Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi13 Awgust, 2016 (11:39)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Şanly ýörişiň 100 güni: Täze sepgitlere tarap

Gadymy dessanlardan, hususan-da, «Görogludan» niçeme menzillik ýoly göz açyp-ýumasy salymda geçip bilýän atlar hakynda okanymyzda, käte öz ýanymyzdan «Beýle zat bolup bilermikä?» diýsek, käte-de okaýan eserimiziň dessandygyny ýatlap, haýran galjagam bolmazdyk. Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli atly ýörişiň başlan gününden bäri eýýäm 100 günüň geçendigine ser salanymyzda bolsa, bedew atlaryň ýyndamlygyna wagtyň hem tär edip bilmeýändigi hakynda oýlanýarys.

5-nji maýdan bäri 3 aý 8 gün däl-de, bary-ýogy 5 gün geçen ýaly bolup dur. Şol günüň ýakymly wakalaryny, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda toý-dabaralar bilen 17 atlyny 500 günlük ýola ugradyşymyzy ýatlamalarymyzyň iň arzyly ýerinde saklaýarys. Şeýle-de bolsa, ümzügi Aziada — 2017-ä gönügen atlylaryň ýola düşenine eýýäm 100 gün bolaýypdyr.

Biz 100 güne «Göz açyp-ýumasy salymda geçäýipdir» diýýäris. Ýöne «şujagaz salymyň» dowamynda türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri bilen gyzyklandyk welin, garaşanymyzdan hem täsin maglumata gabat geldik. Diňe «Türkmenistan» gazetiniň sahypalarynda berlen hoş habarlaryň esasynda aýdanymyzda-da, 5-nji maýdan bäri türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda gazanan medallarynyň, kuboklarynyň sany 240-dan hem geçipdir. 100 günde 240-dan gowrak medal! Diýmek, her günde 2 medaldan hem kän gazanylypdyr. Muňa Aziada — 2017-ä sary ýola düşen atly ýörişiň şanly gadamy diýseň hem, barha ýakynlaşýan sport baýramçylygynyň kalplara bagyşlaýan ýeňiş ruhy diýseň hem bolup dur. Şol günleriň dowamynda medallaryň agramly böleginiň paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşlarda gazanylandygyny ýatlamak bolsa has-da ýakymly. Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri maý aýynda geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatyny 66, şondan bir aý çemesi soň türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa birinjiligini 98 medal bilen tamamlap, bu ýaryşlaryň ikisinde hem toparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. 

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu taryhy atly ýörişe gatnaşyjylar oýunlaryň açylyş dabarasyna şöhratly alawy alyp gelerler. Elbetde, ýörite alaw bilen ýöriş geçirmek olimpiýa häsiýetli iri ýaryşlaryň ählisine mahsus. Ýöne Aşgabat Aziadasynyň hormatyna geçirilýän ýörişiň aýratynlygy onda türkmen halky diýlende, ilki bilen seriňe gelýän gymmatlyklaryň biri bolan bedewiň esasy orny eýelemegidir. Taryhda ilkinji gezek olimpiýa häsiýetli iri ýaryşa bagyşlanan ýöriş 500 günläp dowam edýär! Taryhda ilkinji gezek bu ýöriş bedew atlar bilen bilelikde geçirilýär! 

Atly ýörişe gatnaşyjylaryň paýtagtymyzyň etegindäki Nusaý galasyndan dabaraly ugradylyşynda hormatly Prezidentimiziň: «Şu gün badalga berilýän dabaraly atly ýöriş halkymyzy döredijilikli işlere galkyndyrar. Berkarar Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we geljegine buýsanjyny artdyrar» diýen sözleri ýörişiň ähmiýetini doly tassyklaýar. Biz bu sözleriň subudyna ýörişe gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň taryhy ýadygärliklerine, gözel künjeklerine baranynda-da, ýörişiň Balkan welaýatynyň çäginde dowam edýän günlerinde-de aýdyň göz ýetirdik we ýetirýäris. Taryhy ýöriş diňe türkmen sportunyň däl, eýsem, türkmen topragynyň dünýä ýüzündäki şanyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe. Metbugat sahypalarynda ýörişe gatnaşyjylaryň baran ýerleri baradaky maglumatlar yzygiderli berilýär. Şol habarlardan hem görnüşi ýaly, bu ýöriş ýurdumyzyň beýik geçmişine ýene bir ýola şan berýär. Hut şu ýöriş arkaly Aziada — 2017-ä barýan 500 günlük ýoluň her bir pursady toýa, şatlyga, buýsanja beslenýär. 

Hawa, Aşgabat Aziadasynyň başlanmagyna 400 gün galdy. Öňde duran 400 günüň adaty bir wagt aralygy däldigini, eýsem-de bolsa ýurdumyzyň taryhynda yz galdyrjak wakalara beslenjekdigini häzirden arkaýyn aýdyp bileris. Nesip bolsa, şu ýyl Aşgabatda ýene-de dört sany halkara synag ýaryşy geçiriler. Oýunlaryň geçiriljek günlerinde Ýer ýüzüniň 60-dan gowrak döwletinden geljek myhmanlaryň ilkinji düşelgesi — Aşgabadyň Halkara howa menzili myhmanlaryny kabul edip başlar. Aziada — 2017-niň geçiriljek ýeri bolan sebitiň iň iri sport toplumynyň — Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy doly tamamlanar. Bular — göze görnüp duran iri wakalaryň diňe käbiri. Bu sanawa türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanjak ýeneki üstünliklerinden başlap, merjen paýtagtymyzyň has özgerýän durkuna çenli goşup bileris.

100 gün, aslynda, 500 gün hem goja taryh üçin deňizden bir damjasy ýaly. Şeýle-de bolsa, bir ýylyň üçden birinden hem az möhletiň içinde taryhda yz galdyrjak işleri amala aşyryp bolýandygyny bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan subut edýär. Onsoň ösüşleriň ak atyna atlanan Watanymyza neneň guwanmajak?! Şol ösüşleriň kerwenbaşysy Gahryman Arkadagymyza neneň alkyş aýtmajak?!
Gadamyndan şan döreýän bedewlerimiziň ümzügi Aziada — 2017-ä gönügen ýoly seniň şaha-şaha ýaýran beýik ýoluň bir ülşüdir, jan Watanym, Türkmenistan!

Taryhy ýöriş, aslynda, Siziň mähriban ýüregiňizden gözbaş alyp gaýtdy. Bu gün bütin dünýä Siziň ýüregiňizden uzan ýollaryň beýik menzillere ýetýändiginiň şaýady. Goý, bagtyýar şu günümizden röwşen geljegimize sary uzan beýik ýoluňyz rowaçlyklara ýaran, dowamat-dowam bolsun, Gahryman Arkadagymyz!

"Türkmenistan".

 

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: