Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi10 Oktýabr, 2016 (11:06)

BölümResmi habarlar

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Halkara täzelikler ulgamy Aziada — 2017 we Aziýa ulag geçelgesini döretmekde Türkmenistanyň orny barada habar berýär

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşi, ýurdumyzyň yklym ähmiýetli täze ulag geçelgelerini döretmek baradaky işjeň başlangyçlary hem-de Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk çäreleri dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. 

Meşhur “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň täzelikler bölümine ýurdumyza bagyşlanan wideoşekiller girizildi. Aziada — 2017-ä taýýarlyk we Aşgabatda Aziýa sport žurnalistleriniň gününe bagyşlanan media forum hem-de öňde boljak ýaryşlary wagyz etmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan gepleşikde Aziýa sport metbugaty birleşiginiň prezidenti Mohammad Kasymyň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň gaýtalanmajak keşbi we ýokary derejesi barada aýdanlary beýan edilýär. Mongoliýanyň “ETV” teleýaýlymynyň ýerine ýetiriji direktory Gonzul Togtokbaýar türkmen paýtagtynyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli sport hereketini ösdürmäge we bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin sport metbugatynyň Aziýa birleşmesiniň ýokary derejeli altyn medalynyň gowşurylmagy baradaky maglumata gepleşikde aýratyn ähmiýet berilýär, bu ýokary tapawutlandyryş nyşany ilkinji gezek türkmen Liderine gowşuryldy. 

Şeýle hem teleýaýlymlarda özünde dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragyny jemleýän we umumy meýdany 157 gektara barabar bolan Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan giň möçberli işler barada söhbet açylýar. Bu ýerde geçiriljek Aziada — 2017-niň bäsleşiklerine dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan türgenleriň gatnaşjakdygy barada aýdylýar. Habarlarda häzirki wagtda synag ýaryşlary geçirilýän sport desgalaryna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem Aşgabadyň häzirki zaman täze howa menzili barada gürrüň berilýär, ol özüniň üýtgeşik binagärlik çözgüdi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

Aziada — 2017-ä taýýarlyk işleri baradaky maglumatlar Müsür Arap Respublikasynyň metbugat neşirlerinde, “Al-Jazire” teleýaýlymynda we Kataryň “Al-Kas” ýaýlymynda, Bahreýniň teleýaýlymynda giňişleýin berildi. Şri-Lankanyň, Nepalyň teleýaýlymlarynda yklym derejesinde geçiriljek iri ýaryşlara taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýörite wideogörnüşler taýýarlanyp berildi hem-de habarlar saýtlarynda we Pakistanyň gazetlerinde makalalar çap edildi. 

Paýtagtymyzda 2017-nji ýylda geçiriljek iri halkara ýaryşlary guramak boýunça alnyp barylýan işler barada sport metbugatynyň Aziýa birleşmesiniň ugurdaş serişdelerinde, “sportsworldpk.сom we isportdireсt.in.” ýaly daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen sport saýtlarynda maglumatlar berildi. 

“Euronews” teleýaýlymynyň ýene bir wideogörnüşi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynyň ösüşine, ýakynda Aşgabatda geçirilen ugurdaş media foruma bagyşlanypdyr. Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň wekilhanasynyň baştutany Dmitriý Çelsow Aşgabatda ýakyn wagtda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady. 

BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebiti boýunça ykdysadyýet we durmuş toparynyň wekilhanasynyň baştutany Tiziana Bonapace öz çykyşynda türkmen paýtagtynyň sebit hem-de ählumumy möçberde durnukly ösüş bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara gepleşikleri geçirmek babatda ygtybarly merkez hökmünde ykrar edilendigini belleýär. 

Şeýle-de wideoşekillerde Aşgabadyň ýylda 17 million ýolagça hyzmat etmäge ukyply täze Halkara howa menzili barada gürrüň berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Boing” kompaniýasynyň halkara söwda boýunça wise-prezidenti Martin Bentrot öz çykyşynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň okgunly ösýändigini aýdyp, onuň degişli düzüminiň ykdysadyýetiň we ilatyň bähbidine hyzmat etjekdigini nygtaýar. 

Noýabr aýynda transmilli Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň ulanylmaga beriljekdigi baradaky habar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. Bu giň möçberli taslama Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgeleriniň hil taýdan täze kartasynyň döremegine ýardam eder. 

“Praým” ykdysady habarlar agentligi Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň hem-de türkmen-owgan serhedinde nebit önümlerini saklaýan, kabul edýän we iberýän terminalyň ulanylmaga bermek meýilleşdirilýän senesiniň Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Aşgabatda şu ýylyň dekabrynda geçirjek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyna gabat gelýändigini belleýär. 

“RIA-Nowosti” habarlar agentligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Owganystan —Täjigistan demir ýolunyň Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň “altyn halkasyna”, onuň hem öz gezeginde Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag geçelgeleriniň möhüm halkara ulgamyna öwrüljekdigi barada aýdanlaryny mysal getirýär. Agentlik Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Türkmenistanyň çägindäki uzynlygy 85 kilometr bolan Atamyrat —Ymamnazar bölegini we serhetýaka ilatly ýerleriň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) hem-de Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) aralygyny özüne birleşdirýändigini aýdýar. Tutuşlygyna alnanda, Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolundaky gurluşyk-gurnama işlerini şu ýylyň noýabr aýynyň birinji ongünlüginde tamamlamak meýilleşdirilýär. 

Täjigistandaky “Sputnik” habarlar gullugynyň saýtynda “Atamyrat — Ymamnazar — Akina” böleginiň giň möçberli taslama bolan Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň has möhüm ugrudygy barada maglumat berilýär. 

“Trend” habarlar agentliginiň bellemegine görä, ulag geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň çäginden geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna çykar hem-de onuň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň çalt depginlerde ösýän döwletlerine barar. 

“Trend” agentligi ýene bir makalasyny Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen, köptaraply bolşy ýaly, ikitaraplaýyn görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmagynyň we ony köpugurly esasda ösdürmeginiň meselelerine bagyşlady. Energetika, söwda-ykdysady, ulag we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly geljegi uly ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň transmilli demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada Aşgabatda geçiren hökümet maslahatynda aýdylan maglumatlar Rostelekomyň “Sputnik” maglumat agregatorynda jemlenýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň, şol sanda ulag ulgamyndaky başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly maglumatlar “News Сentral Asia” maglumat portalynda jemlenip berildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde türkmen wekiliýetiniň alyp baran işi barada gürrüň berilýär.


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: