Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi16 Oktýabr, 2016 (10:39)

BölümSoňky habarlar

BelliklerWelosport

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmen welosipedçileri belli tälimçiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa  oýunlarynyň başlanmagyna bary-ýogy 11 aý galdy. Şonuň üçin hem türkmen türgenleri bu iri sport ýaryşlaryna halkara hünärmenleriniň hem ýolbaşçylygynda  ykjam taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda belli hünärmen, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan tälimçisi Albert Kolybin Aşgabatda işleýär. Ol ýarym ýylyň dowamynda welosipedçilerimiz bilen Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän welotrek görnüşleri boýunça türgenleşik işlerini geçirer. 

Daşary ýurtly hünärmen indi 45 ýyldan gowrak wagt bäri tälimçi bolup işleýär. Albert Fýodorowiç GDA ýurtlarynyň, Efiopiýanyň, Gwatemalanyň, Perunyň, Çiliniň türgenleri bilen işleşip, onlarça welosipedçileri taýýarlady. Olaryň arasynda dünýäniň we Ýewropanyň çempionatlarynyň ýeňijileri hem az däl. 

A.Kolybin tälimçi hökmünde ýurdumyza ilkinji gezek gelmeýär. Onuň Aşgabat bilen tanyşlygy geçen asyryň 70-nji ýyllarynda bolup geçdi. Ol bu ýerde bäş ýyl zähmet çekdi hem-de türkmen welosportuny ösdürmäge    mynasyp goşant goşdy. Ezber türgenleriň ençemesini ýetişdireni üçin  Albert Fýodorowiçe “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at dakyldy.  Ondan tälim alan türgenleriň hatarynda dünýäniň çempiony Wýaçeslaw Kuhtini, şeýle hem Wasiliý Kudrýaşowy, Wiktor Smirnowy we beýlekileri görkezmek bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy bilen welosport hem tutuşlygyna ähli sport hereketi bilen birlikde täzeden döredi. Kolybine ýene-de türkmen paýtagtynda işlemek barada teklip edilende ol özüniň aýtmagyna görä, birjik-de ikirjiňlemän razylygyny berdi. 

-Bu gezek Aşgabada gelenimde men öňküden hem has beter haýran galdym—diýip, Albert Fýodorowiç  aýdýar.—Ägirt uly özgerişlikler bolupdyr! Ol göýä täzeden gurlan ýaly. Esasanam Olimpiýa şäherjigi meni haýran galdyrdy. Ol örän uly hem-de şol bir wagtyň özünde diýseň ykjam gurlupdyr. Ýapyk welotrekde men eýýäm birnäçe türgenleşikleri geçirdim hem-de onuň artykmaçlyklaryna baha berdim. Ýoluň düşekçesi ähli böleklerde örän ajaýyp edilip ýazylypdyr. Muny şeýle ynamly aýdýanymyň sebäbi maňa şeýle sport desgalary bolan  60-dan gowrak ýurtlarda bolmak miýesser etdi, ýöne Aşgadatdaky ýaly ajaýyp sport desgasyna men henize bu güne çenli gabat gelip görmändim.

Habarlar #Welosport

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: