Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi02 Oktýabr, 2016 (11:34)

BölümSoňky habarlar

BelliklerDanang-2016, kurash, ju-jitsu

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Aziýa kenarýaka oýunlarynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar

Wýetnamyň Danang şäherinde dowam edýän bäşinji Aziýa kenarýaka oýunlarynda türkmen topary altyn medallaryň ikisine, kümüş medallaryň dördüsine we bürünç medallaryň 9-syna mynasyp bolup, gazanan medallarynyň sanyny 15-e ýetirdiler.

Medallaryň köp sanlysyny—altysyny watandaşlarymyz kuraş göreşi boýunça ýaryşlarda gazandylar. 90 kilogram agram derejesinde final tutluşygy türkmen pälwanynyň peýdasyna tamamlandy. Yhlas Setdarow çekeleşikli bäsleşikde Nabi Aliýewi ýykmagy başardy. Türgenleriň ikisi hem Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr. 

Kümüş medallaryň ýene-de birini Nurýagdy Jepbarow (73 kg. çenli) gazandy. Bürünç medallaryň üçüsine bolsa Muhammet Temirow we Sanjar Abdyrahmanow (81 kg. çenli), şeýle hem Zarina Saparowa (48 kg. çenli) mynasyp boldular. 

Biziň türgenlerimiz göreşiň sambo we jiu-jitsu görnüşleriniň her birinde 3 medal gazanmagy başardylar. “Ýaragsyz goranmak” göreşi boýunça gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üstüni ýetirdi: hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Begli Meretgeldiýew (62 kg. çenli), ikinji basgançagyna Nuraly Ýalkapow (90 kg. çenli) hem-de üçünji orna Dinara Rozykulowa (56 kg. çenli) çykdylar. 

Jiu-jitsu göreşinde Ýusup we Ahmet Taňryberdiýewler görkezme çykyşlarynda tapawutlanyp, kümüş medallara mynasyp boldular. Bürünç medal Ulýana Kudinowa (49 kg. çenli) we Angelina Filippowa (55 kg. çenli) nesip etdi.

Üçünji ornuň ikisini taý boksynyň ussatlary Ýaňyl Kawisowa (57 kg. çenli) we Jennet Aýnazarowa (60 kg. çenli) eýelediler. 

Erkin göreş boýunça pälwan Ýusup Melejäýew bürünç medal (90 kg. çenli) gazandy.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: