Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi05 Sentýabr, 2016 (12:51)

BölümResmi habarlar

BelliklerAşgabat-2017

FotogalereýaSportuň oýun görnüşleriniň toplumy

Sport oýunlary toplumy – Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň iň iri desgasydyr

Uniwersal oýunlar zalynyň umumy meýdany 26,2 müň inedördül metrden gowrakdyr. Elde oýnalýan toply oýunlara ýörüteleşdirilen zaly toplumyň esasy binasydyr, ol 155.40x168.40 metr möçberde, uzynlygy 43 metrdir, bu bolsa bäş gatly jaýdan-da belentdir. Toplumyň göwrümi ony biri-birini meňzeş sport görnüşlerini birnäçesini geçirmekde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Ýapyk köpugurly sport meýdançasy Aşgabatda ilkinji gezek guruldy. Bu ýerde dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirse bolar. 2017-nji ýylda geçiriljek Aziva oýunlarynda bu ýerde basketbol, woleýbol, gandbol, çeper gimnastika, badminton, gylyçlaşma sporty, stol üstünde oýnalýan tennis we batutda bökmek boýunça halkara ýaryşlary geçiriler. Mundan başga-da, toplumda dzýudo we milli göreş boýunça ýaryşlary gurnamaga mümkinçilik döredilendir. 

Şu kysmy sport toplumlarynda stasionar we özgerdilýän kömekçi enjamlary bolýar. Göreş, boks we agyr atletika ýaly ýörüteleşdirilen zallardan tapawutlylykda uniwersal meýdançalarda tomaşaçylar üçin köp orunlaryň bolmagy ykdysady taýdan ýerliklidir. Biziň toplumymyzda janköýerler üçin 15 müň orun göz öňünde tutulandyr, bu bolsa bu ýerde dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Sport toplumynda ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin örän amatly şertler göz öňünde tutulan. Münberlerde Olimpiýa komitetiniň we sport federasiýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, maýyplar we olaryň kömekçileri üçin ýerler gurlan. Olimpiýa şäherçesiniň beýleki binalarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem maglumatlar ulgamy we telewideniýe gepleşiklerini gurnamagyň tehnologik kadalary berjaý edilen. Äpet maglumatlar wideomonitorynyň beýikligi 11 metrdenem belent bolsa, daşky gurşawynyň ini 14 metr bolup, ol ýaryşyň barşyny onlaýn-şertde görkezmäge mümkinçilik berer. 

Mundan başga-da, bäş gatly binada metbugat konferensiýalaryny, sport forumlaryny we okuw-maslahatlaryny geçirmäge niýetlenen umumy 330 orunlyk maslahatlar zallarynyň ikisi bar. Türgenler üçin ýuwunmak üçin otagçalaryň (duşlaryň) we hammamlaryň birnäçesi, owkalama otagy, naharhana göz öňünde tutulan. Toplumyň her gatynda sport muşdaklary ýaryşlaryň arakesmesinde dynç alar ýaly amatly kafeler bar.

Habarlar #Aşgabat-2017

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: