Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi19 Awgust, 2016 (11:57)

BölümAtly ýöriş

Bellikleratly ýöriş

Atly ýöriş: Hazynalar mesgeni Ekeremde

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Watanymyzyň ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň hormatyna ýola düşen atly ýöriş eziz Diýarymyzyň senenamasynda aýratyn orun eýeläp, bu gün Balkan welaýatynda ýokary ruhubelentlikde ýoluny dowam edýär. Günbatar sebitiň Esenguly etrabynyň çägindäki hazynalar mesgeni bolan Ekerem şäherçesine uzak-uzak menzilleri aşyp gelen atlylar bu görkana mekanda dowam edýän gülläp ösüşleriň şaýady boldular.

Gamyşgulak, ýelden ýüwrük bedewlere atlanan balkanly gerçek ýigitler ýolugra türkmen tebigatynyň täsinliginiň ýene bir güwäsine öwrülen Akpatlawuk wulkanyny höwes bilen synladylar. Hut şu tebigy hadysanyň özi-de güneşli ülkämiziň günbatar sebitiniň bu künjeginiň uglewodorod çig mallarynyň ägirt uly gorlaryny öz goýnunda saklaýandygynyň güwäsidir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň esasy önümçilik düzümleriniň aglabasynyň — «Gamyşlyjanebit», «Keýmir» nebit-gaz çykaryjy, «Ekerem» tilsimat ulaglary we beýleki kärhanalaryň edara binalarynyň, açyk we ýapyk sport toplumlarynyň ýerleşýän ýeri bolan Ekerem şäherçesiniň aksakgal ýaşululary, welaýatyň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly ýerli ýaşaýjylar erkana çaýkanyp ýatan Hazar deňziniň altynsow çägeli kenarlaryndan ynamly aýak basyp gelýän atlylary güler ýüz, duz-çörek bilen garşyladylar.

Bu ýerde döredilen ajaýyp sahnada welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat guramasynyň taýýarlan medeni çärelerine tomaşa etmek hormatly myhmanlarda juda ýakymly täsir galdyrdy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ägirt uly işleriniň, Diýarymyzda sport ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy. Medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde ýerli ýaşaýjylaryň hem gatnaşmaklarynda belent hyjuw bilen ýerine ýetirilen küştdepdi ajaýyp türkmen obasynyň asmanyna ýaň salyp, köňüllere röwşenlik nuruny çaýdy. Şeýle ajaýyp hem döwrebap aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanyp duran pursadynda ýaşlaryň mawy deňizde gaýyklarda ýüzüşlerini synlamak hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Alty ganat ak öýleriň öňündäki sekilerde milli egin-eşiklere beslenip oturan ümeçi gelin-gyzlaryň edýän el işleri, uly joşgun bilen aýdýan läleleri, hüwdüleridir gazallary bu mekanda bagtyýarlygyň, agzybirligiň hem-de şahandazlygyň höküm sürýändigini subut etdi.

Welaýatyň, etrabyň we Ekerem şäherçesiniň medeniýet işgärleriniň kenarýaka ilatyň asyrlaryň dowamynda ýörelge edinen däp-dessurlaryny, balyk awlamaga görýän taýýarlyklaryny, milli oýunlaryny janlandyran sahnalary atly ýörişe gatnaşýan myhmanlarda we bu ýere ýygnanan adamlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan zehinli çagalaryň gojaman Hazaryň kenarynda çeken suratlary hem juda täsirli boldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininiň önümi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik eserlerinden we beýleki gymmatly kitaplaryndan döredilen sergi atly ýörişe gatnaşyjylaryň şanyna uludan tutulan dabaranyň iň bir köp adamly ýeri boldy. Şu ýerde melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlardan içen adamlar öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýtdylar.

Mähriban ülkämiziň her bir künjeginiň özüne muwapyk aýratynlyklary, gözellikleri, tebigy sazlaşyklary bar. Munuň şeýledigine atly ýörişe gatnaşyjylaryň her biri deňziň kenarynda dürli reňkli balykgulaklardan döredilen keşpleri, Aziadanyň şekillerini höwes bilen synlanlarynda hem magat göz ýetirdiler. Balykgulaklardan juda ussatlyk bilen döredilen bu şekiller türkmen Diýarynyň bu ajaýyp künjeginde hem sagdyn durmuş ýörelgesine wepadarlygyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga uly höwesiň höküm sürýändigini alamatlandyran pursatlaryň biri boldy.

Ekerem şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň myhmansöýerliginden, agzybirliginden we şahandazlygyndan göwünleri galkynan atly ýörişe gatnaşyjy balkanly ýigitler berdaşly gollarynda Türkmenistanyň Döwlet tuguny, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baýdagyny we Aziýa oýunlarynyň nyşanyny mäkäm tutup, ýetmeli täze menzillerine — günbatar sebitiň düýpli ösüşleri başdan geçirýän Gumdag şäherine tarap ýokary ruhubelentlikde ýola düşdüler.

Habarlar #atly ýöriş

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: