaýan we halal zähmet çekýän mesgeni bolan Magtymguly etraby bilen tanyşlyklary ýokary ruhubelentlige beslendi.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: