Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi16 Awgust, 2016 (11:44)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Esenguluda

Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň hormatyna bagyşlanan taryhy atly ýöriş Diýarymyzyň günbatar welaýatynda dowam edýär. Behişdi bedewlerimize atlanyp, Döwlet tugumyzy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de V Aziýa oýunlarynyň nyşanyny ynamly göterip gelýän atly topar welaýatyň her bir oba-kendinde, taryhy ýadygärlikleriniň duşunda, şäherlerinde we etrap merkezlerinde ýerli ilat tarapyndan güler ýüz, duz-çörek, mähir-muhabbet, şatlyk-şowhun bilen gyzgyn garşylanylýar.

Tutumly toýlara ýazyp gidýän şeýle döwrebap dabaralaryň her biri atly ýörişe gatnaşyjylara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görýän bu sebitiň taryhy ýadygärlikleri, ajaýyp tebigaty, welaýatyň ähli künjeklerinde amala aşyrylan ägirt uly ykdysady we medeni-durmuş özgertmeleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berýär. Ata Watanymyzyň iň täze taryhynda mynasyp orny eýelejek bu atly ýörişe gatnaşyjylar ýakynda Esenguly etrabynyň çägine buýsanç bilen gadam basdylar.

Ýörişe gatnaşyjylaryň ilkinji düşelgesi “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Keýmir” gaz gysyjy desgasynyň edara binasy boldy. Olar Watanymyzyň uglewodorod çig mallarynyň ägirt uly gorlarynyň ýerleşýän mesgeninde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra olaryň ýoly ymgyr çölüň içinde tutanýerli iş alyp barýan burawlaýjylaryň üstünden düşdi. Gahryman Arkadagymyzyň satyn alyp beren kämil buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylar arzyly myhmanlary öz iş şertleri bilen içgin tanyşdyrdylar.

Ýelden ýüwrük, owadanlykda deňi-taýy bolmadyk bedewlere atlanan ýigitleriň etrap merkezi Esenguly şäherinde garşylanylyşy ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Taryhy ösüşleri başdan geçirýän şäher bilen tanyşlygy etrap aragatnaşyk kärhanasyndan başlan atly ýörişe gatnaşyjylary etrap hassahanasynda hem güler ýüz bilen garşyladylar. Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlan hassahananyň görnükli ýerinde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaby boýunça döredilen sergi myhmanlaryň üns merkezinde boldy. Bu kitapda görkezilen melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlardan içip, teşneligini gandyran myhmanlar hassahananyň işi bilen tanşyp, bu ýerde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen halka hyzmat edilýändiginiň şaýady boldular.

Ýörişe gatnaşyjy ýigitleriň il sylagly ýaşulular bilen täze gurlan çagalar bagyna barmagy aýratyn many-mazmuna beslendi. Körpeleriň labyzly okaýan goşgularyny, ussatlyk bilen ýerine ýetirýän döwrebap aýdymlaryny hezil edip diňlän myhmanlar çagalar bagynyň ýaş nesle döwrebap terbiýe bermekde ähli amatlyklara eýedigine magat göz ýetirdiler.

Alys ýollary geçip gelen atlylaryň täze dokalan ajaýyp halynyň gadymdan galan däp-dessurlarymyza laýyk kesilip duran pursadyna gabat gelmegini Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň öz işine ussat gelin-gyzlary döwletlilikden nyşan hökmünde kabul etdiler. On barmaklaryndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň armasyny ýetiren myhmanlar bu ýerdäki haly-palas önümlerinden, amaly-haşam sungatynyň el işlerinden döredilen ajaýyp sergä höwes bilen tomaşa etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren sport toplumy bu gün esengululylaryň iň köp barýan arzyly ýerleriniň biri bolup durýar. Bu toplumda yzygiderli geçirilýän türgenleşikler, çekeleşikli ýaryşlar etrapda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlyk tapýandygyndan habar berýär. Muňa etrabyň türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlarda gazanan kuboklary, medallary, Hormat hatlary ýerleşdirilen sergi hem aýdyň güwä geçýär. Atly ýörişe gatnaşyjylar toplumyň sport zallarynda woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we beýleki görnüşler boýunça ýaýbaňlandyrylan ýaryşlara hem höwes bilen tomaşa etdiler.

Esenguly şäheriniň iň bir gözel künjegindäki etrap medeniýet merkeziniň ajaýyplygy hem atly ýörişe gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ümeçi gelin-gyzlaryň ata Watanymyzyň rowaçlyklaryny, milli Liderimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli ägirt uly işlerini, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň üstünliklerini wasp edip ýerine ýetirýän hüwdüleri, läleleri, gazallary bu ýere ýygnananlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Etrabyň medeniýet, bilim işgärleriniň taýýarlan sergisi hem dabaraly çärä aýratyn öwüşgin berdi. Ussat aýdymçylaryň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary bu künjegiň bagtyýarlyk nuruna beslenendigini doly aýdyňlygy bilen subut etdi. Medeniýet merkeziniň zalynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanan sahna oýnuna höwes bilen tomaşa eden myhmanlar bu ajaýyp ymaratda sungatyň ähli ugurlary bilen meşgullanmaga döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdiler hem-de ulgamy ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Etrap merkeziniň ajaýyplyklary, şäheriň ýaşaýjylarynyň şahandazlygy, agzybirligi hem-de myhmansöýerligi bilen ruhlanan atly ýörişe gatnaşyjylary ýaşulular ýagşydan-ýagşy arzuwlar bilen ýola saldylar. Halkymyzyň merdanalygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň beýanyna öwrülen bu taryhy atly ýöriş üstünlikli dowam edýär.

"Türkmenistan".

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: