Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi23 Sentýabr, 2016 (21:38)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň sport metbugaty assosiasiýasynyň Altyn medaly bilen sylaglandy

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Soňra mejlise çagyrylan Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň prezidenti Mohammad Kasyma söz berildi. 

Biziň ýurdumyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda diňe sport we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda däl-de, eýsem, durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny aýdyp, jenap Mohammad Kasym Aşgabatda bolmagynyň oňa türkmen Lideriniň köpugurly işleriniň hem-de geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň türkmenistanlylaryň abadançylygyna hem-de Türkmenistanyň rowaçlygyna gönükdirilendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berendigini belledi. Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň ata-babalarynyň müňýyllyklaryň içinden alyp gelen milli mirasyny aýawly saklamak we artdyrmak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. “Siz milletiň ruhy baýlygyna aýawly garamagyň belent nusgasyny tutuş dünýä görkezdiňiz” diýip, jenap Mohammad Kasym döwlet Baştutanymyza ýüzlenip aýtdy. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hem-de bu ugurda watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlarymyza şahsy görelde görkezip, adam hakynda aladany, onuň saglygyny we abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Ýurtda döwrebap sport düzümini döretmäge gönükdirilýän ägirt uly serişdeler döwlet Baştutanynyň ýokary üstünlikler sportuny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek meselelerine örän uly üns berýändigine şaýatlyk edýär diýip, myhman munuň ýakyn geljekde öz miwelerini berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlet beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly serişdeleri gönükdirmäge ukyplydyr. 

Aziada — 2017-ä taýýarlyk görlüşine ýokary baha bermek bilen, Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýolbaşçysy Aşgabatda Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä ýaýmaga bagyşlanyp geçirilen Halkara sport media-forumyny guramakda ägirt uly goldawy we ýardam edendigi üçin türkmen Liderine çuňňur hoşallygyny bildirdi. 

Maslahatyň işlän günleri dünýäniň 29 döwletinden bolan esasy teleradioýaýlymlaryň, metbugat neşirleriniň, halkara we sebit assosiasiýalarynyň wekillerine Türkmenistanda sporty we köpçülikleýin- bedenterbiýe hereketini ösdürmek, yklym oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrylýan işleriň gerimini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik döredildi diýip, myhman sözüni dowam etdi. Biz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrebap sport düzümini döretmäge, hünärli işgärleri taýýarlamaga berýän ägirt uly ünsüniň türkmen türgenleriniň iri halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlarynyň girewi bolup hyzmat edýändigine nobatdaky gezek göz ýetirdik diýip, Mohammad Kasym belledi. 

Dünýäniň sport giňişliginde bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek babatda Türkmenistanyň abraýyny artdyrmakda öňde boljak oýunlaryň aýratyn ähmiýetini bellemek bilen, Aziýa sport metbugaty birleşiginiň baştutany öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň dünýä bileleşigini türkmen halkynyň gazananlary bilen tanyşdyrmagy öz borjy hasaplaýar diýip aýtdy. Şeýle hem myhman Aziada—2017-niň Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

— Türkmenistanda bolmak meniň üçin uly hormatdyr diýip, myhman Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy milli sport hereketini ösdürmäge we sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly goşandy üçin ýokary derejeli Altyn medal bilen sylaglamak hakynda karar kabul edendigini habar berdi. Türkmenistanyň Baştutany ilkinji bolup, bu ýokary sylaga mynasyp boldy diýip, jenap Mohammad Kasym belledi. 

Myhman dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda hormatly Prezidentimize Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýokary sylagyny hem-de degişli diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, türkmen Liderine abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallygyny beýan etmek bilen, myhman biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

Milli Liderimiz hormatly sylag üçin Aziýa sport metbugaty birleşiginiň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, sport-parahatçylygyň ilçisi bolup, ol dürli ýurtlarda we yklymlarda ýaşaýan halklary birleşdirmäge ukyplydyr diýip belledi. Türkmenistanda her bir raýatyň bähbidine sporty ösdürmek üçin örän uly işler geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu işleriň häzir öz anyk netijelerini berýändigini belledi. Biziň watandaşlarymyz halkara ýaryşlarynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýärler, köp sanly medallara mynasyp bolýarlar. 

Aziýa sport metbugaty birleşiginiň bu sylagy her bir türkmen türgeniniň, tälimçisiniň we tutuş sportuň üstünliklerini ykrar etmegiň nyşany bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň halkara sport hereketinde ykrar edilmegini aňladýan şeýle ýokary baha biz üçin uly buýsanç bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Mohammad Kasymyň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Aziýa oýunlaryny dünýä ýaýmakda öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: