Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi02 Sentýabr, 2016 (12:37)

BölümResmi habarlar

BelliklerAşgabat-2017

FotogalereýaBaşa baş söweş sungaty sport toplumy

Olimpiýa şäherçesindäki söweş sungatlary sport toplumy –Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde gurlan binalaryň arasynda iň meşhurlarynyň biridir

Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tehniki ölçeglerine doly laýyk gelýän bu bina dessine emçeme ýurduň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. 2015-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Aşgabatda Aziýanyň sambo Birleşiginiň (ASB) wekilleri kabul edildi. Täze sport toplumynda geçirilen maslahatda esasan Aziada-2017 we dünýä sportuny ösdürmekde Türkmenistanyň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Ýaryşyň bäsleşiklere hemme zat taýyn bolan ilkinji güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynyň maslahatlar zalynda Aziýanyň sambo Birleşiginiň kongresi geçirildi. Mejlise 20 ýurtdan wekiller gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanda sambonuň ýokary derejede ösenligi belllenildi. Türgenler dünýä we Aziýa çempionatlarynda, beýleki halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edýärler. Häzirki wagtda olar dünýä boýunça iň güýçli toparlaryň bäşligine we Aziýa yklymynda bolsa, güýçlileriň üçlügine girýärler.Ýurtda döwrebaplaşdyrylan sport infrastrukturasynyň bolmagy we türgenlerimize ussatlygyny ýokarlandyrmaga şertleriň döredilmegi olaryň dünýä çempionatlarynda we beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda şowly çykyş etmeklerine ýardam etdi. 2015-nji ýylda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 162-sine gatnaşyp, medallaryň 441-sini (143 altyn, 98 kümüş we 170 bürünç) eýelediler. Olaryň 74-si dünýä, 58-si Aziýa birinjiliklerinde gazanyldy. 

Şeýle netijeli iş üçinem ýurdumyzda sambo hormat artýar—7 ýyl bäri sambo Federasiýasy ýurtda iň gowy federasiýalaryň biri diýlip ykrar edilýär.Türkmen samboçylary ülkämizde geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallaryň 13-sini eýeläp we umumytoparlaýyn birinji orna düşüp, ussatlygyny ýene bir gezek subut etdiler. Türkmenistanyň topary mundan başga-da, kümüş medallaryň 26-syna we bürünç medallaryň hem 19-syna mynasyp boldy. 

Söweş sungaty sport toplumy janköýerleriň bäş müňüsine niýetlenendir. Bu ýerde başa-baş söweşleriň köp görnüşleri—sport göreşi, boks, taekwondo, agyr atletike boýunça ýaryşlary geçirse bolar. Onuň esasy zaly (52mx30m) birbada tatamileriň üçüsini goýmaga mümkinçilik berýär.Olimpiýa şäherjiginiň beýleki binalary ýaly bu desganyň taslamasy we gurluşygy Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň tehniki ölçeglerine laýyklykda ýerine ýetirildi. Olar iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. 

Ýaryşa gatnaşyjylar we myhmanlar üçin zerur şertleriň ählisi döredilen: oňaýly eşik çalşyrylýan ýerler, 30-dan gowrak ýuwnulýan otagçalar (duşlar), hammam we sauna bar. Toplumyň ikinji we üçünji gatlarynda umumy 448 orunluk naharhanalar ýerleşen. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň oňaýly işlemegi üçin çaltlaşdyrylan internet ulgamy bilen üpjün edilen gowy enjamlaşdyrylan metbugat merkezi, masalhatlar zaly bar. Sport toplumynda ýörüteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk nokatlarynyň birnäçesi bar. 

Halkara ölçeglerine eýermek—ýokary derejeli ýaryşlary geçirmegiň hökmany şertidir. Olimpiýa şäherçesiniň gulluklarynyň her bir hereketi anyk kesgitlenendir we sazlaşykly gurnalandyr, onda hereket edýän düzgünlerden we kadalardan çykma ýokdur. Sambo boýunça Aziýa çempionaty ýaly synag ýaryşy hem olaryň Aziada 2017-ä taýýarlygyny görkezdi.

Habarlar #Aşgabat-2017

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: