Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.


Senesi05 Noýabr, 2016 (22:45)

BölümSoňky habarlar

BelliklerBasketbol

ÇeşmeTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

WideoTest ýaryşlar: 3x3 basketbol boýunça halkara ýaryşy (05.11.2016)

Türkmen paýtagtynda basketbol boýunça halkara ýaryşy badalga aldy

Şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda 3х3 görnüşde erkekleriň we zenanlaryň gatnaşmagynda basketbol boýunça halkara ýaryşy badalga aldy.  Bäsleşiklere jemi 16 topar—Türkmenistanda alty topar, şeýle hem Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary gatnaşýar. 

Oýunlar başlamazdan ozal köpsanly tomaşaçylar üçin özboluşly bäsleşik geçirildi, onuň ýeňijilerine ýaryşyň guramaçylary—Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, basketbol federasiýasynyň we beýlekileriň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra toparlaýyn tapgyryň deslapky ýaryşlary başlandy. 

“A” toparyna girýän Türkmenistan-1 we Aşgabat-2 toparlary ilkinji bolup meýdança çykdylar. Kada laýyklykda basketbolyň kiçi görnüşi boýunça bäsleşik 10 minutlap dowam edýär. Emma taraplaryň biri 21 utuk gazanan ýagdaýynda ýaryş möhletinden öň hem tapawutlanyp biler. Bu şeýle hem boldy: Türkmenistan-1, Aşgabat-2 toparyny 21:14 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy.  

Ýeňen toparyň düzüminde Maksim Otbozin tapawutlandy, toplanan ähli utuklaryň ýarysyndan gowragy onuň hasabyna ýazyldy. Şeýle hem bu türgen Türkiýäniň topary bilen geçirilen duşuşykda iki utuk getiren pökgini oklamagy başardy, netijede biziň ildeşlerimiz 21:9 hasabynda üstünlik gazandylar. Bu ýeňşiň netijesinde Türkmenistan-1 toparlaýyn ýaryşlaryň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda 6-njy noýabrda geçiriljek ýarym final ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. 

“A” toparynda çykyş edýän Türkiýäniň we Eýranyň erkekler toparlarynyň arasyndaky duşuşyk iň gyzykly oýunlaryň biri boldy. Duşuşykda uzak wagtlap türk basketbolçylary artykmaçlyga eýe bolup, utuklar boýunça özleri üçin amatly şertleri döretdiler. Emma bäsleşigiň tamamlanmagyna üç minut galanda eýranly türgenler hüjümi güýçlendirdiler. Netijede Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy topary 20:16 hasabynda ýeňiş gazandy. Iki gezek utulyşdan soň türk  basketbolçylary hem Aşgabat-2 topary ýaly bäsleşigi dowam etdirmek mümkinçiligini ýitirdiler. 

Şeýle hem “A” toparynda çykyş edýän Türkmenistanyň (ikinji belgide), Azerbaýjanyň zenanlar ýygyndy toparlary we “B” toparda çykyş edýän Özbegistanyň ýygyndysy möhletinden öň ýarym finala çykdylar.  Final tapgyrynda çykyş etjek beýleki toparlar 6-njy noýabrda mälim ediler. 

Oýunlaryň arakesmesinde tomaşaçylara şüweleň maksatnamasy hödürlenildi. Hususan-da, olaryň biri dürslük babatyndaky bäsleşikdir. Munuň üçin her topardan basketbolçylaryň birisi çagyrylýar. Olar üç utuk berilýän nokatdan pökgini halka mümkin boldugyça köp gezek geçirmelidirler. Zenanlaryň arasynda russiýaly Marina Şaligina on gezek oklap, sekiz pökgini halka geçirdi we iň oňat netije görkezdi. Erkekleriň arasynda Gyrgyzystandan Şakirjan Kurambaýew tapawutlandy (alty gezek dürs oklady). 

Şu gün şeýle hem halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy, onuň barşynda sahnada belli türkmen tans toparlary, aýdymçylar çykyş etdiler. Paýtagtymyzyň türgenleri görkezme maksatnamasyny hödürlediler. 

Öňde iň gyzykly duşuşyklaryň garaşýandygyny bellemek gerek.

Habarlar #Basketbol

Köpräk görkez


Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.

Haýsy sahypada: ...
Saýlanan ýazgy:

Bellik: