Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi13 Oktýabr, 2016 (14:51)

BölümResmi habarlar

BelliklerÝeňil atletika

FotogalereýaÝeňil atletika toplumy

Ýeňil atletika toplumy-Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň esasy binalarynyň biridir

Ýüzi Oguzhan şaýoluna bakyp duran binada özboluşly üýtgeşik binagärlik bezegleri, iň täze tilsimat çözgütleri we gurluş nepisligi sazlaşykly utgaşýar. 

Köpugurly klasteriň içi hem nepis bezegleri we ulanylyş amatlyklary bilen tapawutlanýar. Ýeňil atletika manežlerinde, göwnejaý enjamlaşdyrylan sport meýdançalarynda, tomaşaçylar üçin münberlerde, dynç alyş otaglarynda, fitnes-zallarda, eýwanlarda, kafeteriýalarda, mejlisler jaýlarynda, edara ediş otaglarynda oňaýlylyk we täzeçillik, döwrebap dizaýn we amatlylyk, özboluşly çyralar bezegi binadakylaryň böleklere amatly bölünişi bilen sazlaşykly utgaşýar.

Binagärlik derejesinden we özboluşly tilsimlrden başga-da, Ýeňil atletika toplumy, ozaly bilen köpugurly sport desgasydyr. 40 müň inedördül metrden gowrak ýerde sportuň dürli görnüşleri üçin birnäçe zallar ýerleşýär. 

Olaryň iň irisi—„sport melikesiniň“ ýaryşlary geçiriljek ýeňil atletika manežidir. Ol iň döwrebap sport gurallary we enjamlary bilen üpjün edilipdir, olary Italiýanyň „Mondo“ kompaniýasy oturdypdyr. Bu kompaniýa mundan başga-da, döwrebap ylgaw ýodajyklaryny hem ýörüte örtük bilen örtdi, olar golaýda Aşgabatda geçirilen halkara ýeňil atletika ýaryşynda synagdan üstünlikli geçdi. Aziýanyň ýeňil atletika federasiýasynyň başlygy Aýrat Nygmatow Türmenistan ähli ugurlarda, şol anda sportda hem görlüp-eşidilmedik ösüş gazandy diýip belledi. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlary-da muňa şaýatlyk edýär. Daşary ýurtly hünärmen ýapyk ýeňil atletika manežiniň dünýäde iň gowularynyň biridigini belledi.

Halkara ýeňil atletika assosiasiýasynyň wekili, döwründe ajaýyp türgen bolan-syrykly bökmekde dünýäniň ençeme gezek çempiony Sergeý Bubka Aşgabatda ýurdymyzyň sport guramalarynyň wekilleri bilen duşuşanda täze topluma haýran galýandygyny aýtdy. 

Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda toplumyň ýodajyklarynda 60-dan gowrak döwletiň wekilleri güýç synanşarlar. Olar 60, 400, 800, 1500 we 3000 metre, päsgelçilikli 60 metre ylgamakda, 4x100metr estafeta ýarynda bäsleşerler. Bu ýerde geçiriljek uzynlyga we ýokary bökmek, üçürdikläp bökmek, daş zyňmak ýaryşlaryna we bäşewi bäsleşiklere janköýerleriň 5000-si tomaşa edip biler. 

100х55 metrlik esasy ýeňil atletika maneži baş ýaryşlara, türgenleşiklere bolsa—71,75x53 metrlik el-ýaýk ýazar ýaly zal niýetlenip, onda ylgaw ýodajyklary, böküş çukurlary, päsgelçilikler we zerur sport enjamlarydyr gurallary bar. 

Ýeňil atletikaçylaryň taýýarlygy we çykyşlary üçin toplumda zerur şertleriň bary döredilen. Lukmançylyk we owkalama otaglary, hammamlardyr saunalar, dynç alyş otaglary, eşik çalşyrylýanlar we ýunulyş otagçalary olaryň hyzmatynda. Toplumda naharhanalaryň dördüsi we 176 orunluk kafeteriýalaryň üçüsi bar, türgenlerem, janköýerlerem olardan peýdalanyp bilerler.

Ýeňil atletika toplumynda Aziada-2017-ä girýän sportuň beýleki görnüşleri boýunça-da ýaryşlar geçirse bolar. Bu ýerde gurnalan ajaýyp bouling zalynda ýodajyklaryň 32-si bar. Janköýerleriň 500-si türgenleriň çykyşlaryna syn edip bilerler. 

Bu ýerde küşt boýunça-da ýaryşlar geçirmek göz öňünde tutulan. Munuň üçin bu ýerde aň-paýhas oýny üçin we ýaryşlar otaglary enjamlaşdyrylypdyr. Mundan başga-da, toplumda 96 orunluk köpugurly zal bar, onda kompýuter we stol üstünde oýnalýan oýunlary gurasa bolar. Edara ediş bölüminde iş otaglarynyň birnäçesi, maslahatlar otaglary, 80 orunluk mejlisler jaýy we beýleki kömekçi otaglar bar. 

Habarlar #Ýeňil atletika

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: