Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.

Senesi01 Noýabr, 2016 (11:10)

BölümSoňky habarlar

BelliklerKüşt

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Küşt boýunça dünýä çempionatynda altyn we kümüş medallar

Kadetleriň arasynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ýaş türkmen türgenleri iki medala — bir altyn we bir kümüş medala eýe boldular. Biziň toparymyzyň düzüminde Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň okuwçylary Şageldi Gurbandurdyýew (1-nji orun) we Läle Şöhradowa tapawutlandylar. 

Bu netije Türkmenistanyň ýygyndy toparyna umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, munuň özi, ýaryşa gatnaşan döwletleriň sanynyň köpdügini göz öňünde tutanyňda, örän oňat netijedir. Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda geçirilen dünýä çempionatyna 66 ýurtdan gadymy aň-paýhas oýny bilen meşgullanýan ýaşajyk küştçüleriň 750-ä golaýy gatnaşdy. Küştçüler 8, 10 we 12 ýaşa çenli üç topara bölündi. Bäsleşikler 11 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar usuly boýunça geçirildi. 

Şageldi Gurbandurdyýew 8 ýaşa çenli toparda birinji orna eýe boldy, bu toparda baýrakly orunlar üçin 50-ä golaý ýurtdan 138 küştçi bäsleşdi. Biziň ýaşajyk ildeşimiz sekiz döwde ynamly ýeňiş gazanyp, bir döwde deňme-deň we bir döwde utulmak bilen, mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk toplady. 

Läle Şöhradowa 10 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda kümüş medala eýe boldy. Bu toparda 46 ýurtdan ýaşajyk küştçüleriň 115-si çykyş etdi. Türkmenistanly küştçi gyz diňe ABŞ-nyň toparynda çykyş eden Wu Roşelden yza galyp, 8,5 utuk toplady. Ikinji orun ugrunda güýçli küştçüleriň ýene birnäçesi — russiýaly Margarita Zwerewa hem-de Hytaýdan Ýadjing Weý hem dalaşgärlik etdiler, olar Läle bilen deň — 8,5 utuk toplan bolsalar-da, biziň türgenimiz sport netijeliliginiň gatnaşygy boýunça tapawutlandy. 

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Rozymyrat Gurbandurdyýewiň işini aýratyn bellemelidiris, ol dünýä birinjiliginde medal almagy başaran küştçüleri ýetişdirmegi başardy.

Habarlar #Küşt

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: