Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi06 Awgust, 2016 (11:30)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

FotogalereýaAtly ýöriş: Gadymy Dehistandaky dabara

Atly ýöriş: Gadymy Dehistandaky dabara

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyza, merdana, agzybir hem zähmetsöýer halkymyza çäksiz söýgüsi netijesinde eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli uly tutumlar Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda özüniň mynasyp dowamatyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli, atly ýörişe badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu taryhy atly ýörişiň Etrek etrabyndaky tapgyry hem köňülleri söýgi-buýsanja beslän pursatlara juda baýlygy bilen tapawutlandy. 
Etrabyň Madaw obasynyň golaý-goltumynda — «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki ýaýlada atly ýörişe gatnaşyjylary garşylamaklyga bagyşlanan baýramçylyk joşguny möwç urdy. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerine atlanyp, berdaşly gollarynda Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşanyny buýsançly göterip gelen ýigitleri etrabyň il sylagly ýaşululary duz-çörek, güler ýüz bilen garşylaýarlar. Edep bilen atdan düşen ýigitler aksakgal gojalar bilen hormatly salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, giň ýaýladaky altmyş başly ak öýlerden döredilen obany höwes bilen synlaýarlar. 

Myhmanlar alymlaryň «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän, biziň döwrümize çenli saklanyp galan gadymy galalar, şäherleriň yzlary, minaralar, metjitler, howuzlar we kerwensaraýlar barada berýän gürrüňlerini höwes bilen diňleýärler. Ata-babalarymyzyň ussatlyk bilen salan binalarynda Orta asyrlaryň binagärlik sungatyndan habar berip duran minaranyň ikisi, juma metjidiniň girelgesiniň iki gapdaly, Orta asyr şäherleriniň penasy bolan içki hem daşky gorag diwarlarynyň käbir görnüşleri biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Gadymy Dehistan şäheriniň umumy meýdany 200 gektardan gowrak bolup, bu ýerde irki döwürlerde ýaşaýyş ýokary derejede gülläp ösüpdir. 

Atly ýörişe gatnaşyjylaryň we bu ýere ýygnanan köp sanly adamlaryň öňünde çykyş eden welaýatyň we etrabyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlarynda bagtly durmuşymyz wasp edilýär. 
Türkmen obasynyň nurana keşbi janlandyrylan giň ýaýladan ugran atlylar Madaw obasyndaky sport mekdebine höwes bilen aýlanyp, türgenleriň görkezme çykyşlaryna buýsanç bilen tomaşa etdiler hem-de güneşli Diýarymyzyň iň bir çetki künjeklerinde-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlyk tapýandygyna magat göz ýetirdiler. 

Soňra atly ýörişe gatnaşyjylar Etrek şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda ulanyşa berlen demir ýol menziline tarap ugur aldylar. Olar ýolugra ýurdumyzda diňe şu subtropik mekanda ösüp, hasyl berýän zeýtun agaçlarynyň ynsan yhlasy bilen döredilen tokaýlygyny synladylar.
Etrek demir ýol menzilinde juda uludan tutulan dabarada belentden ýaňlanan aýdym-sazlara, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna uly orun berildi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren küştdepdisi atly ýörişe gatnaşyjylaryň köňül guşuny al-asmana göterdi. Hut şonuň üçin hem atly ýörişe gatnaşyjy ýigitler ýerli sungat ussatlaryna goşulyp, höwes bilen küşt depdiler.

Hawa, atly ýöriş ata Watanymyzyň günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda ruhubelent dowam edýär. Munuň şeýledigine olaryň Etrek etrabynda garşylanyş dabaralary hem doly güwä geçýär. 

Etrek etrabynda güler ýüz, duz-çörek, mähir-muhabbet bilen garşylanan atlylary etrabyň ýaşululary indiki ýetjek menzillerine — welaýatyň düýpli ykdysady we medeni-durmuş özgertmelerini başdan geçirýän Esenguly etrabyna tarap, rowaçlyk arzuw edip, ak ýola saldylar.
Atly ýöriş Balkan welaýatynda buýsanç bilen dowam edýär.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: