Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi01 Awgust, 2016 (11:21)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Sumbar jülgesinde

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli, mähriban Diýarymyzy gurşap aljak we Aşgabatdaky ajaýyp Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda Aziada—2017-niň dabaraly ýagdaýda açyljak gününde tamamlanjak atly ýörişe badalga berilmegi hiç wagt ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biridir. Bu atly ýöriş şu günler Balkan welaýatynda ýokary ruhubelentlik bilen dowam edýär.

Uzak-uzak menzilleri yzda galdyryp barýan behişdi bedewleriň on ýedisine atlanan ýigitleri welaýatyň obadyr şäherlerinde ata-baba däp-dessurlarymyza laýyklykda, deňli-derejeli garşy alyp, mähir-muhabbet bilen ak ýola salýarlar. Bu taryhy atly ýörişiň welaýatyň Magtymguly etrabyna gelmegi köňülleri söýgi-buýsanja beslän pursatlara juda baýlygy bilen tapawutlandy.

Dowar bakyp ýören oglanjygyň atlylara gözi düşenden, goşa ýönelip, «Ata, bize bir topar atly myhman gelýär, buşluk!» diýip gygyrýan sesi daş-töwerege ýaň salyp gidýär. Agras keşbi syrdam göwresine ýaraşyk berip duran çopan «Gelen — döwlet» diýip, ýerli ýagdaýa görä, juda amatly ýerde tutulan alty ganat ak öýden çykýar. Öýüň gapdalyndaky telär, taýak atym ýerdäki tamdyr, ojak, agylda saglyp duran düýäniň köşegini ysgap durşy, biri beýlekisinden sonarly baýyrlaryň ýüzünde agaýana otlap ýören agyr süri täsin bir sazlaşygy emele getirip, uzak ýoly geçip gelen atlylaryň süňňüne ýeňillik paýlaýar. Tamdyra çörek ýapyp, ondan çykaran mele-myssyk nanyndan çagalaryna, agtyklaryna mähir bilen paýlaýan enäniň ýüzündäki röwşenlik, onuň öz durmuşyndan müň mertebe razydygyndan habar berýär. Daglaryň göwsüni ýaryp çykan durnagöz çeşmeden bedrelerini dolduryp suw alyp gelýän gyzy, bili dokma guşakly ýanlyk ýaýyp duran syrdam boýly gelni göreniňde, bize ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň, urp-adatlaryň, kesp-kärleriň şu nurana günlerimizde-de nusgalyk derejede dowamat tapýandygyna magat göz ýetirýärsiň. Ojakda atarylan gazandaky tagama duran batyrma, oduň közüne lakyrdap gaýnaýan tüňçe işdäňi açyp, süňňüňe kuwwat aralaşdyrýar. Oňa çenli-de gujur-gaýraty mesaňa görnüp duran ýaşuly çopan atlaryny teblä baglap, gadyrly salamlaşan myhmanlaryny ak öýde giňden ýazylan bereketli saçagyň başyna çagyrýar. Çaý-nahardan işdämenlik bilen iýip-içip, ýagşydan-ýagşy doga-töwirlerden soň turmaga rugsat soran ýigitler, behişdi bedewlerine atlanyp ýene-de ýola rowana bolýarlar.

Dört tarapy belent başly daglar bilen gurşalan bu jenneti mekanyň Parhaý jülgesi bu gün gadymy türkmen obasyny ýada salýar. Magtymguly etrabynyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary, welaýatyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, sungat we bilim işgärleri, Balkan atçylyk toplumynyň hünärmenleri atly ýörişe gatnaşyjylary gadymydan gelýän asylly däplerimize laýyklykda güler ýüz, duz-çörek, mähir-muhabbet bilen garşylaýarlar. Pisse agaçlarynyň saýasynda ümä üýşen gelin-gyzlaryň, tans we halk döredijilik toparlarynyň şatlyk-şowhunlary al-asmana göterilýär. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň il-ulsumyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerini, bolelin durmuşymyzy, erkana ýaşaýşymyzy, türkmen sportuny wasp edip ýerine ýetirýän şirin aýdym-sazlary, dumly-duşdaky dabaralardan beleň tapan atlaryň kişňeýän sesleri belent başly daglaryň gaýalaryna ýaň salýar.

Ýatda galyjy dabaralar, mähirli duşuşyklar tamamlanandan soň  bu etrabyň ajaýyp jülgesine ýygnanan ýaşulular ellerinde Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny buýsanç bilen göterip duran atly ýörişe gatnaşyjylara ak ýol arzuwlap, olary Balkan welaýatynyň Etrek etrabyna tarap ugradýarlar.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: