Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi27 Sentýabr, 2016 (18:23)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistan-Hytaý: Netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ugry bilen

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sinin şäherinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan köptaraply forum esasan 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bilim syýasatynyň üstünliklerine bagyşlanyldy.

Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň bu çäresiniň geçirilmegi üçin Sinin şäheriniň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Sinhaý welaýatyndan bolan wekiliýet Türkmenistanda ýygy-ýygydan bolýan myhmanlardyr, olar Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi tarapyndan guralan çärelere gatnaşan biziň Hytaýda ýaşaýan ildeşlerimizdirem.

Sinhaý welaýatynyň Sinindäki Milletler uniwersitetinde 26-njy sentýabrda geçirilen sport, bilim, ykdysadyýet ulgamlarynda Türkmenistanyň gazananlarynyň myhmansöýer hytaý topragynda tanyşdyryş çäreleriniň başyny başlady. Sinhaý welaýatynyň bilim departamentiniň ýolbaşçylary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpsanly mugallymlar we talyplar tanyşdyryş çäresiniň myhmanlary boldy. Olara ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, medeni mirasy, Hytaý bilen ýola goýlan özara bähbitli işewür we ynsanperwer aragatnaşyklar barada giişleýin maglumatlar berildi. Ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Muny bolsa ähmiýetli çäreleriň häzirki tapgyry ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Şol gün Sininde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sinhaý welaýatynyň Bilim departamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Ähtnama talyplary alyşmagyň, tejribe alyşmagyň, türkmen we hytaý dillerini öwrenmek boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmegi göz öňünde tutýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklarda gazanylan, şol sanda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilenn ylalaşyklary has işjeň durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Bu  resminama 

Türkmenistanyň bilim edaralarynda hytaý dilini okatmagy çuňlaşdyrmak boýunça bellenilen işler babatda aýratyn wajypdyr. 

Ähtnama gol çekmek dabarasyna gatnaşan welaýatyň wise-gubernatory Çeng Lihuanyň belleýşi ýaly, bu resminama hyzmatdaşlyk etmek, medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagy ugrunda ähmiýetli ädim bolup, iki ýurda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin zerur bolan ugurlar boýunça hünärmenleri has netijeli taýýarlamaga ýardam eder.

27-nji sentýabrda Sinin şäheriniň Medeniýet we sungat merkezinde Aziada-2017-ä hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyly içinde bilim ulgamynda Türkmenistanyň gazanan täsir galdyryjy üstünliklerine bagyşlanylan sergi açyldy. 

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşan Sinin şäheriniň meri Çžan Sýaorun bu çäräniň gözbaşy asyrlaryň çuňlyklaryna aralaşýan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Gadymy Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýoluna öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna bolsa Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň we Türkmenistanyň geografiýa taýdan örän amatly ýerleşmegi hem ýardam edýär. Meriň belleýşi ýaly, şu gün açylan sergi Hytaý şäheriniň ýaşaýjylary üçin Türkmenistanyň şu  güni we mirasy bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Sergide V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Bilim ministrligi  bilelikdäki diwarlygy görkezdiler. 

Inženerçilik işi, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki isleg bildirilýän hünärler boýunça Sinin şäherinde bilim alýan ýurdumyzyň talyplary hem serginiň myhmanlary boldular. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä ykdysadyýetinde has üstünlikli we ösýän ýurtlara,  Hytaýa hem her ýyl zehinli ýaşlary okamaga ugradýar. Ýurtlaryň arasynda talyplary alyşmagyň netijesinde Hytaýdan we Sinhaý welaýatyndan bolan talyplar hem Türkmenistanda okaýarlar. Şoňa görä-de, myhmanlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri barada bilmek örän gyzykly boldy. Sergide zehinli türkmenistanlylar tarapyndan halkara talyp we mekdep ders bäsleşiklerinde gazanylan baýraklar aýratyn orun tutdy. 

Sergide Türkmenistanyň baý mirasy we şu güni barada gürrüň berýän neşirler görkezildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şol sanda hytaý diline terjime edilen kitaplary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Serginiň uly bölümi syýahatçylygyň merjeni hasaplanýan Türkmenistan barada gürrüň berdi. Onda “Syýahat” žurnalynyň ýörite sanlary, ajaýyp ýerler barada, “Aziada-2017-ä”, milli türkmen naharlarynyň baýlygyna we köpdürlüligine, “Awaza”  milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanylan maglumatnamalar görkezildi. Türkmenistanyň hem-de Aziada-2017-niň nyşanlary şekillendirilen owadan sowgatlyk önümleri myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Serginiň esasy görnüşleriniň hatarynda “Aziada-2017-niň” alawy bar. Sowgatlyklar, dokma önümleri, nyşanlar, meýletinçileriň egin-eşikleri--  bularyň ählisi Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlaryndan habar berdi.  Myhmanlar sergi bilen tanşyp, Aziada-2017-niň ruhuna aralaşyp bildiler, dünýä üçin örän ähmiýetli boljak bu sport wakasyna özlerini gatnaşyjylar we tomaşaçylar hökmünde göz öňüne getirip bildiler. 

Uly ekranda owadan wideofilmler we şekiller görkezildi. Olaryň hatarynda öňde boljak iri ýaryşlara, ýurdumyzyň sportdaky mümkinçiliklerine, Türkmenistanyň gazananlaryna hem-de köptaraply türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi tarapyndan döredilen wideofilmler hem bar. 

Sergä ýurdumyzyň medeni mirasy barada gürrüň berýän ajaýyp fotoişler hem-de çeper suratlar, milli egin-eşikler we türkmen modelýerleriniň işleri hem gatnaşdy. 

Sinin şäherindäki çäreleriň maksatnamasyny Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagy dowam etdi. Ondaky harytlaryň giň görnüşini ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi görkezdi. Bazaryň şu ulgamynda ýurdumyzyň önümleriniň daşary ýurtly degişli önüm öndürijileriniňkiden bäsleşikde ynamly üstün çykmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa bolsa, onuň ýokary hili, häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassa çig mal ýardam berýär. Artýan görnüşler we önümçiligiň möçberleri içerki bildirilýän islegi kanagatlandyrmak bilen birlikde ýurdumyzyň harytlarynyň daşarky bazarlara eksportunyň ösdürilmegi üçin hem şertleri döredýär. Sinin şäherinde Türkmenistanyň söwda merkeziniň açylmagy hem bu ugurdaky ýene-de bir ädimdir.

Onuň tekjelerinde halk döredijiliginiň serişdeleri, haly önümleri, keteniden tikilen milli egin-eşikler ýerleşdirildi. Söwda merkeziniň tekjelerinde türkmen dokma önümleri, arassaçylyk serişdeleri, dermanlyk otlardan taýýarlanylan önümler giňden görkezilipdir. 

Harytlaryň görnüşleriniň içinde azyk önümleri aýratyn orun tutýar. Olar türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen miwe suwlary, süýji-köke önümleri, balygyň gaýtadan işlenilmeginden taýýarlanylan gaplama önümlerdir. Söwda öýi şäheriň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döretdi hem-de işiniň ilkinji gününde onuň içi alyjylardan doly boldy.      

Şol Sinin şäherinde Sinhaý welaýatynyň Milletler uniwersitetiniň sport toplumynda sport festiwaly açyldy. Durky täzelenenden soň, Sport toplumynyň stadionynyň işiniň ilkinji gününde Türkmenistandan bolan sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerijileri kabul etmeginiň çuňňur manysy bardyr. 

Festiwalyň çäklerinde futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Şonda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary ýerli ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň ýygyndysy bilen duşuşyp, Sinhaý welaýatynyň Milletler uniwersitetiniň talyplar ýygyndysyny ýeňdi hem-de Sinhaý uniwersitetiniň topary bilen deňme-deň oýnady.

Şol gün 27-nji sentýabrda Hytaýyň Urumçy şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Sindzýan welaýatynyň uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi tejribe, usulyýet işläp düzmeleri alyşmagyň çäklerinde hem-de beýleki ugurlar boýunça iki ýokary okuw mekdebiniň özara gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

28-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Sinhaý welaýatynyň Sinhua-Salarsk awtonom okrugyna baryp görer. Şol ýerde okrugyň dolandyryş merkezinde duşuşyk hem-de onuň ykdysady üstünlikleri we medeni däpleri bilen tanyşlyk geçiriler.

Dostluk we hyzmatdaşlyk forumy 29-njy sentýabrda Sinin şäherinde tamamlanar.Şol ýerde serginiň serginiň we sport festiwalynyň netijeleri jemlener.

 


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: