Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi30 Oktýabr, 2016 (17:43)

BölümSoňky habarlar

BelliklerTaekwondo

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ussat taekwondoçylaryň bäş medaly

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde WTF taekwondo görnüşi boýunça iri halkara ýaryş geçirildi. Oňa 12 ýurtdan — Hytaýdan, Hindistandan, Nepaldan, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Wýetnamdan, Omandan, Taýpeýden we beýlekilerden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy bäş medal — dört kümüş we bir bürünç medal gazanyp, ýokary netije görkezdi. 

Muhammet Rozyýew (59 kilograma çenli), Aleksandr Kuwarzin (63 kilograma çenli), Serdar Çaryýew (68 kilograma çenli) we Rzaguly Toýmyradow (73 kilograma çenli) özleriniň jemleýji tapgyra çykmagyna ýol açdylar. Aýlar Gurbanowa (53 kilograma çenli) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Habarlar #Taekwondo

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: